10.05.2023
Maşgala diňe bir hukuk gatnaşyklarynyň däl, eýsem, ilkinji nobatda, söýginiň, hormatyň we beýleki ahlak kadalarynyň binýadynda döredilýär. Türkmen maşgalasynda hereket edýän birek-birege hormat goýmak, ulyny sylamak, kiçini söýmek, ene-atanyň sözüni ýykmazlyk, gelniň ýaşynmagy, gyzyň uýat-haýaly bolmagy, maşgalabaşynyň erkek adam bolmagy ýaly kämil ýörelgeler «ýazylmadyk kanunlardan» emele gelýär.
Jemgyýetiň ahlak, ruhy, edep kämilligi maşgalanyň kämillik derejesine baglydyr. Jemgyýet maşgaladan başlanýar. Jemgyýeti sagdyn we arassa saklamak üçin maşgalany arassa saklamaly. Hatda jemgyýetiň dynçlygy, oňşuklylygy hem maşgaladan başlanýar. Ýurtsuz millet bolmaýar, öýsüz hem maşgala. Türkmen maşgalasy, adatça, uly, köp çagaly bolýar. Maşgala her näçe uly bolsa-da, bir gapydan girip-çykmak, bir saçakdan çörek iýmek gadymdan gelýän kadadyr. Alty-ýedi ogluny öýerip, on-ýigrimi agtygy bilen agzybirlikde ýaşaýan maşgalany görüp begenýärsiň.
«Edep» sözüniň bir manysy «tertip-düzgün» diýmekdir. Maşgala — anyk tertibiň, maşgala agzalarynyň özara gatnaşygynyň, anyk orunlaryň we borçlaryň özara sazlaşygynyň we bölünişiginiň ulgamydyr.
Nikanyň ýeke-täkligini saklamak, maşgala mukaddesligini, berkligini goramak biziň ýurdumyzyň maşgala
kanunçylygynyň esasy maksady bolup durýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 40-njy maddasynda: «Maşgala, enelik, atalyk we çagalyk döwletiň goragynda durýarlar. Nika ýaşyna ýeten erkek bilen aýalyň özara razylygy boýunça nikalaşmaga we maşgala gurmaga hukugy bardyr. Maşgala gatnaşyklarynda är-aýal deňhukuklydyrlar» diýlip kesgitlenilen. Bu düzgünler, elbetde, türkmen halkynyň maşgala mukaddesligini, zenana goýýan belent sarpasyny, milli ýörelgelerimizi we ýurdumyzyň maşgala kanunçylygynyň esaslaryny şöhlelendirýän kadalar bolup durýar.
Türkmenistanyň Maşgala kodeksiniň 4-nji maddasyna laýyklykda, maşgalany, eneligi, atalygy we çagalygy goramagyň döwlet kepillikleriniň bellenilmegi, maşgalanyň ykdysady taýdan özbaşdaklygynyň we onuň ähli agzalarynyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagy üçin şertleriň döredilmegi Türkmenistanyň maşgala kanunçylygynyň maksady bolup durýar.
Ýurdumyzda maşgala gatnaşyklaryny berkligi, bagtyýar maşgalalaryň sanynyň artmagy we abadançylygy ugrunda taýsyz tagallalary edýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag bolsun, tutumly işleri rowaçlyklara beslensin! Ýurdumyzyň her bir maşgala ojagy abat bolsun!
Serdar ANNAÝEW, Akdepe etrap prokurorynyň uly kömekçisi, 2-nji derejeli ýurist.