Habarlar

Türkmenistanyň döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

31.05.2022

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onda 2022-nji ýylyň bäş aýynda Ýaragly Güýçleriň edaralarynyň alyp baran işleriniň jemlerine garaldy, Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini kämilleşdirmek boýunça ilkinji nobatdaky wezipeler kesgitlenildi. Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibini yglan edip, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýewe söz berdi. Ministr şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda ýurdumyzda durnuklylygy, kanunylygy hem-de düzgün-tertibi saklamak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi. Ýurdumyzyň goranyş ukybyny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga, esgerleriň we serkerdeleriň gulluk etmegi, ýaşaýyş-durmuşy üçin degişli şertleri döretmäge gönükdirilen harby özgertmeleriň barşy hasabatyň aýratyn meselesi boldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, üstünlikli durmuşa geçirilýän, diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinanyň ýurdumyzda parahat we asuda durmuşyň ygtybarly kepili bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, Milli goşuny tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrmak, işgärleriň hünär derejelerini ýokarlandyrmak, harby gullukçylaryň durmuş üpjünçilik meselelerini çözmek ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda kesgitlendi. Şeýle-de ugurdaş okuw mekdepleriň ýaş harby talyplarynyň hem-de harby gullugy geçýän esgerleriň arasynda watançylyk-terbiýeçilik işlerini guramagyň möhümdigine aýratyn üns çekildi.

Giňişleýin
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

30.05.2022

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary E.Orazgeldiýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda welaýatlarda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyna, öňde boljak şanly senelere ýokary derejede taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Döwlet Baştutanymyz, ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berdi. Ol şu günler welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, galla oragyna guramaçylykly girişmek, şol bir wagtyň özünde gowaça agrotehniki kadalara laýyklykda ideg işlerini geçirmek we sebitiň durmuş düzümini kämilleşdirmek ugrunda ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Mundan başga-da, häkim ýeralma we gök-bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirmek hem-de bu önümleriň bolçulygyny üpjün etmek ugrunda amala aşyrylýan toplumlaýyn işler barada hasabat berdi. Pile taýýarlamak möwsümini netijeli jemlemek boýunça öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilýär. Şeýle hem häkim welaýatda Oba milli maksatnamasynda kesgitlenilen wezipeleri ýerine ýetirmek, medeni-durmuş we önümçilik maksatly binalaryň hem-de inženerçilik ulgamyna degişli desgalaryň gurluşyklarynyň depginini güýçlendirmek we olary bellenilen möhletinde tamamlamak ugrunda amala aşyrylýan toplumlaýyn işler barada hasabat berdi. Öňde boljak şanly senelere medeni-köpçülikleýin çäreleri taýýarlamak barada maglumat berildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gallaçy daýhanlaryň durmuşynda möhüm möwsüm bolan galla oragyna guramaçylykly girişmek we ony ýokary hilli hem-de gysga wagtda tamamlamak ugrunda ähli zerur tagallalaryň edilmelidigine ünsi çekdi. Şol bir wagtyň özünde gowaça ideg etmek, zyýankeşleriň we keselleriň ýüze çykmagynyň öňüni almak meselelerine agrotehniki kadalara laýyklykda çemeleşilmelidir. Döwlet Baştutanymyz sebitiň ýeralma, gök we bakja ekinleri ösdürilip ýetişdirilýän meýdanlarynda agrotehniki çäreleriň öz wagtynda we ýokary hilli geçirilmeginiň geljekki bol hasylyň kepilidigini belledi hem-de bu ugurda alnyp barylýan işleri talabalaýyk ýola goýmak babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Giňişleýin
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Karary

