Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Ysraýyl Döwletiniň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

28.03.2023

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ysraýyl Döwletiniň Türkmenistanda wezipä täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ismail Haldini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Diplomat döwlet Baştutanymyza wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Ysraýyl Döwletiniň Prezidenti Ishak Gersogyň we Premýer-ministr Benýamin Netanýahunyň mähirli salamyny hem-de iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Doly ygtyýarly wekil hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýan döredijilikli daşary syýasaty bilen halkara giňişlikde ägirt uly abraýa eýe bolan Türkmenistanda Ysraýyl Döwletine wekilçilik etmegiň özi üçin uly hormatdygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Ysraýyl Döwletiniň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan edip, Ismail Haldini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de alyp barjak işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Giňişleýin
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

27.03.2023

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda oba hojalyk toplumynda hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan işleriň ýerine ýetirilişi bilen bagly meselelere garaldy. Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berildi. Häkim häzirki wagtda sebitde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bugdaýa ideg etmek agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilýär, hususan-da, ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri geçirilýär. Şeýle hem welaýatda gowaça ekişine guramaçylykly girişilip, onda oba hojalyk tehnikalary we gurallary doly güýjünde işledilýär. Welaýatyň sogan, ýeralma ekilen meýdanlarynda ideg işleri talabalaýyk alnyp barylýar, pile öndürmek möwsümini guramaçylykly geçirmek boýunça degişli işler geçirilýär.

Giňişleýin
Türkmenistanyň Prezidenti Mejlisiň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlarynda ses berdi

26.03.2023

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna gatnaşdy. Şu gezekki saýlawlar Türkmenistanda hakyky halk häkimiýetliliginiň guralynyň netijelidigini görkezdi. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň esasyny düzýän demokratik özgertmeleri üstünlikli amala aşyrmagyň ýolundaky möhüm ädim boldy.

Giňişleýin
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy GDA-nyň Baş sekretary bilen duşuşdy

23.03.2023

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedew bilen duşuşdy. Gahryman Arkadagymyz myhmany mübärekläp, GDA-nyň synçylar toparynyň 26-njy martda geçiriljek Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň we ýerli wekilçilikli häkimiýet edaralarynyň agzalarynyň saýlawlaryna syn etmäge gatnaşmaga çakylygy kabul edendikleri üçin minnetdarlyk bildirdi. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäräniň demokratik esasda, milli kanunçylyga we halkara hukugyň kadalaryna laýyklykda geçirilmegine ýurdumyzda aýratyn ähmiýet berilýär. Halkymyzyň saýlawlara işjeň gatnaşmagy türkmen jemgyýetiniň hakyky halk häkimiýetliligi ýörelgelerine ygrarlydygyny aýdyňlygy bilen subut edýär.

Giňişleýin
Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady

22.03.2023

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Arif Alwä, Premýer-ministri Mian Muhammad Şahbaz Şarife we ýurduň ähli halkyna milli baýram — Pakistanyň güni mynasybetli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi. “Biz Türkmenistan bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň arasynda köp ýyllaryň dowamynda emele gelen köpugurly gatnaşyklara ýokary baha berýäris” diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hatynda nygtady we bu hyzmatdaşlygyň bilelikdäki tagallalar bilen baýlaşdyrylyp, mundan beýläk-de iki ýurduň halklarynyň bähbidine ösdüriljekdigine ynam bildirdi. Döwlet Baştutanymyz şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Arif Alwä hem-de Premýer-ministr Mian Muhammad Şahbaz Şarife berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Pakistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de gülläp ösüş we rowaçlyk arzuw etdi.

Giňişleýin
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna

21.03.2023

Türkmenistanyň ähli halkyna Bagtyýar halkym! Eziz watandaşlar! Sizi Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda eziz Diýarymyzda şatlyk-şowhunly bellenilýän Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Milli bahar baýramy mynasybetli geçirilýän toý-baýramlaryň bagtyýar watandaşlarymyzy ata Watanymyzyň has-da gülläp ösmeginiň bähbidine belent maksatlara ruhlandyrjakdygyna, asyrlardan şu günlere gelip ýeten milli däp-dessurlarymyzy, edim-gylymlarymyzy, baý medeni mirasymyzy giňden wagyz etmekde möhüm ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynanýaryn. Merdana ata-babalarymyz ençeme asyrlaryň dowamynda halkymyzyň milli ruhuna we ýaşaýyş-durmuş ýörelgelerine mäkäm ornan milli baýramlaryny giňden belläpdirler. Milli bahar baýramynda halkymyzyň daýhançylyk, bagbançylyk, maldarçylyk, senetçilik bilen bagly däpleri berjaý edilipdir.

Giňişleýin
Türkmenistanyň Prezidenti döwlet sapary bilen Katara ugrady

19.03.2023

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow döwlet sapary bilen Katar Döwletine ugrady. Bu gezekki sapar dostluk we birek-birege hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan, özara bähbitli türkmen-katar hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine, bar bolan mümkinçilikleriň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegine gönükdirilen döwletara gatnaşyklaryň taryhynda täze sahypa öwrüler. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde hormatly Prezidentimizi ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar. Howa menzilinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Katar Döwletiniň ýurdumyzdaky ilçihanasynyň wekili bilen bolan söhbetdeşlikde taraplaryň hoşniýetli erkine we köpýyllyk gatnaşyklary ösüşiň täze derejesine çykarmaga bolan ikitaraplaýyn gyzyklanmalaryna esaslanýan türkmen-katar gatnaşyklarynyň netijeli we işjeň häsiýete eýedigini belledi. Diplomat döwlet Baştutanymyzyň saparynyň şowly bolmagyny arzuw edip, Doha şäherinde geçiriljek gepleşikleriň döwletara gatnaşyklaryň taryhynda möhüm waka öwrüljekdigine ynam bildirdi we Katarda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýändigini nygtady.

