WATANA GULLUK — ÖMRÜMIZIŇ MANYSY

31.03.2021

Hormatly Belent Serkerdebaşymyz Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlislerinde döwletimiziň harby gullukçylary barada hemişe alada etjekdigini yzygiderli nygtaýar. Şonuň bilen birlikde, ýurdumyzyň özygtyýarlylygyny, döwlet Garaşsyzlygyny, çäk bitewüligini, serhetleriň eldegrilmesizligini, parahatçylygy we asudalygy, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň konstitusion gurluşyny goramak, kanunylygy we hukuk tertibini üpjün etmek ýaly belent hem-de jogapkärli wezipeler üstüne ýüklenilen harby we hukuk goraýjy edaralaryň harby gullukçylaryndan we işgärlerinden ýokary hünär ussatlygyny, belent adamkärçilik we watansöýüjilik ýaly asylly sypatlary talap edýär.

Wezipe borçlaryňy ýokary hünär derejesinde ýerine ýetirmek bilen birlikde şahsyýet hökmünde öz üstüňde yzygiderli işlemek, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermek, döredijilik başarnyklaryňy ösdürmek, jemgyýetiň bähbitlerine düýpli degip geçýän mesele bolan ekologiýa howpsuzlygyny gazanmak ugrunda edilýän işlere mynasyp goşant goşmak, özüňde we daş-töweregiňdäkilerde zähmete söýgini terbiýelemek ýaly ýokary derejeli durmuş endikleri milli Liderimiziň ýurdumyzyň her bir raýaty üçin nusga alarlyk şahsy göreldesidir. Bilşimiz ýaly, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň beren tabşyryklaryna laýyklykda, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň hojalyk düzümlerinde ýörite bölünip berlen ýerlerde dürli oba hojalyk ekinlerini, miweli bag nahallaryny ösdürip ýetişdirmek, ozal bar bolanlaryna ýokary derejede ideg işleri alnyp barylýar. Hormatly
         Prezidentimiz 18-nji martda agzalan kömekçi hojalyklaryň ýagdaýy bilen tanyşlygynyň barşynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şahsy düzümleriniň topraga bolan yhlasyny, söýgüsini artdyrmak meseleleriniň wajypdygyna ünsi çekip, bu işleriň degişli derejede kämilleşdirilmelidigini hemmetaraplaýyn we örän jogapkärli çemeleşilmelidigini belledi.

Watana söýgi diňe bir gulluk borçlaryňy berjaý etmegi däl, jemgyýetçilik ähmiýetli zähmete tutanýerli çemeleşmegi hem öz içine alýar. Her ýylda
hormatly Prezidentimiziň döwletli kararlaryna laýyklykda bag nahallary ekilýär. Şonuň netijesinde hem milli Liderimiziň belleýşi ýaly, biziň ýurdumyz bagy-bossanlygyň, gür bagly seýilgähleriň hem-de gök tokaýlaryň mekanyna öwrülýär. Munuň özi, adam ömrüniň dowamlylygynyň artmagyny üpjün edýär.

Ösüşlere beslenýän döwrümizde ýurdumyzyň prokuratura edaralarynda işgärleriň hünär ussatlygyny ýokarlandyrmak we olarda asylly ahlak sypatlaryny, zähmete söýgini ösdürmek ugrunda giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. «Döwlet gullukçysynyň etikasy we gulluk özüni alyp barşy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň talaplarynyň her bir prokuratura işgäri tarapyndan gyşarnyksyz ýerine ýetirilmegi aýratyn üns merkezinde saklanylýar. Agzalan Kanunyň talaplaryny berjaý etmek we onuň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek boýunça prokuratura edaralarynyň wezipeleri hakynda şeýle-de, Türkmenistanyň prokuratura edaralarynda terbiýeçilik işiniň Maksatnamasyny tassyklamak hakynda Türkmenistanyň Baş prokurorynyň degişli buýruklarynyň hereket etmegi işleriň netijeliligini üpjün edýär.

