ERKANA DURMUŞYŇ EŞRETI

18.03.2021

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz hereket edýän kanunlary kämilleşdirmek hem-de ýurdumyzyň çalt depgin bilen ösdürilmegine ýardam berjek täze kanunlary kabul etmek boýunça işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belleýär. Şeýle hem milli Liderimiz geljekde-de jemgyýetimizde demokratiýany ösdürmek, kanunçylygy we hukuk tertibini üpjün etmek, adam hukuklaryny hem-de azatlyklaryny goramak boýunça netijeli işleriň alnyp barylmalydygyny, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak, ykdysadyýeti, senagat pudaklaryny, ylmy, bilimi we medeniýeti ösdürmek bilen bagly meseleleriň çözülmelidigini aýratyn nygtaýar.

Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly kitabynda şeýle belleýär: «Eger-de milletiň erkana we özerkli ýaşaýşyny bürgüt hem laçyn guşlaryň öz dünýäsinde erkana parahat ýaýnaýşyna meňzetsek, olar şunda öz goşa ganatlaryna daýanýandyrlar. Şeýlelikde, çeper dil bilen aýtsam, Garaşsyzlyk hem Bitaraplyk türkmen döwletliliginiň goşa ganatydyr!». Diýmek, «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» bolan 2021-nji ýylda Watanymyzyň beýik Garaşsyzlygynyň bütin dünýä ýaň saljak 30 ýyllyk dabaralary, geçen ýyl halkara derejesinde giňden bellenilen baky Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk dabaralarynyň mynasyp dowamyna öwrülip, bu iki senäniň taryhy wakalary biri-biri bilen ajaýyp sazlaşyp, Ýer ýüzüne ýaýylar.

Milli Liderimiziň öňe sürýän başlangyçlary bolsa häzirki döwrüň iň bir wajyp meseleleriniň giň toparyny gurşap alýandygy bilen tapawutlanýar. Şonuň bilen birlikde, şol başlangyçlaryň döwrüň wajyp meselelerini çözmäge, dünýäde özara düşünişmek we ynanyşmak ýagdaýynyň ýola goýulmagyna we saklanylmagyna, umumy durnukly ösüşiň bähbidine netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine gönükdirilendigi bilen halkara jemgyýetçiliginiň arasynda uly gyzyklanma döredýär hem-de giň goldaw tapýar. Hut şu jähetden, 2019-njy ýylyň 12-nji sentýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynyň 106-njy mejlisinde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilmegi hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň hem-de hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de sebit we ählumumy derejede durnukly ösüşi pugtalandyrmak boýunça öňe sürýän syýasatynyň halkara derejesinde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri jemgyýetiň syýasy we hukuk medeniýetiniň hem ýokarlanmagynda möhüm wezipeleri öňde goýýar. Hormatly Prezidentimiz bu wajyp wezipäni üns merkezinden düşürmän gelýär. Örän gysga döwrüň içinde Watanymyzda amala aşyrylan syýasy hem hukuk özgertmeleri öz oňyn netijelerini berýär. Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän özgertmeler halkyň erk-islegine, jemgyýetiň azat-erkin, sagdyn ösüşi bilen bagly derwaýys talaplara laýyk amala aşyrylýar. Bu hakykat Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen aýdyň ýörelgesinde öz beýanyny tapýar. Ýurdumyz şu beýik taglymata hemişe ygrarly bolmagynda galýar. Bu ýörelge jemgyýetiň we döwletiň iň gymmatly hazynasynyň adamdygy aýratyn nygtalýan ýurdumyzyň Esasy Kanunynda — Türkmenistanyň Konstitusiýasynda doly kepillendirilýär.

Täze taryhy eýýamda döwlet bilen halkyň, jemgyýet bilen şahsyýetiň arasyndaky jebisligi, agzybirligi berkitmegiň, raýatlarymyzyň kanuny hukuklaryny we azatlyklaryny goramagyň, eziz diýarymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine mynasyp goşant goşmagyň hukuk goraýjy edaralaryň mukaddes borjudygyny biz hiç haçan ýatdan çykarmaýarys. Bagtyýarlyk zamanamyzda iri jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde, hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň il-ýurt bähbitli döwlet syýasatyny, milli kanunçylygymyzy raýatlarymyza giňişleýin düşündirmekden, şeýle hem öňde goýýan wezipelerinden ugur alyp, ilat arasynda jemgyýetçilik-syýasy çärelerini yzygiderli geçirýäris. Bu bolsa dünýewi, demokratik, hukuk döwletimizde ýaýbaňlandyrylan ägirt uly özgertmeler maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmeginde, Watanymyzyň mundan beýläk-de belent sepgitleri eýelemeginde örän ähmiýetlidir. Biz geljekde hem hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri bolup, hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň parasatly we öňdengörüjilikli beýik başlangyçlaryny wagyz-nesihat etmekde, milli kanunçylyk we hukuk binýadyny berkitmekde gujur-gaýratymyzy, ähli ukyp-başarnygymyzy gaýgyrmarys. Goý, bagtyýarlyk döwründe berkarar Watanymyzy barha ösdürýän hormatly Prezidentimiziň ömri uzak, döwletli tutumlary mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

 

Perhat ATANEPESOW, Düzediş edaralarynda kanunlaryň berjaý edilişine gözegçilik boýunça Ahal prokurorynyň kömekçisi, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi.