Habarlar
Türkmenistan hyzmatdaşlygyň gerimini giňeldýär
08.01.2023
Ýetip gelen täze, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň ilkinji hepdesi syýasy ähmiýetli wakalara beslenip, olarda ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň artdyrylmagy, Watanymyzyň halkara abraýynyň has-da belende göterilmegi bilen bagly täze taryhy eýýamyň maksatlary öz beýanyny tapdy.
3-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Hormatly Prezidentimiz oba hojalyk pudagynyň milli ykdysadyýetimizdäki ähmiýetli ornuny belläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň, hususan-da bugdaý meýdanlaryndaky ideg işleriniň, gowaça ekiljek ýerleri sürmegiň we tekizlemegiň, ýazlyk ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişine taýýarlyk görmegiň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylmagynyň wajypdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen bir hatarda, häkimlere ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatlarda meýilleşdirilen işleri gözegçilikde saklamak tabşyryldy.
Giňişleýin
Pekinde Türkmenistanyň Prezidenti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygynyň arasyndaky gepleşikler başlandy
06.01.2023
Şu gün Pekinde Hytaý Halk Respblikasyna (HHR) döwlet saparyny amala aşyrýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň arasynda gepleşikler başlandy.
Resmi garşyalmak dabarasyndan soň iki dostlukly döwletleriň Baştutanlary wekiliýetleriniň giňeldilen düzümdäki duşuşygy geçirilýär. Ýokary derejeli türkmen-hytaý gepleşiklerinde syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmak meýilleşdirilýär.
Wekilýetleriniň giňeldilen düzümdäki duşuşykdan soňra gepleşikler dar düzümde dowam eder. Iki döwletleriň Baştutanlarynyň arasyndaky gepleşiklerden tamamlanandan soňra ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy göz öňünde tutulýar.
Giňişleýin
Türkmenistanyň Prezidentiniň Hytaý Halk Respublikasyna döwlet sapary başlandy
05.01.2023
Şu gün irden hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow döwlet sapary bilen Hytaý Halk Respublikasyna ugrady.
Döwlet Baştutanymyzy Aşgabadyň Halkara howa menzilinde ýurdumyzyň resmi adamlary, şeýle-de HHR-iň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sýan Naýçen ugratdylar.
Hormatly Prezidentimiz bu ýerde hytaýly diplomat bilen gürrüňdeş bolup, bu gezekki saparyň täze ýyldaky ilkinji daşary ýurda saparydygyny aýratyn belledi hem-de onuň 6-njy ýanwarda bellenilýän şanly sene — Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 31 ýyllygy bilen gabat gelmeginiň buýsançly ýagdaýdygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz şu gezekki saparyň jemleriniň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirdi.
Hoşniýetli sözler üçin sagbolsun aýdyp, dostlukly ýurduň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hytaý tarapynyň Pekinde geçjek ýokary derejedäki duşuşyga uly ähmiýet berýändigini nygtady we döwletara gatnaşyklaryň ýyl ýazgysynda täze sahypany açjak gepleşikleriň üstünliklere beslenmegini arzuw etdi.
...Alty sagatdan gowrak wagtdan soňra, hormatly Prezidentimiziň uçary Pekiniň bu taryhy ähmiýetli waka mynasybetli iki dostlukly ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen “Şoudu” Halkara howa menziline gelip gondy.
Giňişleýin
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
04.01.2023
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýlip yglan edilen täze, 2023-nji ýylda sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň ilkinji mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli möhüm meselelere hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçip, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa söz berdi. Ol täze kanunlaryň taslamalaryny işläp taýýarlamak, hereket edýän kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, bu işler Türkmenistanyň Konstitusiýasy esasynda hem-de kanun çykaryjylyk işiniň öňdebaryjy dünýä tejribesini nazara alyp, täze taryhy eýýamda döwletimizi ösdürmek bilen baglylykda alnyp barylýar. Häzirki wagtda “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunyndan gelip çykýan kadalaşdyryjy hukuk namalaryny taýýarlamak, ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemek, olaryň döwrebap bilim almaklary, döredijilik, bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmaklary, ýaşlaryň telekeçilik başlangyçlaryny goldamak we höweslendirmek bilen bagly Kanunda göz öňünde tutulan wezipeleri durmuşa geçirmek boýunça degişli işler geçirilýär.
Giňişleýin
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
03.01.2023
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» şygary astynda başlanan täze, 2023-nji ýylda sanly ulgam arkaly ilkinji iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berildi. Häkim häzirki wagtda welaýatda alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň barşy, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň kabul edilen maksatnamalaryna laýyklykda meýilleşdirilen işleriň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Hasabatda bellenilişi ýaly, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylýar, gowaça ekiljek ýerlerde sürüm we tekizleýiş işleri meýilnamalaýyn esasda dowam edýär. Öňümizdäki oba hojalyk möwsüminde ulanyljak tehnikalar we gurallar abatlanylýar, ýazlyk ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişine taýýarlyk görülýär.
