ÝARAMAZ ENDIKLERDEN GORANMAGYŇ ESASLARY

04.05.2023

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzda raýatlara edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň dünýä derejesine ýetirilmegini, ýaş nesilleriň milli ruhda terbiýelenmegini, saglyga zyýan ýetirýän ýaramaz endiklere garşy göreşilmegini, türkmenistanlylaryň beden we ruhy taýdan sagdynlygynyň gazanylmagyny döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde kesgitledi. Bu babatda 2022-nji ýylyň 25-nji fewralynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasy» we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy raýatlaryň saglygyny jemgyýetiň esasy gymmatlygy hökmünde sarpalamak däbi döwrebap derejede ösdürilýändiginiň nyşany bolup durýar.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 52-nji maddasynda her bir adamyň saglygyny gorap saklamak boýunça döwlet syýasatynyň beýan edilmeginiň uly ähmiýeti bardyr. Şeýle konstitusion kadalar «Raýatlaryň saglygynyň temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden goralmagy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda has giňişleýin düzgünleşdirilýär.

Jemi 30 maddadan ybarat bolan bu Kanunyň 1-nji maddasynyň 8-nji bölegine laýyklykda, temmäkä garşy göreş — temmäki önümleriniň dolanyşygyny, olaryň mahabatlandyrylmagyny we öňe sürülmegini, ulanylmagyny bes etmek ýa-da azaltmak, temmäki önümleriniň bikanun söwdasyna garşy hereket etmek maksady bilen kabul edilýän çäreler, şeýle hem raýatlaryň saglygyny goramaga gönükdirilen beýleki çäreler bolup durýar.

2022-nji ýylyň 20-nji noýabrynda bu Kanuna girizilen üýtgetmelere we goşmaçalara görä, 21 ýaşyna ýetmediklere temmäki önümleriniň satylmagy gadagan edildi. Senagat taýdan öndürilen beýleki temmäki we senagat temmäki çalşyryjylarynyň goşmaça tölegi 19,5%-den 24,4%-e çenli ýokarlandy.

şy ählumumy hereketiň ençeme ugurlary boýunça öňdebaryjy hökmünde çykyş edýär hem-de dünýäde temmäkiden azat çäkleri giňeltmek boýunça işlere mynasyp goşandyny goşmaga çalşyp, temmäkiniň ulanylmagyna garşy işleri işjeň alyp barýar. 2014-nji ýylyň 16-njy awgustynda Türkmenistanyň Mejlisiniň karary esasynda ýurdumyz Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Temmäkä garşy göreş boýunça Çarçuwaly Konwensiýasynyň 2012-nji ýylyň 12-nji noýabrynda kabul edilen Temmäki önümleriniň bikanun söwdasyny ýok etmek hakynda Teswirnamasyna goşuldy. Ýurdumyz Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň agzasy bolan döwründen bäri milli saglygy goraýyş ulgamyny halkara ölçeglerine laýyk getirmek, lukmançylykda halkara kadalary ulanmak, dürli keselleri bejermek we olaryň öňüni almak boýunça köp işleri amala aşyrýan döwlet hökmünde özüni tanatdy.

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» ilatymyzyň saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyrmak we ýurduň abadançylygyny ýokarlandyrmak, adamyň sagdyn ömrüniň dowamlylygyny artdyrmak, raýatlar üçin saglygy goramak babatda hemmetaraplaýyn deň mümkinçilikleri we şertleri üpjün etmek, kämil hem-de ýokary netijeli saglygy goraýyş ulgamyny döretmek, keselleriň öňüni almak we maýyplygy azaltmak işi saglygy goraýşyň baş maksady boljakdygy kesgitlenen. Umuman, bagtyýar sagdyn şahsyýetleriň berkarar jemgyýetde ýaşamagy üçin Türkmenistan döwletinde ähli şertler döredilen.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen döredilen bu şertler halkymyzyň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermeginiň, medeniýetiň ösmeginiň, ýaş nesliň ahlak taýdan kämil terbiýelenmeginiň maksatlaryna gulluk edýär.

Ýurdumyzda ynsan saglygynyň kanunçylyk ýörelgeleri esasynda ýokary derejede goralmagynyň gözbaşynda duran hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň jany sag, ömri uzak, işleri rowaç bolsun!

 

Orazmuhammet GAZAKOW, Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynyň prokurorynyň tälim alyjy kömekçisi.