BELENT MAKSATLAR — BAKY ROWAÇLYGA BADALGA

19.05.2023

Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň paýhasly ýolbaşçylygynda döwletimiziň we jemgyýetimiziň sazlaşykly ösüşini gazanmak, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmak boýunça tutumly işler durmuşa geçirilýär. Munuň özi eziz Diýarymyzyň ykdysady taýdan ösýändiginiň, syýasy taýdan at-abraýynyň belende göterilýändiginiň subutnamasy bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, asylly başlangyçlaryň, halk bähbidine gönükdirilen iri möçberli taslamalaryň, durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny anyk kesgitleýän milli we döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegi esasynda ýurdumyzyň daşary we içeri syýasaty gün-günden belent ösüşleri nazarlaýar. Döwlet Baştutanymyzyň aýdyşy ýaly, «Häzirki döwürde alnyp barylýan işler ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmeginde, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň berkidilmeginde ähmiýetlidir».

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri ýurdumyzyň ösüşleriň täze basgançaklaryna çykýan, halkara abraý-mertebesiniň belende galýan zamanasydyr. Muňa häzirki döwürde gazanylýan beýik ösüşleriň, ýetilýän belent sepgitleriň mysalynda has-da aýdyň göz ýetirmek bolýar. Demokratik, hukuk we dünýewi döwletimizde ähli işler bagtyýar raýatlaryň bähbidini nazarlaýar. Ýurdumyzyň Konstitusiýasynda: «Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr» diýlip bellenip geçilmegi adam hakyndaky aladanyň döwlet syýasatynda ileri tutulýandygyny, «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgeleriň rowaçlanýandygyny görkezýär.

Täze taryhy döwürde ata Watanymyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmek ugrunda tutumly işleri amala aşyrýan hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!

 

Isgender AMANGELDIÝEW, Balkanabat şäher prokurorynyň uly kömekçisi, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi.