Habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
31.10.2022
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda oba hojalyk toplumyndaky işleriň ýagdaýy, welaýatlardaky möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berildi. Häkim welaýatyň ekin meýdanlaryndaky işleriň ýagdaýy, hususan-da, pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnap almak, bugdaý ekişini agrotehniki möhletlerde tamamlamak, oba hojalyk tehnikalaryndan netijeli peýdalanmak boýunça görülýän çäreler, ählihalk bag ekmek dabarasyny guramaçylykly geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Giňişleýin
Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
30.10.2022
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýola ýurduň Seul şäherindäki pajygaly basa-baslyk netijesinde, köp sanly adam pidalaryna hem-de şikes ýetmelerine getiren hadysa zerarly çuňňur gynanç bildirdi.
Döwlet Baştutanymyz şu agyr pursatda gurban bolanlaryň maşgalalaryna, dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan ýürekden gynanjyny, medet beriji sözlerini ýetirdi, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.
Giňişleýin
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
28.10.2022
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryny ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny ösdürmäge gönükdirilen resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
Ilki bilen, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýewe söz berildi. Ol ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, şu ýylyň 22-nji oktýabrynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklygynda geçirilen mejlisiň barşynda welaýatlaryň dolandyryş-çäk gurluşyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleriň jemi jemlendi we birnäçe teklipler öňe sürüldi, öňde durýan wezipeleri üstünlikli amala aşyrmagyň anyk ugurlary kesgitlenildi. Şeýle-de mejlisiň dowamynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy döwlet maksatnamalaryndan gelip çykýan Durnukly ösüş maksatlaryny hem-de wezipelerini üstünlikli çözmekde welaýatlaryň dolandyryş-çäk gurluşyny kämilleşdirmegiň ähmiýetini nygtady.
Giňişleýin
Ählumumy abadançylygyň bähbidine hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň Prezidentiniň täze başlangyçlarynyň esasy maksadydyr
27.10.2022
Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýan daşary syýasy ugry yzygiderli durmuşa geçirip, ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde netijeli gatnaşyklary ösdürýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 14-nji oktýabrda Gazagystan Respublikasynyň paýtagty Astana şäherinde geçirilen GDA-nyň sammitine we «Merkezi Aziýa — Russiýa» sammitine gatnaşmagy Türkmenistanyň halkara gün tertibiniň derwaýys meseleleriniň çözgüdini işläp taýýarlamakda işjeň orny eýeläp, parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmek, ählumumy abadançylygyň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça tagallalary utgaşdyrmaga saldamly goşant goşýandygyny ýene-de bir gezek tassyklady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň öňe süren täze, möhüm başlangyçlary ýokarda agzalan forumlara gatnaşyjylarda aýratyn gyzyklanma döretdi.
Giňişleýin
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
25.10.2022
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda oba hojalyk toplumyndaky işleriň ýagdaýy, sebitlerde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berildi. Ol işleriň ýagdaýy, hususan-da, pagta ýygymynyň depgini hem-de pagta hasylyny gysga wagtda we ýitgisiz ýygnap almak, sebitiň gowaça meýdanlarynda hereket edýän oba hojalyk tehnikalaryndan netijeli peýdalanmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Ýygym möwsüminde pagta ýygýan kombaýnlaryň we beýleki tehnikalaryň, kabul ediş harmanhanalarynyň sazlaşykly işiniň üpjün edilýändigi bellenildi.
Giňişleýin
Bilelikdäki harby-meýdan türgenleşigi geçirildi
24.10.2022
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, Türkmenbaşy etrabynyň çäginde ýerleşýän deňiz okuw-türgenleşik merkezinde geçirilen ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň we beýleki goşunlaryň bilelikdäki harby okuw-meýdan türgenleşiginiň barşyny synlady.
Ýörite meýilnama laýyklykda, Ýaragly Güýçleriň we beýleki goşunlaryň şahsy düzüminiň harby hünär ussatlyklaryny has-da ýokarlandyrmak, Milli goşunyň söweşjeň taýýarlygyny barlamak maksady bilen, söweşjeň taýýarlyga getirilip, bilelikdäki harby okuw-meýdan türgenleşigi geçirildi. Öňde goýlan wezipeleri çözmek üçin guryýer goşunlarynyň, harby-howa güýçleriniň we howa hüjüminden goranmak goşunlarynyň, harby-deňiz güýçleriniň harby bölümlerini bellenen tertipde söweşjeň taýýarlyga getirmek barada nobatçy güýçlere habar berildi. Dessine harby dolandyryş ulgamy ýaýbaňlandyryldy, harby we hukuk goraýjy edaralar bilen sazlaşykly hereketler ýola goýuldy.
Giňişleýin
Döretmegiň ýoly bilen ata Watanymyzyň abadançylygyny pugtalandyryp
23.10.2022
Geçen hepdäniň wakalarynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary — ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň bähbidine strategik hyzmatdaşlyk, Watanymyzyň durmuş-ykdysady taýdan gülläp ösüşini üpjün etmek wezipeleri öz beýanyny tapdy.
20-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň käbir meselelerine seredildi. Jemgyýetçilik we döwlet durmuşynyň dürli ulgamlarynyň ösüşini hukuk taýdan goldamak, maliýe-ykdysady, bank ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy, ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň depgini, ýol-ulag düzümleriniň döwrebaplaşdyrylmagy, halkara ulag geçelgeleriniň döredilmegi, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy hem-de suw serişdeleriniň netijeli peýdalanylmagy, ykdysadyýetiň esasy pudaklary üçin milli hünärmenleri taýýarlamak mejlisde garalan meseleleriň hatarynda boldy.
Giňişleýin
Prezidentler Serdar Berdimuhamedowyň we Şawkat Mirziýoýewiň arasyndaky ýokary derejedäki duşuşyk
21.10.2022
Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we düýn ýurdumyza resmi sapar bilen gelen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda gepleşikler geçirildi.
Irden dostlukly ýurduň Lideriniň awtoulag kerweni motosikletçileriň hormat nyzamynyň ugratmagynda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Oguz han” köşkler toplumyna ugrady. Bu ýerde belent mertebeli myhmany resmi garşylaýyş dabarasy boldy. Köşkler toplumynyň merkezi girelgesiniň öňünde hormatly Prezidentimiz Özbegistan Respublikasynyň Prezidentini mähirli garşylady.
Hormat garawulynyň serkerdesi dabaraly hasabat berýär. Iki goňşy ýurduň Döwlet senalary ýerine ýetirilýär. Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew Hormat garawulynyň esgerleriniň nyzamynyň öňünden geçýärler we Türkmenistanyň Döwlet baýdagyna hormat-sarpa bildirýärler. Iki ýurduň Baştutanlary Türkmenistanyň hem-de Özbegistanyň wekiliýetleriniň agzalary bilen tanyşýarlar.
Giňişleýin
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
20.10.2022
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň käbir meselelerine hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa söz berdi. Ol ýurdumyzyň Esasy Kanunynyň ýörelgelerine, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda, jemgyýet we döwlet durmuşynyň dürli ulgamlarynyň ösdürilmegini hukuk taýdan goldamak babatda alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Häzirki wagtda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryna, şol sanda raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga degişli kanunlaryň taslamalary işlenip taýýarlanylýar, hereket edýän kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizilýär.
Giňişleýin
Türkmenistan ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine döwletara gatnaşyklary ösdürýär
17.10.2022
Geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň syýasy, ykdysady durnuklylygyň saklanmagyna, sebit we ählumumy derejede parahatçylyk hem-de ynanyşmak medeniýetiniň pugtalandyrylmagyna, halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine, uzak möhletleýin geljegi nazara almak bilen, Watanymyzyň gülläp ösmegi üçin ygtybarly binýadyň kemala getirilmegine gönükdirilen strategiýasynyň netijeliliginiň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.
10-njy oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda şu ýylyň dokuz aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi, Prezident Maksatnamasyny hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalary amala aşyrmagyň barşy ara alnyp maslahatlaşyldy.
Giňişleýin
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
16.10.2022
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň mejlisini açyp, onda ýurdumyzda güýz-gyş möwsümine taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly alnyp barylýan işlere garaljakdygyny we beýleki käbir meseleleriň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny aýtdy.
Ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow ýurdumyzyň welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde bug gazan hojalygy, energetika, gaz, suw we jemagat hojalygy kärhanalarynyň 2022-2023-nji ýyllaryň gyş ýyladyş möwsüminde bökdençsiz hem-de howpsuz işini üpjün etmek boýunça geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.
Ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, welaýatlaryň, Aşgabat şäher häkimlikleriniň ýyladyş möwsümine taýýarlygy, ilaty elektrik energiýasy, tebigy gaz, agyz suwy we jemagat hyzmatlary bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça işleriň ýerine ýetirilişine gözegçilik barlaglary geçirildi.
Giňişleýin
Hormatly Prezidentimiz GDA döwletleriniň we “Merkezi Aziýa — Russiýa” sammitlerine gatnaşdy
14.10.2022
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine hem-de “Merkezi Aziýa — Russiýa” sammitine gatnaşmak üçin, şeýle-de doganlyk ýurda döwlet saparyny amala aşyrmak maksady bilen, Gazagystan Respublikasyna ugrady.
Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar ugratdylar.
Ýurdumyz hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýan daşary syýasy ugry yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde netijeli gatnaşyklary ösdürýär. Türkmenistan ählumumy gün tertibiniň wajyp meselelerini, çözgütlerini işläp taýýarlamakda işjeň orny eýeläp, umumy abadançylygyň bähbidine parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmek, oňyn hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça tagallalary birleşdirmäge ägirt uly goşant goşýar.
Giňişleýin
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasyna bardy
14.10.2022
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow GDA döwlet Baştutanlarynyň geňeşiniň nobatdaky mejlisine hem-de «Merkezi Aziýa – Russiýa» Sammitine gatnaşmak üçin we döwlet sapary bilen Gazagystan Respublikasyna ugrady.
Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar ugratdylar.
Ýurdumyz hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýan daşary syýasy ugry yzygiderli durmuşa geçirmek, bilen ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde netijeli gatnaşyklary ösdürýär. Türkmenistan ählumumy gün tertibini wajyp meselelerini çözgütlerini işläp taýýarlamakda işjeň orny eýeläp, ählumumy abadançylygyň bähbidine parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmek, netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça tagallalary birleşdirmäge ägirt uly goşant goşýar.
Giňişleýin
«Senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwala gatnaşyjylara
11.10.2022
Hormatly halkara festiwala gatnaşyjylar!
Gadyrly dostlar!
Sizi «Senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwalyň açylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňize berk jan saglyk, uzak ömür, döredijilik üstünliklerini arzuw edýärin.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bilen dünýä döwletleriniň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklary yzygiderli ösdürilýär. Häzirki wagtda parahatçylyga we ynanyşmaga esaslanýan halkara hyzmatdaşlykda özara medeni gatnaşyklar aýratyn orny eýeleýär. Türkmenistanda halkara derejede festiwallar, sergiler, maslahatlar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Dünýäde ählumumy parahatçylygy pugtalandyrmakda, halklaryň arasynda agzybirligi, dost-doganlygy kemala getirmekde şeýle çäreleriň ähmiýeti örän uludyr. Türkmen halkynyň asyrlar aşyp gelen baý medeni mirasyny, gadymy gymmatlyklaryny, milli sungatyny Ýer ýüzüne giňden wagyz etmekde, dünýä halklarynyň medeniýetinde we sungatynda gazanylan üstünlikler bilen tanyşdyrmakda halkara derejeli festiwallara möhüm orun degişlidir.
Giňişleýin
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
10.10.2022
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda şu ýylyň dokuz aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi, Prezident Maksatnamasyny we ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalary amala aşyrmagyň barşy ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisde wise-premýerleriň, aýry-aýry ministrleriň, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi.
Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibiniň meselelerine geçip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradowa söz berdi. Ol şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda milli ykdysadyýetimiziň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi.
Ýylyň başyndan bäri ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň we sebitleriň durnukly ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen toplumlaýyn çäreler amala aşyryldy. Jemi içerki önümiň depginli ösüşi munuň aýdyň subutnamasydyr. 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önümiň möçberi 10,9 göterim artdy. Hasabat döwründe bölek satuw haryt dolanyşygy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10,5 göterim, daşary söwda dolanyşygy bolsa 40,7 göterim köpeldi. Şeýle-de Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi barada hasabat berildi.
Giňişleýin