Giňişleýin
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

17.03.2023

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň käbir meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen, Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa söz berdi. Ol parlamentiň ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça alyp barýan işleri we saýlawlara görülýän taýýarlyk barada maglumat berdi. Mejlisiň 2023-nji ýylyň 16-njy martynda geçirilen altynjy çagyrylyşynyň ýigrimi ikinji maslahatynda birnäçe Kanunlaryň taslamalary, şol sanda “Türkmenistanyň Mejlisi hakynda” Kanunyň, hereket edýän käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakynda Kanunlaryň taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Giňişleýin
Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty

16.03.2023

Şu gün sanly ulgam arkaly Mejlisiň altynjy çagyrylyşynyň ýigrimi ikinji maslahaty geçirildi. Onda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna hem-de ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanylan Kanunlaryň taslamalarynyň birnäçesine garaldy we kabul edildi. Maslahata gatnaşmak üçin birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy. Deputatlar “Türkmenistanyň Mejlisi hakynda”, “Brýussel şäherinde kabul edilen we Üýtgetme girizmek baradaky Teswirnama arkaly üýtgetme girizilen Harytlary beýan etmegiň we kodlaşdyrmagyň sazlaşdyrylan ulgamy hakyndaky halkara Konwensiýa goşulmak hakynda” Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalaryna garadylar.

Giňişleýin
Türkmenistanyň Prezidenti “Buig” kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

16.03.2023

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Buig” kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Marten Buigi kabul etdi. Işewür duşuşmaga wagt tapandygy üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, özüniň ýolbaşçylyk edýän holdingine Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmegiň hem-de amala aşyrylýan giň gerimli taslamalary, ozaly bilen, ak mermerli Aşgabadyň binagärlik keşbiniň özgerdilmegine gönükdirilen taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşmagyň uly hormatdygyny nygtady.

Giňişleýin
Adamlar baradaky alada — Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň wajyp ugry

14.03.2023

Geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda amala aşyrylýan, giň möçberli maksatnamalaryň we taslamalaryň durmuşa geçirilmegine gönükdirilen döwlet syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň subutnamasy boldy. Watanymyzyň okgunly durmuş-ykdysady ösüşini üpjün etmek, döwlet we jemgyýetçilik durmuşyny hemmetaraplaýyn demokratiýalaşdyrmak, halkymyzyň abadançylyk derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak bu maksatnamalaryňdyr taslamalaryň baş maksadydyr.

Giňişleýin
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

13.03.2023

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda oba hojalyk toplumynda we ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan işleriň ýerine ýetirilişi bilen bagly meselelere garaldy. Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berildi. Häkim şu günler welaýatyň ekin meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleri agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda dowam edýär, gowaça ekiljek ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işler geçirilýär. Welaýatyň sogan hem-de ýeralma ekişi geçirilen ýerlerinde ideg işleri talabalaýyk ýerine ýetirilýär, pile öndürmek möwsümini guramaçylykly geçirmek boýunça zerur işler alnyp barylýar.

Giňişleýin
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW: — Agzybirligimiz bilen ähli sepgitlere ýeteris!

12.03.2023

Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň ýyl ýazgysynda öz ähmiýeti boýunça taryhy sahypany açan şanly wakadan — ýurdumyzyň Prezidenti wezipesine Serdar Berdimuhamedowyň saýlanylmagyndan bäri laýyk bir ýyl geçdi. Halkymyz hormatly Prezidentimize öz ykbalyny we mähriban Watanymyzyň geljegini ynandy. 2022-nji ýylyň 12-nji martynda ildeşlerimiziň millionlarçasy özleriniň konstitusion hukugyny peýdalanmak bilen, açyklyk we aýdyňlyk, giň bäsdeşlik esasynda, hereket edýän milli kanunçylyga, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda geçirilen bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy çärä gatnaşyp, raýatlyk borçlaryny berjaý etdiler.

Giňişleýin
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

10.03.2023

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda käbir resminamalaryň taslamalaryna seredildi hem-de beýleki möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen, Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa söz berdi. Ol milli parlamentiň häzirki wagtda alyp barýan kanun çykaryjylyk işi, ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleriň hukuk esaslaryny pugtalandyrmak boýunça görülýän çäreler barada maglumat berdi. Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna görülýän taýýarlyk barada aýdyldy.

Giňişleýin
Durmuş ulgamyny ösdürmek — Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugry

08.03.2023

Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň iki aýynda halk hojalygynyň pudaklarynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanyp geçirilen mejlisinde döwlet durmuşyna degişli birnäçe möhüm meselelere garaldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dünýäde emele gelen häzirki ýagdaýy seljerip, maliýe-ykdysadyýet toplumynda durmuşa geçirilýän çäreleri işjeňleşdirmek babatda görkezmeleri berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň önümçilik meýilnamalarynyň ýerine ýetirilişini yzygiderli esasda seljermegi we berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şunda ýurdumyzyň mundan beýläk-de sazlaşykly ösüşi bilen baglanyşykly meseleleriň çözgüdini üpjün etmäge aýratyn üns çekildi.

Giňişleýin