BAGTYMYZYŇ EŞRETLI ÝOLY

13.05.2023

Dogrusy, sagdyn durmuşy esasy ýörelgämiz edinmek her birimiz üçin bagtyýarlygymyzyň eşretli ýolunda abadan ýaşaýşyň kepilidir. Jemgyýetimizde sagdyn durmuşyň berkararlygyny gazanmaga gönükdirilen degerli işler giň gerime eýe bolup, gowy netijeler gazanylýar. Neşekeşlige, arakhorluga, çilimkeşlikdir naskeşlige garşy göreş jemgyýetimiziň mäkämligini, agzy birligini üpjün etmekden, halkyň saglygyny goramakdan ybaratdyr.

Neşekeşligiň halkymyzyň durmuşyndan ýok bolup gitmeginde gazanylýan üstünlik zyýanly endikleri aradan aýyrmakda alnyp barylýan işler bilen utgaşdyrylýar. Bu meselede etrap prokuraturamyzyň işgärlerem netijeli işleri geçirip, şol çärelerde düşündiriş-öňüni alyş işleri uly ähmiýete eýedir. Sebäbi, şeýle tagallanyň maksady geljekde sagdyn durmuş ýörelgesiniň dabaralanmagyny üpjün etmek bilen baglydyr. Şonuň üçi-nem biz halk köpçüliginiň arasynda guraýan çärelerimizde neşekeşlige baş goşmagyň kanun öňündäki jenaýat jogapkärçiligini düşündirýäris.

 

Agadöwlet JUMAKULYÝEW, Tagtabazar etrap prokuraturasynyň uly sülçiisi, 2-nji derejeli ýurist.