Habarlar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
22.01.2021
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen resminamalaryň taýýarlanylan taslamalaryna garaldy. Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowa söz berdi. Wise-premýer «Aşgabat şäherinde ýerleşýän käbir binalary hususylaşdyrmak hakyndaky» Kararyň taslamasy hem-de Gymmat bahaly metallar we gymmat bahaly daşlar baradaky komitetde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Giňişleýin
Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Ilham Aliýew möhüm resminama gol çekilmegini mübäreklediler
21.01.2021
Şu gün türkmen paýtagtynda Hazar deňzindäki “Dostluk” ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekmek dabarasy boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Prezident Ilham Aliýew onlaýn görnüşinde bu möhüm resminamanyň kabul edilmegini mübäreklediler. Bu resminamada gadymdan gelýän hoşniýetli goňşuçylyk we dostlukly türkmen-azerbaýjan döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejesi beýan edilýär.
Giňişleýin
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisi
14.01.2021
Lebap welaýatyna iş sapary bilen gelen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ruhyýet köşgünde Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Onda birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy, döwlet durmuşynyň käbir meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Milli Liderimiz mejlisi açyp, şu gün türkmen-owgan dost-doganlyk nyşany hökmünde amala aşyrylan iri üç sany taslamanyň - Akina-Andhoý beketleriň arasyndaky demir ýol böleginiň, Kerki-Şibirgan ugry boýunça elektrik geçirijisiniň hem-de Ymamnazar-Akina we Serhetabat-Turgundy halkara optiki-süýümli aragatnaşyk we üstaşyr ulgamlarynyň gurluşygynyň tamamlanmagy mynasybetli dabaralaryň geçirilýändigini aýtdy. Soňra Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa söz berildi.
Giňişleýin
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maslahat geçirdi
13.01.2021
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, Ahal we Daşoguz welaýatlarynyň häkimleriniň hem-de ýurdumyzyň bilim ministriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek bilen baglanyşykly wezipelere hem-de döwlet durmuşyna degişli möhüm meselelere garaldy. Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berildi.
Giňişleýin
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
08.01.2021
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilen täze, 2021-nji ýylda sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň ilkinji mejlisini geçirdi. Oňa Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleri hem gatnaşdy. Mejlisde döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Pudaklary ösdürmegiň netijeleri, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmegiň meýilnamalary, şeýle hem şanly senäniň — Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy we şu ýylyň şygary mynasybetli geçirilmegi meýilleşdirilen çäreleriň maksatnamalary üns merkezinde boldy. Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa söz berildi.
Giňişleýin
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
06.01.2021
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Täze ýylyň ilkinji Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Milli Liderimiz mejlisiň gün tertibine girizilen meselelere geçip, şu gün ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň geçen 2020-nji ýylda amala aşyran işleriniň netijeleriniň jemleniljekdigini, olaryň öňünde ýakyn geljek üçin durýan wezipeleriň kesgitleniljekdigini belledi. Ilki bilen, geçen ýylda ýerine ýetirilen işler barada hasabat bilen goranmak ministri B.Gündogdyýew çykyş etdi.
Giňişleýin
Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi
04.01.2021
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýen şygar astynda geçýän täze, 2021-nji ýylda ilkinji sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, Aşgabat şäheriniň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleri gatnaşdylar.
Giňişleýin
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
01.01.2021
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Iki ýurduň Liderleri mähirli salamlaşyp, ýetip gelen Täze, 2021-nji ýyl mynasybetli birek-biregi gutladylar hem-de berk jan saglyk, bagt, türkmen we türk halklarynyň abadançylygynyň hem-de rowaçlygynyň bähbidine ähli baglangyçlarynda uly üstünlikleri arzuw etdiler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistan üçin doganlyk döwletdigini nygtady. Bu döwlet bilen özara gatnaşyklara uzakmöhletli, strategik häsiýet mahsusdyr.
Giňişleýin
Milli Liderimiz ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
6-njy noýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň daş-töweregini bagy-bossanlyga öwürmegiň giň gerimli nobatdaky tapgyryna badalga berildi. Bu ägirt uly maksatnamany amala aşyrmaga halkymyz işjeň gatnaşýar. Döwlet Baştutanymyz adamlaryň oňaýly ýaşamagynyň we dynç almagynyň amatly mümkinçiliklerini döretmegiň möhüm şerti hökmünde bu asylly işe aýratyn üns berýär.
Dabara gatnaşyjylar ir säher bilen paýtagtymyzyň günorta böleginde, Magtymguly Pyragynyň täze gurulýan asman bilen Zemin aralygyndaky beýik ýadygärliginiň ýanynda 13,5 gektar meýdanda bag ekmek üçin ýörite taýýarlanylan ýere ýygnandylar.
Beýik akyldar şahyryň hormatyna döredilýän toplumyň çäginiň abadanlaşdyrylyşy, Aşgabadyň bagy-bossanlyga bürenmegi, paýtagtymyzda ýokary ekologik abadançylygyň saklanmagy bilen bagly meseleler milli Liderimiziň hemişe üns merkezinde durýar.
Şu ýylyň 26-njy oktýabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň günorta bölegine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň töwereginde tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.
Giňişleýin
Milli Liderimiz ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
6-njy noýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň daş-töweregini bagy-bossanlyga öwürmegiň giň gerimli nobatdaky tapgyryna badalga berildi. Bu ägirt uly maksatnamany amala aşyrmaga halkymyz işjeň gatnaşýar. Döwlet Baştutanymyz adamlaryň oňaýly ýaşamagynyň we dynç almagynyň amatly mümkinçiliklerini döretmegiň möhüm şerti hökmünde bu asylly işe aýratyn üns berýär.
