Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Sloweniýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

24.06.2026

  Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Sloweniýa Respublikasynyň Prezidenti hanym Nataşa Pirs-Musara Sloweniýa Respublikasynyň milli baýramy — Döwlet güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutanymyz mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Nataşa Pirs-Musara berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Sloweniýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.

Giňişleýin
Türkmenistanyň Prezidentiniň Azerbaýjan Respublikasyna döwlet sapary tamamlandy

23.06.2026

  Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasyna döwlet saparynyň çäklerinde Fizuli we Şuşa şäherlerine baryp gördi. Döwlet Baştutanymyz Baku şäheriniň Geýdar Aliýew adyndaky Halkara howa menziline bardy we bu ýerden Fizuli şäherine ugrady. Biraz wagtdan hormatly Prezidentimiziň uçary iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Fizuli Halkara howa menziline gelip gondy. Haly düşelen ýodajygyň iki tarapynda Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzüldiler. Howa menzilinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew mähirli garşylady. Howa menzilinden döwlet Baştutanymyz we Prezident Ilham Aliýew bilelikde awtoulagda Fizuli şäherine ugradylar.

Giňişleýin
Türkmenistanyň Prezidentiniň Azerbaýjan Respublikasyna döwlet sapary başlandy

22.06.2026

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow döwlet sapary bilen Azerbaýjan Respublikasyna ugrady. Döwlet Baştutanymyz Azerbaýjana ugramak üçin paýtagtymyzyň Halkara howa menziline geldi. Bu ýerde hormatly Prezidentimizi ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar. Häzirki wagtda türkmen-azerbaýjan gatnaşyklary iki doganlyk halkyň taryhy köklerine, medeniýetiniň, diliniň we ruhy gymmatlyklarynyň umumylygyna esaslanýan strategik hyzmatdaşlygyň nusgalyk derejesini görkezýär. Döwletara hyzmatdaşlygyň häzirki tapgyry ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň yzygiderli we okgunly ösdürilmegi üçin aýdyň ugurlary kesgitleýän ýokary derejedäki yzygiderli syýasy dialog bilen häsiýetlenýär. Söwda-ykdysady, energetika hyzmatdaşlygy özara gatnaşyklaryň esasy binýady bolup çykyş edýär. Iki ýurduň hem uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolmagy dünýäniň energetika bazarynda tagallalary utgaşdyrmak, giň gerimli düzümleýin taslamalary durmuşa geçirmek üçin giň mümkinçilikleri açýar.

Giňişleýin
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

20.06.2026

  Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa milli kanunçylygymyzy döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Mejlisde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň düzgünlerinden we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryndan ugur alnyp, döwletimiziň halkara resminamalara goşulmagyny hukuk taýdan goldamak bilen baglanyşykly kanun taslamalaryny taýýarlamak, şeýle hem adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň, jemgyýetiň hem-de döwletiň kanuny bähbitleriniň goragyny has-da pugtalandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Jenaýat, Jenaýat iş ýörediş, Jenaýat-ýerine ýetiriş, Arbitraž iş ýörediş, Raýat iş ýörediş kodekslerine döwrebap üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça işler alnyp barylýar.

Giňişleýin
Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýurdumyza resmi sapary başlandy

18.06.2026

  Şu gün Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen ýurdumyza geldi. Iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde belent mertebeli myhmany resmi adamlar garşyladylar. Haly düşelen ýodajygyň ugrunda Hormat garawuly nyzama düzüldi. Bu ýerde Premýer-ministr Anwar Ibrahim myhmansöýerligiň asylly däbine görä garşylanyldy. Howa menzilinden belent mertebeli myhmanyň awtoulag kerweni sapar wagty özi üçin niýetlenen kabulhana tarap ugrady.

Giňişleýin
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ahal welaýatyna iş sapary

17.06.2026

  Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy hem-de welaýatda dowam edýän galla oragynyň barşy bilen tanyşdy. Ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny ösdürmek we onuň maddy-tehniki binýadyny döwrebaplaşdyrmak, pudaga innowasiýalary, ylmyň soňky gazananlaryny ornaşdyrmak boýunça Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan özgertmeler maksatnamasy häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Giňişleýin
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

15.06.2026

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda hem-de sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Ol welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, welaýatda galla oragy dowam edip, ýetişdirilen hasyly gysga möhletde we ýitgisiz ýygnap almak hem-de galla kabul ediş kärhanalarynda bökdençsiz kabul etmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Bu ugurda oba hojalyk tehnikalary doly güýjünde işledilýär.

