TELEKEÇILIK IŞINIŇ KONSTITUSION HUKUK KEPILLIKLERI

25.05.2023

Ata Watanymyz ykdysady taýdan ösen döwletleriň hatarynda tanalýar. Ykdysadyýetiň durnukly ösüşini gazanmaklyga gönükdirilen hukuk esasyny has-da kämilleşdirmek bolsa, döwrüň derwaýys meseleleriniň biri bolup durýar.

Esasy Kanunymyzyň 47-nji maddasynda bellenilişi ýaly, her bir adamyň telekeçilik we kanunda gadagan edilmedik gaýry ykdysady işi üçin öz ukyplaryny we emlägini erkin peýdalanmaga hukugy bardyr. Şundan ugur alnyp we konstitusion ýörelgelere laýyklykda kabul edilen «Türkmenistanda maýa goýum işi hakynda», «Karz edaralary we bank işi hakynda», «Daşary ykdysady iş hakynda», «Gymmatly kagyzlar bazary hakynda», «Eýeçilik hakynda», «Erkin ykdysady zolaklar hakynda», «Kärende hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary telekeçilik işiniň çygrynda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýän möhüm hukuk binýady bolup çykyş edýärler. Telekeçilige goldaw bermek babatynda alnyp barylýan işler hem döwlet syýasatynyň esasy ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Telekeçiligiň ösdürilmegi ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň has-da berkemegine, ilatyň iş bilen üpjünçiligine, girdejisiniň artmagyna, bäsdeşlige ukyply, ýokary hilli döwrebap harytlaryň ýurdumyzyň çäginde öndürilmegine we daşarky bazara çykarylmagyna, harytlaryň görnüşleriniň we hiliniň artmagyna giň mümkinçilikleri döredýär.

Goý, eziz Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda, telekeçiligi ösdürmekde taýsyz tagal lalary edýän Ar kadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli işleri elmydama rowaç bolsun!

 

Ogulbibi MÄMMETGURBANOWA, Balkan welaýatynyň Balkanabat şäher prokurorynyň tälim alyjy kömekçisi.