Habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
06.01.2022
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sýan Naýçeni kabul etdi.
Milli Liderimiz we dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekili birek-biregi şu gün bellenilýän Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy bilen gutladylar.
Diplomat duşuşmaga wagt tapandygy we ýüzbe-ýüz söhbetdeşlikde döwletara hyzmatdaşlygyň käbir ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň döwlet Baştutanymyza mähirli salamyny, Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli gutlag hatyny gowşurdy. Dostlukly ýurduň Baştutany hatynda ähli türkmen halkyna parahatçylyk, durnuklylyk we abadançylyk baradaky arzuwlaryny beýan etdi. Şeýle hem milli Liderimize Pekinde geçiriljek XXIV Gyşky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaga resmi diplomatik çakylyk haty gowşuryldy.
Giňişleýin
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Lebap welaýatyna iş sapary
05.01.2022
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Lebap welaýatyna guralan saparyň jemlerine bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi.
Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow, ýangyç-energetika toplumynyň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri, Türkmenistan bilen ýakyn hyzmatdaşlyk edýän Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň (CNPC) wekilleri hem-de Lebap welaýatynyň häkimi gatnaşdylar.
Iş maslahatynda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň düzümleriniň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, pudaga häzirki zaman ylmynyň gazananlaryny ornaşdyrmak, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Döwlet Baştutanymyz «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynda» kesgitlenen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmegiň möhümdigine ünsi çekip, maksatnamada esasy ugurlaryň kesgitlenendigini belledi. Olar toplumy senagatlaşdyrmakdan, ýagny täze nebitgaz känlerini tapmakdan we olary senagat taýdan özleşdirmekden ybaratdyr.
Giňişleýin
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Mary we Lebap welaýatlaryna iş sapary
04.01.2022
Mary welaýatynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün saparyň jemlerine bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýangyç-energetika toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Ş.Abdrahmanow, nebitgaz senagaty edaralarynyň, şeýle hem ýangyç-energetika toplumynyň Mary welaýaty boýunça ugurdaş düzümleriniň ýolbaşçylary, bu sebitiň häkimi gatnaşdylar.
Iş maslahatynyň dowamynda ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny mundan beýläk-de ösdürmegiň, Mary welaýatynda bar bolan känlerde gazyň çykarylyşyny artdyrmagyň, şeýle hem Türkmenistanyň dünýäniň energetika bazarlarynda eýeleýän ornuny pugtalandyrmagyň meselelerine garaldy.
Milli Liderimiz dünýäniň öňdebaryjy we iri energetika döwletleriniň hataryna girýän ýurdumyzda ykdysadyýetiň beýleki pudaklary bilen birlikde nebitgaz pudagynyň ösdürilmegine, oňa häzirki zamanyň ösen tejribesiniň, ylmyň gazananlarynyň işjeň ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýändigini belledi we ugurdaş düzümleriň ýolbaşçylarynyň hasabatlaryny diňledi.
Giňişleýin
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Mary welaýatyna iş sapary
03.01.2022
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy.
Milli Liderimiziň uçary paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinden Mary welaýatyna tarap ugur aldy.
Döwlet Baştutanymyz uçuş wagtynda ýurdumyzda çap edilýän metbugat neşirleriniň mazmuny bilen tanyşdy. Gündogar senenamasy boýunça bars ýyly bolan 2022-nji ýylyň ilkinji günlerinde täze ýylyň her bir pursadynyň ähli ulgamlarda täze, uly üstünliklere beslenmegi üçin milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda zähmet öndürijiligi artýar.
Döwürleýin neşirleriň sahypalarynda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşini, halkymyzyň beýik maksatlary nazarlaýan tagallalaryny giňişleýin gürrüň berýän makalalar ýerleşdirildi. Metbugat makalalarynda bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň ilaty “Halkyň Arkadagly zamanasy” diýen özboluşly, çuňňur mazmunly şygar astynda geçýän ýylda wajyp ýeňişleri gazanmak ugrunda öndürijilikli zähmet çekýär.
Giňişleýin
Döwlet Baştutanymyzyň adyna gelen gutlag hatlar
02.01.2022
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Siziň Alyhezretiňiz!
Koreýa Respublikasyna berýän goldawlaryňyz üçin Size hoşallyk bildirýärin hem-de Täze ýyl mynasybetli koreý halkynyň adyndan mähirli arzuwlary ýetirýärin.
Geçen ýyl biz adamzadyň täzeden galkynmagy we has-da kuwwatly bolmagy üçin tagallalarymyzy birleşdirdik.
Halkara jemgyýetçiligiň raýdaşlygynyň hem-de hyzmatdaşlygynyň güýji durnukly parahatçylygy döretmäge umyt berýär.