30.05.2022

Ussat halyçy Ogulgerek Berdimuhamedowa «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly ady dakmak hakynda Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda halkymyzyň medeni mirasyny, ruhy-medeni gymmatlyklaryny, däp-dessurlaryny dikeltmek, gorap saklamak, ösdürmek, wagyz etmek we ony geljekki nesillerimize geçirmek ugrunda ýurdumyzda alnyp barylýan syýasatyň netijesinde türkmen medeniýeti we sungaty dünýä derejesinde dabaralanýar. Köklerini asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan, nesillerimize arkama-arka geçip gelýän milli el işlerimiz, halylarymyz, keçelerimiz, nepis keşdelerimiz ajaýyp sungat eserleri hökmünde dünýä ýaýylýar. Häzirki wagtda türkmen halylarynyň gadymdan gelýän nusgalaryny aýawly saklamak, bütin dünýäde wagyz etmek boýunça uly işler alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyzyň milli halyçylyk sungatyna bagyşlanan «Janly rowaýat» we «Arşyň nepisligi» atly ajaýyp eserleri Ýer ýüzünde el halylarynyň şöhratyny has-da belende galdyryp, halyçylar üçin egsilmez ylham çeşmesi bolup hyzmat edýär. Türkmen halysy halkara sergilerde ençeme gezek görkezilip, dünýäniň görnükli muzeýleriniň törüniň bezegine öwrüldi. Bu günki gün ajaýyp haly gölleri Döwlet tugumyzy we Döwlet tugramyzy bezeýär. «Altyn asyr» halysy elde dokalan halylaryň dünýäde iň ulusy hökmünde ykrar edilip, Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.

Giňişleýin
Hormatly Prezidentimiz Daşoguzda täze hassahanalaryň açylyş dabaralaryna gatnaşdy

27.05.2022

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Daşoguz welaýatyna dowam edýän toý saparynyň çäklerinde ýurdumyzyň demirgazyk sebitiniň dolandyryş merkezinde bina edilen lukmançylyk desgalarynyň ikisiniň — köpugurly we onkologiýa hassahanalarynyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy. Mälim bolşy ýaly, halkymyzyň saglygy hem-de abadançylygy baradaky alada “Döwlet adam üçindir!” diýen şygar esasynda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň ileri tutulýan wezipeleriniň biridir. Täze taryhy eýýamda ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeler maksatnamalarynyň möhüm ugurlary Diýarymyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny has-da ösdürmekden hem-de kämilleşdirmekden, pudagyň düzümlerini düýpli döwrebaplaşdyrmakdan, öňdebaryjy täzeçil tehnologiýalary ornaşdyrmakdan, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakdan, ylmy we amaly lukmançylyk babatda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary giňeltmekden ybaratdyr. Döwrüň talaplaryna kybap gelýän, dünýäniň öňdebaryjy öndürijileriniň iň täze enjamlary bilen üpjün edilen iri lukmançylyk merkezleri munuň aýdyň subutnamasydyr. Olar paýtagtymyzda, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda, hatda iň alys künjeklerinde-de guruldy we gurulýar. Munuň özi ýokary derejeli lukmançylyk kömegini gönüden-göni ýerinde bermäge mümkinçilik döredip, adamyň ömür dowamlylygynyň artmagyna ýardam berýär. Bularyň ählisi soňky ýyllarda ýurdumyzda halkyň saglygyny goramak we berkitmek, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmek, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini wagyz etmek babatda uly üstünlikleriň gazanylýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär. Bu ugurda alnyp barylýan maksada gönükdirilen işler dünýä jemgyýetçiliginiň we abraýly halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň hem-de onuň iri düzümleriniň — Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň, BMG-niň Çagalar gaznasynyň we beýleki düzümleriň giň goldawyna mynasyp boldy. Olar bilen ýurdumyz işjeň, netijeli hyzmatdaşlygy ösdürýär.

Giňişleýin
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi

26.05.2022

“Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyndan” ugur alyp, Býujet kodeksine laýyklykda, 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň we «Türkmenistanyň maýa goýum Maksatnamasynyň» taslamalaryny öz wagtynda taýýarlamak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Maliýe we ykdysadyýet ministrligi: — Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň we «Türkmenistanyň maýa goýum Maksatnamasynyň» taslamalaryny taýýarlamak işlerini guramaga we olary 2022-nji ýylyň 1-nji noýabryna çenli Ministrler Kabinetine bermäge; — ýokarda görkezilen taslamalary düzmek üçin hasaplama görnüşlerini we usulyýet görkezmelerini ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerine 2022-nji ýylyň 1-nji iýunyna çenli ibermäge; — bu taslamalary taýýarlamak üçin hünärmenlerden ybarat iş toparyny döretmäge we onuň işini netijeli guramaga borçly edildi.

