news-photo
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

13.05.2023

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy we döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa milli parlamentiň alyp barýan kanunçykaryjylyk işi barada maglumat berdi. 

Häzirki wagtda Türkmenistanyň hereket edýän kanunçylygy kämilleşdirilýär. Şeýle hem “Arkadag şäheri hakynda” Türkmenistanyň Kanunyndan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary milli kanunçylyga girizmek boýunça kanun taslamasy taýýarlanylýar. 

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde 20-nji aprelde geçirilen Halk Maslahatynyň mejlisiniň, şeýle hem Halk Maslahatynyň döredilmeginiň hem-de onuň işiniň taryhy-syýasy ähmiýetini ilat arasynda giňden wagyz etmek hem-de düşündirmek maksady bilen, welaýatlarda we paýtagtymyzda deputatlaryň gatnaşmagynda maslahatlar guraldy. 

Şeýle hem Tailand Patyşalygynyň we Gruziýanyň ýurdumyzdaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileri bilen geçirilen duşuşyklaryň netijeleri barada maglumat berildi. Ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmagyň çäklerinde BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky Hemişelik wekili bilen duşuşyk geçirildi. 

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasy bilen bilelikde şu ýylyň 16-njy maýynda Aşgabatda “ÝHHG-niň çäginde howpsuzlygy, durnuklylygy we dialogy berkitmekde bitarap döwletleriň orny” atly Merkezi Aziýa sebitleýin maslahatyna we şu ýylyň 17-nji maýynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli geçirilmegi meýilleşdirilen ylmy-amaly maslahatyna görülýän taýýarlyk barada hem habar berildi. 

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň milli kanunçylyk ulgamynyň mundan beýläk-de kämilleşdirilmeginiň möhüm ähmiýeti barada aýtdy, şeýle hem öňde boljak çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmeginiň zerurdygyny belledi. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow döwlet Baştutanymyzyň “Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin Döwlet býujetini düzmek hakynda” Kararynyň taslamasyny taýýarlamak boýunça tabşyrygyny ýerine ýetirmek maksady bilen geçirilen işler barada hasabat berdi. 

Bellenilişi ýaly, bu resminamada ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hem-de häkimlikleriň döwletimiziň baş maliýe meýilnamasyny düzmek üçin hasabatlary taýýarlamagynyň anyk möhletleri we tertibi kesgitlenendir. 

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň garamagyna degişli resminamanyň taslamasy hödürlenildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, pudaklaryň okgunly ösüşini üpjün etmek hem-de ähli ulgamlarda meýilnamalaýyn tabşyryklary ýerine ýetirmek üçin netijeli çäreleriň görülmeginiň zerurdygyny belledi. 

Hormatly Prezidentimiz hödürlenilen Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi we bu resminamanyň ýerine ýetirilişini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Begliýew gözegçilik edýän toplumynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. 

Bellenilişi ýaly, ýangyç-energetika toplumynyň önümçilik kärhanalarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça yzygiderli çäreler geçirilýär. 

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi. 

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, pudaklaýyn düzümleri yzygiderli döwrebaplaşdyrmagyň möhümdigine ünsi çekdi hem-de hödürlenen resminama gol çekip, ony sanly ulgam arkaly iberdi. 

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Begliýewi başga işe geçmegi sebäpli eýeleýän wezipesinden boşatdy. Döwlet Baştutanymyz bu wezipä B.Amanowy belläp, ony “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy wezipesinden boşatdy. Döwlet konserniniň başlygy wezipesine M.Babaýew bellenildi. 

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow degişli resminamalara gol çekip, wezipä täze bellenilen wise-premýer B.Amanowa söz berdi, ol özüne bildirilen ynam üçin hoşallyk bildirip, toplumyň öňünde durýan wezipeleri üstünlikli çözmek ugrunda ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. 

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatlaryň gowaça ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri geçirilýär, hususan-da, birinji hatarara bejergi we ýekelemek, otag etmek, ekinleri mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri alnyp barylýar. Şeýle hem bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek boýunça toplumlaýyn çäreler amala aşyrylýar. Bu işlerde oba hojalyk tehnikalaryndan we gurallaryndan netijeli peýdalanylýar. 