Siziň ýurduňyza we maşgalaňyza bagtyýar täze ýyly hem-de berk jan saglyk arzuw edýärin.
Koreýa Respublikasynyň Prezidenti
Giňişleýin
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkyna Täze ýyl gutlagy
01.01.2022
Mähriban halkym!
Eziz watandaşlar!
«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen 2021-nji ýyl tamamlanyp barýar. Ýene-de az salymdan biz üstünliklere beslenen şu ýyl bilen hoşlaşyp, täze — 2022-nji ýyly uly şatlyk we arzuw-umytlar bilen garşylarys.
Geljek ýyl — Gündogar müçenamasy boýunça bars ýyly. «Bars — baýlyk» diýýän halkymyz bu ýyly rysgal-döwletli, bereketli hasaplap, täze ýyla aýdyň maksatlar, uly ynam bilen gadam basýar.
Biz dünýäde dowam edýän çylşyrymly ýagdaýlara garamazdan, 2021-nji ýylda hem ykdysadyýetimiziň durnukly ösmegini gazandyk, il-ýurt bähbitli ençeme döwletli işlere badalga berdik. Köp sanly durmuş we önümçilik maksatly binalarydyr desgalary gurup, işe girizdik. Bagtyýar maşgalalaryň müňlerçesi jaý toýlaryny toýlady.
Umuman, ata Watanymyzyň şanly Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk toýy uly dabaralara beslenip, taryhymyza altyn harplar bilen ýazyldy. Şu ýylyň dowamynda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ulanmaga berlen ýüzlerçe ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriňdir çagalar baglarynyň, saglygy goraýyş, sportdur önümçilik desgalarynyň, seýilgähleriň açylyş dabaralary bu taryhy senä özboluşly öwüşgin berdi. Ýubileý ýylynda gurlup, işe girizilen diňe iri desgalaryň sany 73-e ýetdi. Şolaryň hatarynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat — Tejen bölegini, Kaka we Babadaýhan dokma toplumlaryny, Türkmenabat, Balkanabat hem-de Daşoguz şäherlerindäki «Türkmeniň ak öýi» binalarynydyr beýleki desgalary görkezmek bolar.
Giňişleýin
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň duşuşygyna gatnaşdy
29.12.2021
(2021-nji ýylyň 28-nji dekabry)
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna iş saparyna ugrady. Milli Liderimiz Sankt-Peterburgda geçirilýän GDA ýurtlarynyň Liderleriniň resmi däl sammitine gatnaşdy.
Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar ugratdylar.
Ählumumy koronawirus pandemiýasy zerarly, tutuş dünýäniň ýüzbe-ýüz bolan kynçylyklaryna garamazdan, geçip barýan ýyl Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy üçin örän netijeli ýyllaryň biri boldy. Sebitiň ýurtlarynyň arasynda däp bolan hyzmatdaşlygy ösdürmek we pugtalandyrmak maksady bilen, 1991-nji ýylyň dekabrynda döredilen bu iri sebit guramasy täsin döwletara düzüme öwrüldi. Onda özara gatnaşyklar öňde durýan umumy wezipeler hem-de her bir agza ýurduň milli bähbitleri nazara alnyp guralýar.
Giňişleýin
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň 2022-nji ýyly «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýip yglan etmek hakynda Karary
28.12.2021
Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen yglan edilen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan ýurdumyzyň Garaşsyzlyk senenamasyna baky öçmejek altyn harplar bilen ýazylýar. Hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygynyň ýokary ruhubelentlikde, uly buýsanç bilen dabaraly bellenilip geçilmegi öz milli Lideriniň töweregine has-da mäkäm jebisleşen türkmen halkynyň agzybirliginiň we yhlasly zähmetiniň netijesinde ýurdumyzyň gysga döwrüň içinde gazanan beýik ösüşlerini, ýeten belent sepgitlerini bütin dünýäde dabaralandyrdy.
Giňişleýin
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmen alabaýynyň baýramyny bellemek hakynda Permany
28.12.2021
Türkmen alabaýynyň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak we milli itşynaslygy ösdürmek hem-de kämilleşdirmek maksady bilen, karar edýärin:
1. Türkmen alabaýynyň baýramyny her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde belläp geçmeli.
2. Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasy bilen bilelikde Türkmen alabaýynyň baýramynyň ýokary derejede hem-de guramaçylykly bellenip geçilmegini üpjün etmeli.
3. Ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri Türkmen alabaýynyň baýramynyň dabaraly ýagdaýda bellenip geçilmegine ýardam bermeli.
Giňişleýin
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi
28.12.2021
(2021-nji ýylyň 27-nji dekabry)
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tamamlanyp barýan ýylda Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň Täze ýyl baýramynyň öňüsyrasyndaky jemleýji bilelikdäki mejlisini geçirdi. Oňa Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleri hem çagyryldy.