Giňişleýin
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisi

26.05.2022

Daşoguz welaýatyna toý sapary bilen gelen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu gün Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň demirgazyk sebitini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy we birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Muhammedow hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyrygyna laýyklykda, geljek ýedi ýylda döwletimizi ösdürmegiň Prezident maksatnamasyny taýýarlamagyň çäklerinde Daşoguz welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça teklipler barada hasabat berdi. Bu strategik meýilnamanyň çäklerinde geljek ýyllarda ýurdumyzyň demirgazyk welaýatynda senagat toplumynyň ähli ulgamlaryna iri maýa goýumlaryny çekmegiň hasabyna gaz-himiýa, energetika, ýeňil senagat we gurluşyk serişdeleri pudaklaryny döwrebaplaşdyrmak, sebitiň ykdysadyýetine innowasion we sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak, gaýtadan işleýän senagaty mundan beýläk-de işjeňleşdirmek göz öňünde tutulýar. Ulag-logistika ulgamynyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak, üstaşyr we multimodal ýük gatnawlarynyň möçberini artdyrmak, welaýatyň çäginde oba hojalyk maksatly ýer gaznalaryny dolandyrmagy kämilleşdirmek, suw tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen oba hojalygy we onuň bilen baglanyşykly pudaklary, maldarçylygy ösdürmek, öri meýdanlaryny giňeltmek, azyk önümleriniň önümçiligini ýokarlandyrmak ilkinji nobatdaky wezipeleriň hataryndadyr.

Giňişleýin
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ABŞ-nyň işewür toparlarynyň wekillerini kabul etdi

24.05.2022

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Türkmenistan — ABŞ” işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuarty hem-de “Niсklaus Сompanies” kompaniýasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory we direktorlar geňeşiniň agzasy Jon Rizi kabul etdi. Işewürler döwlet Baştutanymyza wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyklaryny beýan edip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Prezident saýlawlaryndaky ynamly ýeňşi bilen gutladylar hem-de iň ýokary döwlet wezipesindäki işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdiler. Myhmanlar amerikan işewürleriniň giň möçberli halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny alyp barýan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan bilen soňky ýyllarda ýola goýlan netijeli gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn giňeldilmegine gyzyklanma bildirýändiklerini bellediler. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gutlaglar we hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy maksadynyň deňhukukly esasda ähli gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlar, şol sanda ABŞ-nyň iri kompaniýalary bilen netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmakdan ybaratdygyny belledi. Iň gowy dünýä tejribesini we öňdebaryjy tehnologiýalary işjeň çekmegiň hasabyna ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek strategiýasyny amala aşyrýan Türkmenistan netijeli hyzmatdaşlyk üçin hemişe açykdyr. ABŞ-nyň işewür toparlarynyň türkmen bazarynda orunlaryny pugtalandyrmak üçin edýän tagallalaryny goldaýarys diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Giňişleýin
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi

23.05.2022

Halkymyzyň milli buýsanjy bolan meşhur ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny artdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ahal welaýatynyň häkimligine meşhur Akhan bedewiniň heýkeli ýerleşdirilen monumentiň taslamasyny düzmek hem-de gurmak barada “Sport ýyldyzy” hususy kärhanasy bilen şertnamany baglaşmaga ygtyýar berildi. Gurluşyk işlerine 2022-nji ýylyň maý aýynda başlamak we monumenti 2022-nji ýylyň dekabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

Giňişleýin
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

23.05.2022

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda bellenilen wezipeleri ýerine ýetirmek, möwsümleýin oba hojalyk işlerini geçirmek hem-de öňde boljak baýramçylyk senelerine taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahatyny açyp, ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berdi. Häkim welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda ideg işleriniň geçirilişi, galla oragyny guramaçylykly geçirmäge hemmetaraplaýyn taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Mundan başga-da, häkim ýeralmany we gök-bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirmek hem-de bu önümler bilen ilatymyzy üpjün etmek boýunça amala aşyrylýan işler barada aýtdy. Şeýle hem welaýatda pile taýýarlamak möwsümini netijeli jemlemek hem-de bu gymmatly çig maly tabşyrmak baradaky bellenen meýilnamany doly berjaý etmek ugrunda alnyp barylýan işler barada hem hasabat berildi. Hasabatyň dowamynda şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň barşy barada hem hasabat berildi. Häkim welaýatyň orta mekdeplerinde «Soňky jaň» dabarasyny guramaçylykly geçirmek boýunça görülýän taýýarlyk işleri hakynda hem aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gowaça ideg etmek bilen bir hatarda, bu işlerde oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallarynyň doly güýjünde işledilişine, ekinleriň mineral dökünler bilen üpjün edilişine, şol sanda zyýankeşleriň we keselleriň ýüze çykmagynyň öňüni almak ugrunda bioönümleriň ulanylyşyna uly ähmiýet bermegiň zerurdygyny nygtady.