Şunuň bilen birlikde, galla oragynyň başlanmagyna çenli kabul ediş nokatlarynyň 152-sini doly taýýarlamak üçin degişli çäreler geçirilýär. Şu ýyl galla oragynda 2 müň 62 galla orujy kombaýnlary peýdalanmak meýilleşdirilýär. Häzirki wagtda göçme ussahanalar, beýleki zerur enjamlar hem-de awtoulaglar bilen üpjün edilen sazlaýyş-abatlaýyş toparlarynyň 417-si döredildi. 

Kabul ediş nokatlaryna, elewatorlara we ammarlara bugdaý hasylyny bökdençsiz daşamak üçin 10 müň 310 awtoulaglary herekete girizmek göz öňünde tutulýar. Olar gije-gündizleýin tertipde işlediler. Meýdan düşelgelerinde gallaçylaryň dynç almagy üçin ähli şertler göz öňünde tutulandyr.

Şeýle hem pile öndürmek boýunça meýilnamany üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda zerur çäreleriň görülýändigi barada habar berildi. 

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşyna we depginlerine ünsi çekdi hem-de bu işleriň agrotehniki möhletlerde we ýokary hilli geçirilmelidigi, şeýle hem galla oragy möwsümine talabalaýyk taýýarlyk görülmelidigi babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 

Şeýle hem wise-premýer mejlisiň dowamynda döwlet Baştutanymyzyň garamagyna “Türkmenistanda 2023-nji ýylyň galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça çäreler hakynda” Kararyň taslamasyny hödürledi. 

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimizde oba hojalyk pudagynyň ähmiýetini belledi hem-de möwsümleýin oba hojalyk işlerini talabalaýyk derejede gysga möhletlerde geçirmegi, şol sanda ýetişdirilen galla hasylyny ýitgisiz ýygnap almak üçin ähli tagallalary etmegi, wise-premýere bu meseleleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. 

Döwlet Baştutanymyz degişli Karara gol çekdi we ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi hem-de bu resminamanyň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini üpjün etmek barada görkezmeleri berdi. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow     paýtagtymyzyň şähergurluşyk-binagärlik keşbini mundan beýläk-de özgertmek, şäher ýaşaýjylary üçin has amatly durmuş we dynç alyş şertlerini döretmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň oýlanyşykly şähergurluşyk syýasaty netijesinde ak mermerli paýtagtymyz Aşgabat ýaşamak, işlemek hem-de medeniýetli dynç almak üçin iň amatly şäherleriň birine, ählumumy we halkara derejeli çäreleriň geçirilýän merkezine öwrülýär, muňa türkmen paýtagtyny ösdürmegiň dürli tapgyrlarynda gurlup ulanylmaga berlen ýüzlerçe binalardyr desgalar aýdyň şaýatlyk edýär. 

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ilatymyzyň ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün edilmeginiň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi. 

Soňra wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň şäherlerini, şol sanda özboluşly binagärlik çözgütlerini peýdalanmagyň mysaly hökmünde paýtagtymyz Aşgabady toplumlaýyn gurmak boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Hususan-da, täze döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny gurmagyň bellenilen tertipde ylalaşylan taslamasynyň meýilnamasy we çyzgysy taýýarlanyldy. 

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň baş şäheriniň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine aýratyn üns berilýändigini belledi hem-de bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli geçiriljek çäreler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, meýilleşdirilen çäreleriň çäklerinde 28-nji maýda Türkmen halysynyň milli muzeýinde önümçiligiň öňdebaryjylaryny sylaglamak dabarasy geçiriler. Milli halyçylyk sungatyny ösdürmekde we kämilleşdirmekde bitiren hyzmatlary üçin hem-de köp ýyllaryň dowamynda çeken zähmetini, hünär ussatlygyny nazara alyp, olara “Türkmenistanyň at gazanan halyçysy” diýen hormatly atlar dakylar. 

Paýtagtymyzda “Türkmeniň halysy – türkmeniň kalby” atly türkmen halyşynaslarynyň Bütindünýä jemgyýetiniň XXIII mejlisini, şeýle hem ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konsertini geçirmek meýilleşdirilýär. 