Giňişleýin
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly ýurdumyzyň täze üstünliklerine badalga berdi
02.01.2023
Geçen hepde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň milli bähbitleri goramaga, bütin dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmaga gönükdirilen içeri we daşary syýasatynyň ähli ugurlarynda üstünliklere beslenen hem-de «Halkyň Arkadagly zamanasy» şygary astynda geçen 2022-nji ýyl tamamlandy. Bu ýylda Türkmenistan öz ösüşiniň «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» atly täze döwrüne gadam basdy.
26-njy dekabrda hormatly Prezidentimiziň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherine amala aşyran iş sapary ýurdumyzyň köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýändiginiň subutnamasy boldy. Duşuşygyň dowamynda 2022-nji ýylda amala aşyrylan işleriň netijeleri seljerildi we geljek döwür üçin ileri tutulýan wezipeler kesgitlenildi.
Giňişleýin
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň türkmen halkyna täze ýyl gutlagy
31.12.2022
Eziz watandaşlar!
«Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip yglan edilen 2022-nji ýyl tamamlanyp barýar. Ýene sähel salymdan biz bu ýyl bilen hoşlaşyp, täze, 2023-nji ýyly uly şatlyk bilen garşylarys.
2023-nji ýyl — Gündogar müçenamasy boýunça towşan ýyly. Halkymyz bu ýyly bereketli, asuda, abadan hasaplap, täze ýyla ýagşy umyt-arzuwlar, uly ynam bilen gadam basýar.
Geçip barýan ýyl Garaşsyz, Bitarap döwletimizde giň gerimli özgertmeleriň üstünlikli dowam etdirilen ýyly boldy. Şu şatlykly baýramçylyk pursadynda taryha öwrülip barýan bir ýyllyk döwre gysgaça ser salalyň!
Şu ýyl Aşgabat — Kerki — Aşgabat, Daşoguz — Kerki — Aşgabat howa gatnawlarynyň açylmagyndan başlandy. Içeri işler ministrliginiň paýtagtymyzyň Çoganly etrapçasyndaky Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky ýaşaýyş jaý toplumyny, Büzmeýin etrabynda Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkezini işe girizdik. Awazada döwrebap «Rowaç» kottejler toplumyny, Türkmenbaşy şäherinde köpugurly, Daşoguz şäherinde hem köpugurly we onkologiýa hassahanalaryny, şol sanda paýtagtymyzda «Daşkent» seýilgähini, sil suwuny sowujy desgalar toplumyny, ýakynda bolsa Balkan welaýatynda döwrebap «Galkynyş» şäherçesini dabaraly açdyk. Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda täze ýolagçy awtomenzillerini ulanmaga berdik.
Giňişleýin
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi
29.12.2022
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisini geçirdi. Oňa welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri hem çagyryldy.
Döwlet Baştutanymyz mejlisi açyp, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa söz berdi. Mejlisiň ýolbaşçysy geljek 2023-nji ýylyň şygaryny we nyşanyny kesgitlemek boýunça geçirilen işleriň netijeleri barada maglumat berdi.
Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan asylly däbe görä, her ýyly döwrebap atlandyrmak ýola goýuldy. Munuň özi ýurdumyzyň her bir raýatynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyza bolan söýgini we buýsanç duýgusyny ösdürmäge, türkmenistanlylaryň tagallalaryny döwletimiziň hem-de jemgyýetimiziň ösüşiniň möhüm ugurlaryna gönükdirmäge ýardam edýär. Bu däp milli agzybirligimizi we jebisligimizi dabaralandyryp, halkymyzyň watançylyk ruhuny belende göterýär.
Giňişleýin
Paýtagtymyzda baýramçylyk mynasybetli täze binalaryň açylyş dabarasy boldy
28.12.2022
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzyň günbatar künjeginde täze, döwrebap ýaşaýyş jaý toplumynyň, umumybilim berýän mekdebiň, çagalar bagynyň, söwda-dynç alyş merkeziniň we beýleki desgalaryň açylyş dabarasy boldy.
Bu durmuş maksatly taslama ýurdumyzyň baş şäheriniň çäkleriniň giňelmegi, şäher ilatynyň sanynyň artmagy nazara alnyp işlenip taýýarlanyldy. Häzirki döwürde Aşgabadyň bu künjeginde döwrebap ýol-ulag düzümi, şäher ilatynyň amatly durmuşyny üpjün etmek üçin degişli inženerçilik ulgamy döredildi. Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyzyň günbatarynda gurulmagy meýilleşdirilýän ýaşaýyş jaýlarynyň hem-de durmuş maksatly desgalaryň taslamalary bilen birnäçe gezek tanyşdy.
Soňky ýyllarda ýurdumyzda ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynyň giň gerime eýe bolandygy guwançly ýagdaýdyr. Munuň özi ilatyň amatly we özlerine kybap ýaşaýyş jaýyny saýlamak mümkinçiligini has-da giňeldýär. Şunda ýaşaýyş jaýlarynyň döwrüň talaplaryna, raýatlaryň isleglerine laýyk gelmegine döwlet derejesinde uly ähmiýet berilýär.