Giňişleýin
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasaryny kabul etdi

20.05.2022

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza gelen Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary Roman Sklýary kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi we söhbetdeşlikde döwletara hyzmatdaşlygynyň käbir meselelerini ara alyp maslahatlaşmak babatda döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň mähirli salamyny ýetirdi. Ol döwlet Baştutanymyza ýurdumyzy okgunly ösdürmäge gönükdirilen döwlet işinde üstünlikleri arzuw etdi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurduň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna we halkyna bagt hem-de abadançylyk baradaky arzuwlaryny beýan etdi. Garaşsyz Türkmenistan Gazagystan bilen däp bolan hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, ilkinji nobatda bolsa, iri halkara guramalarynyň hem-de abraýly sebit düzümleriniň ugry boýunça mundan beýläk-de pugtalandyrmagy göz öňünde tutýar. Duşuşykda şu ýyl diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyny belleýän biziň ýurtlarymyzyň geçen ýyllaryň dowamynda nusgalyk döwletara hyzmatdaşlygyny ýola goýandygy nygtaldy. Söhbetdeşler özara gyzyklanmany nazara almak bilen, hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň açylýandygy bilen baglylykda, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda netijeli türkmen-gazak gatnaşyklaryny işjeňleşdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdiler.

Giňişleýin
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

19.05.2022

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda resminamalaryň taslamalaryna hem-de birnäçe meselelere garaldy. Döwlet Baştutanymyz gün tertibine geçip, ilki bilen, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa söz berdi. Ol häzirki wagtda alnyp barylýan işler barada habar berdi. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilmeginiň we ýurdumyzyň Döwlet baýdagynyň döredilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli maý aýynda göz öňünde tutulan çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda, Milli Geňeşiň Halk Maslahaty, jemgyýetçilik birleşikleri hem-de döwlet düzümleri bilen bilelikde ylmy-amaly maslahat geçirildi. Döwletimiziň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň ileri tutulýan ugurlary nazara alnyp, hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça işler dowam edýär. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryna laýyklykda, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginden, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinden, Söwda-senagat edarasyndan, Dokma senagaty ministrliginden “Salgytlar hakynda” Türkmenistanyň Bitewi kanunyny, Gümrük kodeksini, “Daşary ýurt maýa goýumlary hakynda” Türkmenistanyň Kanunyny kämilleşdirmek boýunça gelip gowşan teklipler öwrenilýär. Soňra Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýew milli kanunçylygy kämilleşdirmek we döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan maksatnamalaýyn işler baradaky maglumatlar bilen çykyş etdi.

