BAGTYÝAR NESILLER ALADA BILEN GURŞALÝAR

07.05.2023

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlar syýasatyna uly üns berilmegi ýurdumyzyň geljegi bolan bagtyýar nesillerimiz üçin ähli şert-mümkinçilikleriň döredilmegi baradaky aladadan gözbaş alýar. Üstümizdäki ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilmegi hem bu aladanyň aýdyň nyşany bolup, bu çözgüt döwrümiziň sesine ses goşýan, Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan beýik işlerine goşant goşmakda yhlas-başarnyklaryny orta goýýan ýaşlaryň göwün guşuny ganatlandyrdy. Türkmen halkyna Täze ýyl Gutlagynda hormatly Prezidentimiz: «Garaşsyz Watanymyza buýsanjymyzy, nurana ertirlere ynamymyzy, aýdyň maksatlarymyzy belentde tutup, biz ýetip gelen 2023-nji ýyla «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýip at berdik. Bu bolsa Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlara bildirilen uly ynamdyr» diýip belledi. Elbetde, Arkadagly Serdarymyzyň belent ynamyny ödemek, şu mukaddes Watana, il-güne gerekli adamlar bolup ýetişmek, ýurdumyzyň has-da gülläp ösmegi ugrunda jan aýaman zähmet çekmek ýaşlaryň öňündäki mukaddes borçdur.

Ýurdumyzda ýaş nesliň hukuklarynyň berjaý edilişini düzgünleşdirýän döwrebap hukuk binýadynyň bardygyny hem aýtmak gerek. Muňa mysal edip, Türkmenistanyň Zähmet kodeksini, Maşgala kodeksini, Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksini, «Bilim hakynda», «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda», «Çaganyň hukuklarynyň döwlet kepillikleri hakynda», «Hossarlyk we howandarlyk hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryny görkezmek bolar. Bularyň ählisi Diýarymyzda ýaş nesilleriň ählitaraplaýyn goraglylygynyň üpjün edilýändiginiň, döwletimiz tarapyndan olar hakynda hemişe uly aladalaryň edilýändiginiň güwäsidir.

 

Dinmuhammet Amanlyýew, Gyzylarbat etrap prokuraturasynyň sülçüsi, 3-nji derejeli ýurist.