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bu täsin sungatyň müňýyllyklaryň dowamynda nesilden-nesle geçirip gelýän halkymyzyň milli buýsanjydygyny belledi hem-de meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi babatda wise-premýere birnäçe görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa her ýylyň 18-nji maýynda giňden bellenilýän Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli geçiriljek dabaralara görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. 

Şanly sene mynasybetli paýtagtymyzda hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda maslahatlary, sergileri, duşuşyklary we beýleki baýramçylyk çärelerini geçirmek göz öňünde tutulýar. Aşgabatda Konstitusiýa binasyna we Türkmenistanyň Baş baýdagyna gül goýmak dabarasy, sungat ussatlarynyň konserti geçiriler. 

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, täze taryhy eýýamda Esasy Kanunymyzyň we ýaşyl Tugumyzyň Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň, halkymyzyň agzybirliginiň hem-de jebisliginiň, onuň parahatçylyk we ynsanperwerlik taglymlaryna üýtgewsiz ygrarlydygynyň nyşany bolup durýandygyny nygtady. Bu mizemez ýörelgeler döredijilik ýoly bilen ynamly öňe barýan Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynda öz beýanyny tapýar.

Döwlet Baştutanymyz bu baýramyň jemgyýetimizi jebisleşdirmekde, ýaşlary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde uly ähmiýetini belläp, wise-premýere ähli meýilleşdirilen dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesinde üpjün edilmegini tabşyrdy. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow 2022–2023-nji okuw ýylynyň tamamlanmagy hem-de Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli çäreleri hem-de umumybilim berýän mekdepleriň uçurymlary üçin “Soňky jaň” dabaralaryny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. 

Baýramçylyk dabaralary däp boýunça paýtagtymyzdaky Garaşsyzlyk binasyna hem-de Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesindäki 27-nji orta mekdebinde oturdylan Berdimuhamet Annaýewiň ýadygärligine gül goýmak çäresi bilen başlanar. 

Şol gün ýurdumyzyň ähli orta mekdeplerinde “Ýurdumyz berkarar, gadamymyz batly – Arkadag Serdarly ýaşlarymyz bagtly!” atly şygar bilen baýramçylyk dabaralary guralar. 

Has tapawutlanan uçurymlara Türkmenistanyň Prezidentiniň, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň adyndan ýadygärlik sowgatlary gowşurylar. 

25-nji maýda agşam Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň öňündäki meýdançada medeniýet we sungat ussatlarynyň konsertini geçirmek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem dabaralar ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda geçiriler. 

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, meýilleşdirilen ähli dabaralaryň aýratyn ruhubelentlik hem-de şadyýanlyk ýagdaýynda, ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmeginiň möhümdigine ünsi çekdi hem-de wise-premýere, şeýle hem degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew şu ýylyň 3-4-nji maýynda Aşgabatda geçirilen “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – 2023” atly halkara maslahatynyň we sergisiniň jemleri barada hasabat berdi. 

Foruma dünýäniň 45 ýurdundan 800-den gowrak wekiliň gatnaşandygy, 100-e golaý duşuşygyň geçirilendigi hem-de ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn resminamalaryň 26-syna gol çekilendigi barada habar berildi. 

Iri halkara guramalarynyň, daşary ýurtlaryň döwlet düzümleriniň, ugurdaş ulgamyň iri kompaniýalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri bilen geçirilen duşuşyklaryň barşynda biziň ýurdumyzyň halkara ylalaşyklaryna goşulmagy, ulag-üstaşyr geçelgelerini ösdürmek, milli ulag ulgamyny netijeli peýdalanmak meselelerine aýratyn üns berildi. 

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Halkara maslahatynyň we sergisiniň ähmiýeti barada aýtmak bilen, onuň jemleriniň netijeli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna, köpugurly ulag-üstaşyr hem-de logistika düzümlerini döretmek boýunça möhüm ulag taslamalaryny durmuşa geçirmegiň netijeli gurallaryny işläp taýýarlamaga ýardam berjekdigini belledi hem-de agentligiň ýolbaşçysyna bu ugurdaky toplumlaýyn işleri dowam etmegi tabşyrdy. 

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň jemlerini jemläp, şu gün birnäçe möhüm meselelere garalandygyny, milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň ösdürilmegine gönükdirilen resminamalaryň kabul edilendigini belledi. 

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we Garaşsyz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.