Giňişleýin
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysy — 2022-nji ýyl medeniýet ulgamy
27.12.2022
«Biz milli medeniýetimizi ösdürmäge aýratyn üns berýäris. Teatrlar, kitaphanalar, muzeýler«Biz milli medeniýetimizi ösdürmäge aýratyn üns berýäris. Teatrlar, kitaphanalar, muzeýler, medeniýet öýleri biziň milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň gülläp ösýändiginiň subutnamasydyr» diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň 23-nji sentýabrynda geçirilen Döwlet Maslahatynda eden çykyşynda belledi. Döwlet Baştutanymyz medeniýet ulgamynda ýerine ýetirilen işleriň ähmiýetini nygtap, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe öňde durýan möhüm wezipeleri kesgitledi.
2022-nji ýylda ýurdumyzyň medeniýetiniň gazananlaryna saldamly goşant goşup, ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmekde medeni diplomatiýanyň orny has-da berkedi.
Giňişleýin
Watanymyzyň ösüşiniň we abadançylygynyň bähbidine
25.12.2022
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan öňdebaryjy tehnologiýalara we innowasiýalara esaslanyp, depginli ösýän ýurt hökmünde dünýädäki abraýyny barha artdyrýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzda giň gerimli taslamalar we netijeli başlangyçlar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Watanymyzyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi, özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy şol taslamalaryň esasy maksadydyr.
19-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň daşary işler ministri Faýsal bin Farhan Al Saudy kabul etdi. Myhman döwlet Baştutanymyza Saud Arabystanynyň Patyşasy Salman ben Abdelaziz Al Saudyň mähirli salamyny hem-de ähli türkmen halkyna rowaçlyk, abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi.
Giňişleýin
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
23.12.2022
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet syýasatynyň möhüm meselelerine we birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibini yglan edip, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa söz berdi. Ol Mejlisiň kanun çykaryjylyk işi barada maglumat berdi. Iş meýilnamasyna laýyklykda, ýurdumyzda adamyň hukuklaryny we azatlyklaryny goramak, kanunçylygy, hukuk tertibini berkitmek, raýatlaryň telekeçilik başlangyçlaryny goldamak we döwletimiziň durmuşynyň beýleki ugurlaryna, şol sanda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly kanunlara degişli üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça işler dowam etdirilýär.
Giňişleýin
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisi
21.12.2022
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde gurulýan desgalaryň taslamalaryna garaldy. Gün tertibine Ahal welaýatynyň täze merkeziniň gurluşygy bilen bagly ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişiniň barşy baradaky meseleler girizildi, aýry-aýry ýolbaşçylaryň hasabatlary diňlenildi. Şeýle hem bu taslamany durmuşa geçirmek boýunça öňde duran wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Döwlet Baştutanymyz mejlis başlamazdan ozal, Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň çäklerinde alnyp barylýan işler, medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalaryň çyzgylary, şekil taslamalary bilen tanyşdy.
Hormatly Prezidentimiziň awtoulagy merkeziň gurluşygy boýunça taýýarlanylan şekil taslamalaryň görkezilýän ýeriniň ýanynda saklandy. Bu ýerde Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow merkeziň çäklerinde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň barşy, taýýarlanylan taslamalar we olaryň tapawutly aýratynlyklary barada hasabat berdi.
Giňişleýin
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
19.12.2022
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň barşy bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berildi. Häkim welaýatda alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň ýagdaýy, hususan-da, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleriniň geçirilişi, şeýle hem Täze ýyl baýramyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.
Hasabatda bellenilişi ýaly, bugdaý ekilen meýdanlarda gögeriş we ösüş suwy tutulýar, gowaça ekiljek ýerlerde sürüm işleri geçirilýär, geljek ýylda oba hojalyk işlerinde ulanyljak tehnikalardyr gurallar abatlanylýar.
Giňişleýin
Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk derejesi — parahatçylygyň, dostlugyň we jebisligiň kepili
18.12.2022
Geçen hepdede ýurdumyzda Halkara Bitaraplyk güni hem-de BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda taryhy Kararnamanyň kabul edilmeginiň 27 ýyllygy bellenildi. Hormatly Prezidentimiziň Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň halkyna baýramçylyk mynasybetli iberen Gutlagynda dünýä bileleşigi tarapyndan beýik gymmatlyk hem-de ählumumy taglymat hökmünde ykrar edilen Bitaraplygymyzyň baş maksadynyň adamzadyň we geljegiň bähbitlerine gönükdirilen parahatçylyk, dostluk ýörelgeleri esasynda bütin dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy goramak bolup durýandygy nygtalýar.
Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde baýramçylyk mynasybetli dabaralar geçirildi. Aşgabatda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasy boldy. Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Watanymyzyň Bitaraplygyna bagyşlanyp, sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti geçirildi.
Giňişleýin