Mejlisiň gün tertibine geçmek bilen, milli Liderimiz Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa söz berdi. Ol geljek ýylyň şygaryny we nyşanyny taýýarlamak boýunça ýerine ýetirilen işler barada maglumat berdi. 2022-nji ýylyň şygary “Halkyň Arkadagly zamanasy” diýlip yglan edildi hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna ýylyň nyşanynyň taslamasy hödürlenildi.
Asylly däbe görä, döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça ýurdumyzda her ýylyň şygary kesgitlenilýär. Munuň özi döwletimiziň we jemgyýetimiziň häzirki zaman ösüşiniň wajyp ugurlaryna ünsi çekmäge mümkinçilik berýär, Watanymyz hem-de halkymyz üçin möhüm ähmiýeti bolan wakalaryň giňden wagyz edilmegini üpjün edýär.
Giňişleýin
Goranmak ministrligine ýöriteleşdirilen harby mekdebiň taslamasyny düzmek hem-de gurmak barada türk kompaniýasy bilen şertnamany baglaşmaga ygtyýar berildi
27.12.2021
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýöriteleşdirilen harby mekdepleriň okuwçylaryny okatmagyň hilini kämilleşdirmek we olaryň bilim taýýarlygynyň derejesini ýokarlandyrmak, olar üçin häzirki zaman innowasion tehnologiýalaryna laýyk gelýän okuw şertlerini döretmek hem-de Aşgabat şäheriniň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Goranmak ministrligine Aşgabat şäheriniň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy şaýolunyň ugrunda Berdimuhamet Annaýew adyndaky 700 orunlyk 1-nji ýöriteleşdirilen harby mekdebiň binalar toplumynyň taslamasyny düzmek hem-de ony ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada “Rönesans Endüstri Tesisleri Inşaat Sanayi ve Tiсaret A.Ş.” türk kompaniýasy bilen şertnamany, daşarky eltiji suw we lagym üpjünçiliginiň inžener ulgamlaryny gurmak şertinde baglaşmaga ygtyýar berildi.
Giňişleýin
Türkmenistanyň Prezdentiniň gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününi döretmek hakynda Permany
27.12.2021
Aşgabat şäheri, 2021-nji ýylyň 24-nji dekabry.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň gurluşyk, energetika, jemagat hojalygy we senagat pudaklaryny ösdürmekde, ylmy-tehniki innowasiýalaryň gazananlaryna esaslanyp, öndürilýän önümleriň we edilýän hyzmatlaryň möçberini artdyrmakda hem-de täze belentliklere ýetirmekde toplumyň işgärleriniň halal we tutanýerli zähmetini dabaralandyrmak maksady bilen, karar edýärin:
Giňişleýin
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
24.12.2021
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bu işde esasy wezipäniň okatmagyň hem-de harby-watançylyk terbiýesiniň bitewi ulgamyny işläp taýýarlamakdan we durmuşa geçirmekden ybaratdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň döwrebap tehnikalar bilen üpjünçiliginiň ýokary hünärli işgärleriň taýýarlanylmagyny talap edýändigini nygtap, wise-premýere, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew «Türkmenistanyň ulag-logistika merkezi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň daşary ýurtlarda wekilhanalaryny açmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Giňişleýin
Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
24.12.2021
Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny berkitmekde, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmakda, önjeýli jemgyýetçilik işlerinde uly üstünlikleri gazanandyklary üçin, ösüp gelýän ýaş nesli Watana bolan söýgi we wepalylyk, mertlik, halallyk, ýokary ruhubelentlik sypatlarynda terbiýelemäge goşan uly şahsy goşantlaryny hem-de Garaşsyz döwletimiziň we mähriban halkymyzyň öňünde bitiren hyzmatlaryny, köp ýyllaryň dowamynda çeken halal we yhlasly zähmetini nazara alyp, şeýle hem Bitarap döwletimiziň beýik Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli, karar edýärin:
Giňişleýin
Türkmenistanyň Prezidenti daşary syýasy strategiýanyň amala aşyrylyşy boýunça iş maslahatyny geçirdi
22.12.2021
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow bilen iş maslahatyny geçirdi. Onda Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan ugur alnyp durmuşa geçirilýän daşary syýasat ýörelgelerine laýyklykda, birnäçe hyzmatdaş döwletler bilen özara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly meselelere garaldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatyny açyp, ilki bilen, birnäçe guramaçylyk meselelerine garady hem-de degişli resminamalara gol çekdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz türkmen wekiliýetiniň ýakynda Pakistan Yslam Respublikasyna we Hindistan Respublikasyna gulluk iş saparlarynyň netijeleri barada hasabat bermek üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berdi.
Giňişleýin