Giňişleýin
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna

18.05.2022

Mäh­ri­ban hal­kym! Eziz wa­tan­daş­lar! Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak şanly sene — Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilmeginiň hem-de Döwlet baýdagynyň döredilmeginiň şanly 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň Konstitusiýasy we Döwlet baýdagy eziz Watanymyzyň şöhratly geçmişiniň subutnamasydyr, häzirki bagtyýar gününiň hem-de beýik geljeginiň kepilidir, milli döwletlilik ýörelgelerimiziň synmazlygyny, ebediligini ykrar edýän milli gymmatlygymyzdyr. Şoňa görä-de, müdimi mukaddesliklerimiz bolan Garaşsyzlygymyzyň hem-de Bitaraplygymyzyň, Döwlet baýdagymyzyň we Esasy Kanunymyzyň hormatyna gurlan ajaýyp binalar, döredijilik hyjuwyny, zähmet joşgunyny belende göterýän bu mukaddesliklerimiz mynasybetli giňden we dabaraly bellenilip geçilýän milli baýramlar biziň watansöýüjiligimiz bilen berk baglydyr. Yzygiderli ösüşleriň, giň gerimli özgertmeleriň ýoly bilen bedew batly öňe barýan ýurdumyzyň paýtagtynda — dünýäniň ylym we bilim, döredijilik, medeniýet, saglyk, ykdysadyýet, tehnologiýa babatda nusgalyk merkezleriniň birine öwrülýän Aşgabat şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumynyň hem-de zenanlaryň dialogynyň ýokary derejede geçirilmegi Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününiň ähmiýetini has-da şöhratlandyrmak bilen, beýik maksatlarymyzyň töweregine mäkäm jebisleşen mähriban halkymyzy täze zähmet hem-de döredijilik üstünliklerine ruhlandyrýar. Agzybirligimizi has-da pugtalandyrýan, milli döwletlilik ýörelgelerimizi rowaçlandyrýan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň taryhyna şöhratly sahypalar hökmünde ýazylýar.

Giňişleýin
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

16.05.2022

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň obasenagat toplumynda hem-de welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Hormatly Prezidentimiz, ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berdi. Häkim häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, orak möwsümine görülýän taýýarlygyň derejesi, gowaça meýdanlarynda alnyp barylýan ideg işleri barada hasabat berdi. Şol bir wagtyň özünde oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallarynyň öndürijilikli işledilmegi bilen baglanyşykly meseleler üns merkezinde saklanylýar. Häkim ýeralmanyň, gök we bakja ekinleriniň ýokary hasylyny ýetişdirmek hem-de bu önümler bilen bazarlarymyzy bolelin üpjün etmek ugrunda durmuşa geçirilýän toplumlaýyn çäreler hakynda hasabat berdi. Welaýatda pile öndürmek işleri ýokary guramaçylyk derejesinde dowam edýär. Şeýle hem welaýatda häkimligiň ähli düzümlerinde, degişli edara-kärhanalarda sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça ýerine ýetirilýän işler häzirki zamanyň ösen tejribesine laýyklykda alnyp barylýar. Oba milli maksatnamasyna hem-de ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalaryň gurluşyklarynyň alnyp barlyşy barada hasabat berildi.

Giňişleýin
Türkmenistanyň Prezidenti Awstraliýa Arkalaşygynyň General-gubernatoryny gutlady

15.05.2022

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Awstraliýa Arkalaşygynyň General-gubernatory Dewid Jon Hýorlä Türkmenistan bilen Awstraliýa Arkalaşygynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutanymyz hatynda döwletlerimiziň arasyndaky gatnaşyklaryň birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga hem-de özara ynanyşmaga esaslanýandygyny belläp, Türkmenistanyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňeldilmegine gyzyklanma bildirýändigini nygtady, şeýle hem ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň bilelikdäki tagallalar netijesinde iki halkyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, General-gubernator Dewid Jon Hýorlä berk jan saglyk, bagtyýarlyk, rowaçlyk, Awstraliýa Arkalaşygynyň halkyna bolsa ösüş we abadançylyk arzuw etdi.

Giňişleýin
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

13.05.2022

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan meselelerine hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Döwlet Baştutanymyz mejlisi açyp, ozal berlen tabşyryga laýyklykda, gün tertibiniň esasy meselesiniň sanly ulgam bilen baglanyşyklydygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýewe söz berdi. Ol «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» we «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda» bellenilen çäreleriň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Konsepsiýada göz öňünde tutulan wezipeleri üç tapgyrda durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär. Birinji tapgyryň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça Pudagara topary döredilip, onuň düzümi we Düzgünnamasy tassyklanyldy. “Türkmenaragatnaşyk” agentligi sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça ygtyýarly edara hökmünde kesgitlenildi. Ýurdumyzda sanly ykdysadyýetiň möhüm esaslaryny kemala getirmek, ilkinji nobatda, bu ulgamda kadalaşdyryjy hukuk namalaryny yzygiderli kämilleşdirmek, ministrliklerde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda elektron resminama dolanyşygy ulgamyny hem-de web saýtlary döretmek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar.

Giňişleýin