HALALLYKDA HAÝYR BAR

22.05.2023

Durmuşymyzyň ähli ugurlarynda gazanylýan ägirt uly ösüşler dünýä derejesinde ykrar edilen kämil hukuk binýadyna esaslanýar. Munuň özi kanunçylyk ulgamyny hemmetaraplaýyn ösdürmek, döwletimiziň demokratik, hukuk esaslaryny has-da pugtalandyrmak üçin oňaýly mümkinçilikleri döredýär.

bozulmagynyň islendik synanyşyklarynyň öňüni almak kanun esasynda kepillendirilendir. Bu babatda «Korrupsiýa garşy hereket etmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny hem uly ähmiýete eýedir. Bu Kanun korrupsiýa garşy hereket etmegiň esasy ýörelgelerini, korrupsiýa garşy göreşiň, korrupsiýa bilen bagly hukuk bozulmalaryna ýardam eden sebäpleri we şertleri aradan aýyrmagyň we olaryň netijelerini ýok etmegiň hukuk hem guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär. Wagyz-nesihat hem-de düşündiriş işlerini yzygiderli geçirmek arkaly Kanunyň many- -mazmunyny, ondan gelip çykýan wezipeleri raýatlara giňden düşündirmek hukuk goraýjy edaralaryň işiniň esasy bölegini düzýär. Kanunyň ähmiýeti, korrupsiýa garşy göreşiň maksatlary we ugurlary, korrupsiýa garşy hereket etmegiň hukuk esaslary, şeýle-de korrupsiýa bilen bagly hukuk bozulmalar, döwlet edaralarynyň gözegçilik wezipeleri, korrupsiýa garşy hereket etmek, onuň öňüni almak bilen bagly esasy düşünjeleri her bir raýatyň aňyna ýetirmek şol işleriň esasy maksady bolup durýar.

Halkymyzyň «Halallykda haýyr bar» diýen dana sözi bar. Bu pähim asly halal halkymyzyň mizemez durmuş ýörelgesidir. Arkadagly Serdarymyz bagtyýar raýatlarymyzyň abadan durmuşda eşretli ýaşamagy ugrunda ýadawsyz alada edýär, kanunlaryň rüstemligini üpjün etmek boýunça degişli işleriň amala aşyrylmagyna ähli şertleri döredip berýär. Goý, hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, alyp barýan il-ýurt ähmiýetli işleri hemişe rowaç bolsun!

 

Babahan BATYROW, welaýat prokuraturasynyň baş derňew bölüminiň prokurory, 2-nji derejeli ýurist.