DÖWLETLI IŞLER — HALKYŇ BÄHBIDINE

15.07.2023

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan taryhy işler halkymyzyň arzuw-islegleriniň durmuşa geçirilmeginiň aýdyň nyşanyna öwrülýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda şu ýylyň 20-nji aprelinde geçirilen Halk Maslahatynyň mejlisi demokratik, hukuk döwletimizi ösdürmegiň, raýat jemgyýetiniň esaslaryny pugtalandyrmagyň häzirki tapgyrynda iňňän möhüm ähmiýete eýe boldy. Mejlisde döwleti dolandyrmakda, demokratik we adalatly jemgyýeti gurmakda toplanan köpasyrlyk milli tejribämizi döwrebaplaşdyrmak, ýurduň geljekki ykbalyna dahylly möhüm wezipeler, uzak möhletli döwür üçin täze strategik maksatlar Halk Maslahatynyň täze düzümi bilen ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýurdumyzda gazanylýan her bir ösüşiň milli kanunçylygyň kämilleşdirilmeginiň esasynda amala aşyrylýandygy, Esasy Kanunymyzy birnäçe gezek kämilleşdirip, döwlet, häkimiýet edaralarynyň kämil ulgamynyň emele getirilendigi bellenildi. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň durmuşynyň ähli ugurlarynda gazanylan üstünlikler barada giňişleýin gürrüň edilip, taryhy işleriň esasy maksadynyň agzybirligi we jebisligi pugtalandyrmaga, azyk bolçulygyny döretmäge, durmuş syýasatyny kämilleşdirmäge, ähli ulgamlary ösdürmäge, şeýle hem özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilendigi nygtaldy. Halk Maslahatynyň we onuň düzümine girýän deputatlaryň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň, döwlet häkimiýetiniň beýleki edaralarynyň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň öňünde durýan maksatlardyr wezipeler barada birin-birin durlup geçildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Halk Maslahatynyň mejlisinde ýerine ýetiriji häkimiýeti özgertmek, döwlet dolandyryş ulgamynyň işiniň netijeliligini artdyrmak barada aýdanlary örän möhüm ähmiýete eýedir. Ýerli halk maslahatlarynyň hukuk ýagdaýyny, işiniň anyk ugurlaryny ýene-de bir gezek seljermek, olaryň gözegçilik ygtyýarlyklaryny giňeltmek we başga-da birnäçe wezipeler anyk tabşyryklaryň hatarynda kesgitlendi. «Bu işler halkymyzyň, her bir raýatymyzyň bähbitlerine we geljegine diňe oňaýly şertleri döreder» diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy.

Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde beýan edilen wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi döwletiň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyny has-da kämilleşdirmekde, wekilçilikli edaralar ulgamyny işjeňleşdirmekde aýratyn orun alar. Milli Liderimiziň giňişleýin çykyşynda öňe süren pikir-garaýyşlary biziň hemmämiziň döwrüň talabyndan ugur alyp, has-da netijeli işlemegimiz üçin ýol görkeziji çelgidir.

 

Şalarhan Öwezow, Aşgabat şäheriniň

Köpetdag etrap prokurorynyň kömekçisi.