PAÝTAGTYMYZ – AK BAGTYMYZ

06.07.2023

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň amala aşyrýan beýik işleriniň netijesinde ak mermerli paýtagtymyz Aşgabat gün-günden gözelleşýär. Çeperçilik gözelliginiň özboluşlylygy, binagärlik sungatynyň milli öwüşginliligi, tämizligi hem täsinligi bilen görenleri özüne bendi edýän paýtagtymyz ertekilerdäki şäherlerden hem zyýada keşbe eýe bolup.ynamly hem bagtly gadamlar bilen öňe barýar. Şol gözellikleriň hatarynda paýtagtymyzyň merkezinde ýerleşýän «Ak şäherim Aşgabat» seýilgähi aýratyn orun eýeleýär. Seýilgähiň merkezindäki «Ak şäherim Aşgabat» atly ýadygärlik monumentiniň iň ýokarky böleginde ýerleşen zeýtun pudagy özüniň altyn öwüşgini bilen Aşgabadyň baky Bitarap Türkmenistanyň paýtagtydygyny hem-de sebitde ylalaşdyryjy merkezdigini alamatlandyrýar. Ak bagtymyz hasaplanýan paýtagtymyzda şeýle ýadygärlik toplumlarynyň, seýilgähleriň, döwrebap bina desgalaryň, köşkleriň başga-da ençemesi töweregine gözellik paýlap, görenleri haýran galdyrýar. Ýeri gelende, paýtagtymyzyň köp desgalarynyň halkara derejeli abraýly binagärlik bäsleşikleriniň baýraklaryna mynasyp bolandygyny bellemek ýakymly. Baş şäherimiziň täsin desgalarynyň ençemesi Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi. Olaryň hatarynda beýikligi 133 metre barabar bolan Baýdak sütüni, Oguzhan suw çüwdürimler toplumy, äpet sekiz burçluk görnüşindäki «Türkmenistan» teleradio ýaýlymlar merkezi, «Älem» medeni-dynç alyş merkezi, Aşgabadyň Halkara howa menzili, «Aşgabat» Olimpiýa stadionynyň münberini bezeýän dünýäde atyň iň uly binagärlik nyşany hökmünde ykrar edilen bedewiň çeper keşbi bar.

Bu günki gün paýtagtymyz sebit we dünýä möçberinde parahatçylyk dörediji merkez hökmünde Ýer ýüzünde ykrar edildi, halkara hyzmatdaşlygyň iri merkezine öwrüldi we döwrebap, sazlaşykly ösýän şäheriň derejesine eýe boldy. Aşgabadyň «Seýilgähler şäheri» diýlip atlandyrylmagy hem ýöne ýerden däldir. Paýtagtyň ilaty üçin amatly ekologiýa gurşawynyň döredilmegine Aşgabady ösdürmegiň esasy şerti hökmünde aýratyn ähmiýet berilýär.Ondaky onlarça seýilgähler, müňlerçe düýp agaç nahallary we ajaýyp güller ak şäherimiziň görküni artdyrmak bilen bir hatarda, halkymyzyň bagtyýar durmuşyna özboluşly öwüşgin çaýýar. BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň «Şäherlerdäki baglar» atly başlangyjyna bag ekmek çäreleri arkaly goldawy we oňa goşan goşandy üçin Aşgabat şäherine halkara güwänamanyň berilmegi bu babatda alnyp barylýan işleriň tutuş dünýäde uly goldaw tapýandygyny aýdyň görkezýär.

Bedew bady bilen öňe barýan Garaşsyz Watanymyz öz ösüş-özgerişleriniň nusgalyk gözbaşyny ak paýtagtymyzdan alýar. Şonuň üçin merjen şäherimizi has-da ösdürmek, gözelleşdirmek ugrunda alnyp barylýan işler barha giň gerime eýe bolýar.

Dillerimize sena, köňüllerimize keşde bolan ak şäherimizi öňküdende gözelleşdirmekde, tutuş ýurdumyzy ähli babatda ýokary derejelere galdyrmakda, şeýle-de yklymlaryň abadançylygyny, milletleriň dost-doganlygyny gazanmakda uly işleri bitirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, abraý-mertebeleriniň mundan beýläkde belent bolmagyny arzuw edýäris.

Serdar Annaýew, Akdepe etrap prokurorynyň uly kömekçisi, 2-nji derejeli ýurist.