24.03.2021
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyz uly ösüşlere eýe bolýar.
Beýleki pudaklar bilen bir hatarda, oba hojalyk ulgamynda alnyp barylýan işler hem Watanymyzy ösdürmekde möhüm ähmiýete eýedir. Oba hojalyk önümlerini öndüriji zähmetkeşlere döwletimiz tarapyndan hemmetaraplaýyn ýeňillikleriň berilmegi bu pudagyň ösdürilmeginiň aýdyň görkezijisidir.
Ýurdumyzda paýdarlar jemgyýetlerine, daýhan hojalyklaryna, önüm öndürijilere oba hojalyk ekinlerini ekmek üçin oba hojalyk maksatly ýörite ýer gaznasyndan ýer böleklerini bölüp bermegiň hem-de ondan peýdalanmagyň düzgünleri hereket edýän degişli kanunlara hem-de kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda kadalaşdyrylýar.
Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän milli Liderimiziň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli işleri rowaç bolsun.
Berdinazar HUDAÝNAZAROW, Ruhubelent etrap prokuraturasynyň tälim alyjy sülçüsi: