Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady

14.08.2026

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardarä we Premýer-ministri Mian Muhammad Şahbaz Şarife hem-de ýurduň halkyna Pakistan Yslam Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. “Bu şanly baýram halkyňyzyň jebisliginiň, agzybirliginiň aýdyň beýany bolup, şol bir wagtyň özünde, halkyň geljegini özbaşdak kesgitlemäge bolan ymtylyşynyň nyşanydyr” diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň we Pakistan Yslam Respublikasynyň köp ýyllaryň dowamynda özara hormat goýmak, deňhukuklylyk, parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlygy alyp barýandygyny, bar bolan giň mümkinçilikleri göz öňünde tutup, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegini goldaýandygyny nygtady.

Giňişleýin
«Hazar deňziniň ekoulgamyny goramak: sebit hyzmatdaşlygy we durnukly ösüş» atly ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara

12.08.2026

Sizi Hazar deňziniň güni hem-de «Hazar deňziniň ekoulgamyny goramak: sebit hyzmatdaşlygy we durnukly ösüş» atly ylmy-amaly maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly konwensiýanyň güýje girizilmegi bilen, ýurdumyzda her ýylyň 12-nji awgustynda Hazar deňziniň güni giňden bellenilýär.

Giňişleýin
Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministrini gutlady

12.08.2026

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Nikol Paşinýana Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri wezipesine gaýtadan bellenilmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Giňişleýin
Gahryman Arkadagymyz Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy

10.08.2026

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz Mary welaýatyna ugramak üçin Halk Maslahatynyň Diwanyndan paýtagtymyzyň Halkara howa menziline geldi. Bu ýerde Milli Liderimizi ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.

Giňişleýin
Sagdyn durmuş ýörelgelerini ilerletmek — döwlet syýasatynyň möhüm ugry

07.08.2026

Şu gün zähmet rugsadynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ir säher bilen Hazaryň kenarynda welosipedli ýörişi amala aşyrdy. Munuň özi jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmek bilen baglanyşykly meseleleriň döwletimiziň hemişelik üns merkezinde saklanýandygynyň nobatdaky beýanyna öwrüldi.

Giňişleýin
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti Şweý­sa­ri­ýa Kon­fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň wi­se-prezidenti, Da­şa­ry iş­ler fe­de­ral de­par­ta­men­ti­niň baş­ly­gy­ny ka­bul et­di

05.08.2026

Şu gün hor­mat­ly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýew­ro­pa­da Howp­suz­lyk we Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­na baş­lyk­lyk ed­ýän Şweý­sa­ri­ýa Kon­fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň wi­se-prezidenti, Da­şa­ry iş­ler fe­de­ral de­par­ta­men­ti­niň baş­ly­gy In­ýa­sio Kas­si­si ka­bul et­di. Şweý­sa­ri­ýa Kon­fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň wi­se-prezidenti, da­şa­ry sy­ýa­sat eda­ra­sy­nyň ýol­baş­çy­sy bil­di­ri­len myh­man­sö­ýer­lik üçin döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za tüýs ýü­rek­den ho­şal­ly­gy­ny be­ýan edip, ÝHHG-niň dün­ýä­de pa­ra­hat­çy­ly­gy we dur­nuk­ly ösü­şi üp­jün et­mä­ge gö­nük­di­ri­len sy­ýa­sa­ty dur­mu­şa ge­çir­ýän Türk­me­nis­tan bi­len ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ry pug­ta­lan­dyr­ma­ga uly gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän­di­gi­ni aýt­dy hem-de ýur­du­my­zyň hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­mek bo­ýun­ça baş­lan­gyç­la­ry­na ýo­ka­ry ba­ha ber­di.

Giňişleýin
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

01.08.2026

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň geçen ýedi aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi. Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa şu ýylyň ýanwar – iýul aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, geçen ýedi aýyň dowamynda Türkmenistanyň Kanunlarynyň 7-si we Mejlisiň kararlarynyň 12-si kabul edildi.

Giňişleýin
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl konsultatiw duşuşygyndaky ÇYKYŞY

31.07.2026

Ilki bilen, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti hormatly Sadyr Nurgožoýewiç Žaparowa bildirilen myhmansöýerlik we şu duşuşygymyzyň ajaýyp guramaçylyk derejesi üçin minnetdarlygymy beýan etmek isleýärin. Pursatdan peýdalanyp, size Gahryman Arkadagymyzyň mähirli salamyny, netijeli işlemek baradaky arzuwlaryny ýetirýärin. Bu ýerde — Yssyk-kölüň kenarynda täze, ajaýyp desgalaryň açylmagy bilen gyrgyz tarapyny gutlaýaryn. Bu döwrebap infrastrukturanyň diňe bir kölüň kenarýakasyny bezemek bilen çäklenmän, eýsem, tutuş sebitimiziň syýahatçylyk mümkinçiliklerini ösdürmek üçin hem kuwwatly itergi boljakdygyna ynanýaryn.

Giňişleýin
Durnukly ykdysady ösüş — halkyň abadan durmuşynyň kepili

30.07.2026

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň giň gerimli özgertmelerini üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda ykdysadyýetiň durnukly ösüşini üpjün etmek hem-de ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak boýunça toplumlaýyn çäreler yzygiderli durmuşa geçirilýär. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ähli pudaklar boýunça ileri tutulýan wezipeler we önümçilik meýilnamalary, welaýatlaryň, Aşgabat, Arkadag şäherleriniň durmuş-ykdysady ösüş görkezijileri, özleşdirilmegi meýilleşdirilýän maýa goýumlaryň möçberi şu ýylyň 13-nji fewrаlynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde kabul edilen «Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynda» kesgitlenendir.

Giňişleýin
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

28.07.2026

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysy hanym Odil Reno-Bassony kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallygyny beýan edip, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň ösüşiň täze belentliklerine çykýandygyny belledi hem-de Aşgabadyň gözel binagärlik keşbiniň özünde uly täsir galdyrandygyny aýtdy.

Giňişleýin
Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şähergurluşyk ministrini kabul etdi

27.07.2026

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şähergurluşyk ministri hanym Farzane Sadeg Malwajerdi kabul etdi.

Giňişleýin
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

24.07.2026

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa milli kanunçylygy döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, Mejlisde adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň, kanuny bähbitleriniň goralmagy, gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň döwlet belligine alynmagy, döwletimiziň halkara resminamalara goşulmagyny hukuk taýdan goldamak boýunça Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalaryny taýýarlamak, hereket edýän birnäçe kanunçylyk namalaryna döwrebap üýtgetmeleri, goşmaçalary girizmek boýunça degişli işler geçirilýär.

Giňişleýin
Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, açyklyk we netijeli hyzmatdaşlyk syýasatyny ilerledýär

21.07.2026

Geçen hepdäniň wakalary halkymyzyň Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramyny garşylamaga barýan ýolundaky täze ýeňişleriniň nobatdaky aýdyň güwäsi boldy. Hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen Garaşsyz ýurdumyz Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan «Açyk gapylar» syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirýär.

Giňişleýin
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

20.07.2026

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Häkim welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, şu günler sebitiň galla oragyndan boşan meýdanlarynda sürüm işleri geçirilýär. Ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny, bugdaý tohumyny möwsüme taýýarlamak babatda zerur çäreler görülýär. Gowaça ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri, hususan-da, hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri geçirilýär.

Giňişleýin
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

18.07.2026

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzy syýasy, durmuş-ykdysady we medeni taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalardan we Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň ýörelgelerinden ugur alnyp, şeýle hem ministrliklerden, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan gelip gowşan teklipler seljerilip, Türkmenistanyň täze kanunlarynyň taslamalaryny taýýarlamak we hereket edýän birnäçe kanunçylyk namalaryna döwrebap üýtgetmeleri hem-de goşmaçalary girizmek boýunça degişli işler geçirilýär.

Giňişleýin

Soňky habarlar