Dabara gatnaşyjylar ir säher bilen paýtagtymyzyň günorta böleginde, Magtymguly Pyragynyň täze gurulýan asman bilen Zemin aralygyndaky beýik ýadygärliginiň ýanynda 13,5 gektar meýdanda bag ekmek üçin ýörite taýýarlanylan ýere ýygnandylar.
Beýik akyldar şahyryň hormatyna döredilýän toplumyň çäginiň abadanlaşdyrylyşy, Aşgabadyň bagy-bossanlyga bürenmegi, paýtagtymyzda ýokary ekologik abadançylygyň saklanmagy bilen bagly meseleler milli Liderimiziň hemişe üns merkezinde durýar.
Şu ýylyň 26-njy oktýabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň günorta bölegine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň töwereginde tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.
Giňişleýin
Türkmenistanyň Prezidenti harby we hukuk goraýjy edaralara degişli täze desgalaryň gurluşygynyň barşy hem-de taslamalary bilen tanyşdy
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralaryň Hojalyk müdirligini döretmek boýunça ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi, ol ýerlerde gulluk itlerini saklamak üçin niýetlenen binanyň, şeýle hem bu düzümlere degişli athananyň gurluşyklarynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.
Ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, harby gullukçylaryň ýokary derejeli gulluk etmeklerini, göwnejaý dynç almaklaryny we dürli hünärleri ele almaklaryny üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleler döwlet Baştutanymyzyň hemişe üns merkezinde durýar.
Hormatly Prezidentimiz harby we hukuk goraýjy edaralaryň azyk önümleri bilen üpjünçiligini has-da gowulandyrmak maksady bilen, olaryň ekerançylyk işleri bilen meşgullanmagynyň, dürli görnüşli önümleri öndürmek meselelerini ýola goýmagynyň uly geljeginiň bardygyny belleýär. Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň 3-nji noýabrda geçirilen mejlisinde ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň Hojalyk müdirligini döretmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Giňişleýin
Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny berkitmekde, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmakda, önjeýli jemgyýetçilik işlerinde uly üstünlikleri gazanandyklary üçin, ösüp gelýän ýaş nesli Watana bolan söýgi we wepalylyk, mertlik, halallyk, ýokary ruhubelentlik sypatlarynda terbiýelemäge goşan uly şahsy goşantlaryny hem-de Garaşsyz döwletimiziň we mähriban halkymyzyň öňünde bitiren hyzmatlaryny, köp ýyllaryň dowamynda çeken halal we yhlasly zähmetini nazara alyp, şeýle hem Bitarap döwletimiziň beýik Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli, karar edýärin:
Giňişleýin
Türkmenistanyň Prezdentiniň gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününi döretmek hakynda Permany
Aşgabat şäheri, 2021-nji ýylyň 24-nji dekabry.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň gurluşyk, energetika, jemagat hojalygy we senagat pudaklaryny ösdürmekde, ylmy-tehniki innowasiýalaryň gazananlaryna esaslanyp, öndürilýän önümleriň we edilýän hyzmatlaryň möçberini artdyrmakda hem-de täze belentliklere ýetirmekde toplumyň işgärleriniň halal we tutanýerli zähmetini dabaralandyrmak maksady bilen, karar edýärin:
Giňişleýin
Türkmenistanyň başlangyçlary ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini açýar
Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahat öz işini tamamlady. “Aşgabat prosesi: arabaglanyşygy pugtalandyrmak üçin maliýeleşdirmek” atly maslahat Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda guraldy.
Utgaşykly görnüşde geçirilen çärä dünýäniň 40-a golaý döwletinden hem-de halkara düzümleriň, şol sanda BMG-niň edaralarynyň, abraýly sebit we sebitara guramalaryň we maliýe institutlarynyň hem-de seljeriş merkezleriniň, hususy ulgamyň 30-dan gowragynyň wekilleri, ýurdumyzyň hökümetiniň agzalary, birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.
Düýn maslahatda edilen çykyşlarda forumyň ähmiýeti we öz wagtynda çagyrylandygy nygtaldy. Foruma gatnaşyjylaryň uly düzümi ýurdumyza hormat goýulýandygynyň, onuň ulag ulgamynda ählumumy hyzmatdaşlyga goşýan goşandynyň ykrar edilýändiginiň nobatdaky aýdyň subutnamasyna öwrüldi.
Giňişleýin
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
Mähriban halkym!
Eziz watandaşlar!
Sizi halklary we döwletleri jebisleşdirýän Halkara Bitaraplyk güni hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky Kararnamany kabul etmeginiň 27 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Mundan 27 ýyl ozal — 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda 185 döwletiň, şeýle-de 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda bu guramanyň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde 193 döwletiň biragyzdan goldamagynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň iki gezek kabul edilmegi dünýä taryhynda örän ähmiýetli wakadyr. Bütindünýä bileleşigi tarapyndan beýik gymmatlyk hem-de ählumumy taglymat hökmünde ykrar edilen Bitaraplygymyzyň baş maksady adamzadyň we geljegiň bähbitlerine gönükdirilen parahatçylyk, dostluk ýörelgeleri esasynda bütin dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy goramakdyr. Şu nukdaýnazardan, Aziýanyň we Ýewropanyň çatrygynda ýerleşen döwletimiziň hemişelik Bitaraplygy halkara hyzmatdaşlygyň geriminiň giňemegine we dostlukly gatnaşyklaryň ösmegine kuwwatly itergi berdi.
Giňişleýin