Giňişleýin
Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentini gutlady

14.06.2026

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampa şanly 80 ýaş toýy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi “Biz ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berýäris hem-de bu gatnaşyklaryň Türkmenistanyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine berk ynanýarys” diýip, döwlet Baştutanymyz Gutlagynda belledi. Hormatly Prezidentimiz mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Donald Trampa berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň halkynyň öňe gitmegine hem-de gülläp ösmegine gönükdirilen başlangyçlarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.

Giňişleýin
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

12.06.2026

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Mejlisde ministrliklerden we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan gelip gowşan teklipler esasynda Türkmenistanyň Gümrük, Zähmet, Sanitariýa, Maşgala we Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodekslerine, “Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda”, “Administratiw önümçilik hakynda”, “Kazyýet hakynda”, “Neşirýat işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunlaryna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzyň Mejlisinde BMG-niň Ilat gaznasynyň, Halkara Migrasiýa Guramasynyň Türkmenistandaky wekilleri bilen geçirilen duşuşyklar barada aýdyldy. Mejlisiň wekilleriniň BMG-niň düzüm birlikleriniň ýurdumyzyň degişli döwlet edaralary bilen bilelikde guran okuw maslahatlaryna, duşuşyklaryna gatnaşandyklary habar berildi.

Giňişleýin
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ylmy jemgyýetçiligine hem-de «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» ady bilen utgaşykly görnüşde geçirilýän halkara ylmy maslahata gatnaşyjylara

12.06.2026

Hormatly alymlar, ylmy jemgyýetçiligiň wekilleri! Gadyrly myhmanlar! Sizi güneşe baý bereketli tomus paslynyň ilkinji günlerinde giňden we dabaraly bellenilýän Ylymlar güni, şeýle hem bu ajaýyp baýrama bagyşlanyp geçirilýän «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň her bir üstünligi we belent sepgitleri ylmyň hem-de innowasiýalaryň gazananlaryna esaslanýar. Şoňa görä-de, beýik Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýunyň taryhy wakalar bilen dabaralandyrylýan «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Ylymlar gününe bagyşlanan çäreleriň tutuş halkymyzy, aýratyn-da, ýurdumyzyň ylmy jemgyýetçiligini uly üstünliklere galkyndyryp, eziz Watanymyza bolan beýik söýgimizi has-da pugtalandyrjakdygyna berk ynanýaryn.

Giňişleýin
Türkmenistanyň Prezidenti Portugaliýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

09.06.2026

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Portugaliýa Respublikasynyň Prezidenti Antoniu Žoze Seguruwa ýurduň milli baýramy — Portugaliýanyň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutanymyz mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Antoniu Žoze Seguruwa berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Portugaliýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş we rowaçlyk arzuw etdi.

Giňişleýin
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

05.06.2026

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň bäş aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi. Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, geçen bäş aýyň dowamynda Türkmenistanyň Kanunlarynyň 6-sy, Mejlisiň kararlarynyň 10-sy kabul edildi. Raýatlaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak, önümçilik desgalarynyň senagat howpsuzlygyny üpjün etmek, buhgalterçilik hasaba alnyşy we maliýe hasabatlylygy kämilleşdirmek, işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak, awtomobil ýollary we ýol işi, daşky gurşawy, suwuň biologik serişdelerini goramak, migrasiýa syýasatynyň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly hereket edýän kanunlara degişli üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi.

Giňişleýin
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

04.06.2026

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde harby we hukuk goraýjy edaralar tarapyndan şu ýylyň bäş aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine seredildi. Şeýle hem Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmäge, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge, olaryň işini has-da kämilleşdirmäge degişli meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy.Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew çykyş edip, şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda ýurdumyzyň Ýaragly Güýçlerini ösdürmegiň maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen alnyp barlan işler, harby gullukçylaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak, ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak babatda görlen çäreler barada hasabat berdi. Hasabatda çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary gullukdan boşatmagyň we harby gulluga nobatdaky çagyrylyşyň guramaçylykly dowam edýändigi barada-da aýdyldy.

Giňişleýin
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

01.06.2026

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Ol welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, sebitde galla oragyna girişmek, daýhan yhlasy bilen ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýitgisiz ýygnap almak üçin taýýarlyk işleri geçirilýär. Welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, ýekelemek, otag etmek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak boýunça öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işleri dowam edýär.

Giňişleýin
Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli haly we haly önümleriniň sergisine hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXVI mejlisine gatnaşyjylara

29.05.2026

Hormatly halyçylar we halyşynaslar! Gadyrly myhmanlar! Sizi «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda eziz Diýarymyzda dabaralara beslenip giňden bellenilýän hem-de milli mirasymyzyň aýrylmaz bölegine öwrülen Türkmen halysynyň baýramy, şeýle-de bu baýram mynasybetli geçirilýän haly we haly önümleriniň sergisiniň hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXVI mejlisiniň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Giňişleýin

Soňky habarlar