Ýakynda Türkmenistanyň Baş prokuraturasynda welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň prokuratura edaralarynyň işgärleriniň gatnaşmaklarynda onlaýn görnüşinde okuw-terbiýeçilik häsiýetli maslahat geçirildi. Maslahatda prokuratura edaralarynyň işgärleri tarapyndan «Döwlet gullukçysynyň etikasy we gulluk özüni alyp barşy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň, Türkmenistanyň Baş prokurorynyň buýrugy bilen tassyklanylan Türkmenistanyň prokuratura edaralarynda terbiýeçilik işiniň Maksatnamasynyň talaplarynyň ýokary derejede berjaý edilmelidigi, raýatlaryň ýüztutmalaryna garalanda we olar kabul edilende jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygynyň adamdygy, onuň hukuklarynyň we azatlyklarynyň bolsa tebigydygy hem mizemezdigi, her bir raýatyň şahsy eldegrilmesizligi baradaky ýörelgelere pugta eýerilmelidigi, raýatlara hormat bilen garalmalydygy barada täsirli çykyşlar edildi. Şeýle-de, prokuratura edaralary tarapyndan geçirilýän wagyz-nesihat çäreleriniň täsirliligini we netijeliligini gazanmak boýunça öňde durýan wezipeler barada giňişleýin durlup geçildi.

Okuw maslahatynda wagyz-nesihat çärelerinde adamyň we raýatyň hukuklarynyň hem azatlyklarynyň kepillendirilmegi, üpjün edilmegi we olaryň hukuk hem durmuş taýdan goraglylygy ýaly häzirki zaman düşünjelerinde hukuk döwletiniň esasy alamatlarynyň ýurdumyzda döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugra öwrülendigini nazarda tutup, kabul edilýän kanunlaryň raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny goramaga gönükdirilendigini düşündirmegiň raýatlaryň hukuk sowatlylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen geçirilýän wagyz-nesihat çäreleriniň özenini düzmelidigi barada aýdyldy.

Şu nukdaýnazardan wagyz-nesihat çärelerinde kanunçylygy düşündirmeklige aýratyn üns bermek prokuratura edaralarynyň işgärleriniň esasy borçlarynyň biridir. Çünki raýat kanuny bilip, kanunyň talaplaryna düşünen ýagdaýynda kanuna hormat goýýar. Haýsy hereketleriň hukuk bozulma getirýändigini, haýsy kanun bozulmalar üçin nähili jogapkärçiligiň göz öňünde tutulandygyny bilen ýagdaýynda, şol hereketlerden daşda durmaga çalyşýar. Şeýle raýatyň hukuk terbiýesi, hukuk medeniýeti, hukuk düşünjesi artýar, kanunyň talabyny bozýan islendik hereketden, esassyz arza-şikaýat bilen ýüz tutmakdan saklanýar. Kanuny bilmezlik kanun bozulmalaryň amala aşyrylmagynyň esasy sebäpleriniň biridir. Raýat hukuklaryny we borçlaryny bilmedik ýagdaýynda bilkastlaýyn bolmasa-da, başga biriniň hukugyny bozup bilýär ýa-da öz hukugynyň bozulmagyna ýol berýär. Kanuna nädogry düşünilende hem şeýle ýagdaýlar gabat gelýär. Kanuny bilýän we oňa dogry düşünýän raýat öz hukugynyň bozulmagyna ýol bermeýär. Şeýlelik-de, ol hem öz hukugyny goraýar, hem başga şahs tarapyndan kanunyň bozulmagynyň öňüni alýar. Kanuna biparh garamak, hormat goýmazlyk raýatyň hukuk medeniýetiniň derejesi bilen kesgitlenilýär. Raýat kanun bozulma üçin bellenilen jogapkärçilikden çekinip däl-de, ýaşaýan ýurdunyň kanunçylygyna hormat goýup, raýatlyk borjuny duýup, kanunyň talaplaryny berjaý edeninde, hukuk terbiýeli raýat bolýar. Ýurdumyzyň her bir raýatynyň hukuk düşünjeli, hukuk medeniýetli raýat bolmagyny gazanmak jemgyýetmizde kanunçylygy we hukuk tertibini pugtalandyrmagyň esasydygy baradaky çykyşlar geçirilen okuw maslahatynyň özenini düzdi.

Ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli berkidip, işgärleriniň hal-ýagdaýynyň ýokarlandyrylmagy, oňat dynç almaklary, yhlasly zähmet çekip, Watana halal gulluk edip, uly üstünlikleri gazanmaklary ugrunda taýsyz tagallalary edýän hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň jany sag, ömri uzak, belent başy aman, tutumly işleri rowaç bolsun.

 

Nurjemal BAÝRAMOWA, Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň Baş müdirliginiň hukuk üpjünçiligi bölüminiň müdiriniň wezipesini ýerine ýetiriji, 2-nji derejeli ýurist.