Habarlar

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna

28.09.2021

Mähriban halkym! Eziz watandaşlar! Sizi beýik sene — Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Mundan 30 ýyl ozal dünýäniň syýasy kartasynda Garaşsyz Türkmenistan döwleti peýda boldy. Berkarar döwletimiziň iň täze taryhy, biziň ösüşlerimiz we üstünliklerimiz dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen Garaşsyzlygymyzdan başlanýar. Geçen 30 ýylda ýurdumyzda dünýä ýaň salan ägirt uly işler bitirilip, ähli ugurlarda asyrlara barabar ýol geçildi. Munuň özi eziz Diýarymyzyň durmuş-ykdysady ösüşleriň täze sepgitlerine tarap yzygiderli öňe barýandygyny, onuň halkara abraýynyň gyşarnyksyz ýokarlanýandygyny görkezdi.

Giňişleýin
Türkmenistanyň täze raýatlaryna pasportlar gowşuryldy

25.09.2021

Şu gün döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Döwlet migrasiýa gullugynda Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilen adamlara pasportlary gowşurmak dabarasy boldy. Bu waka Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň türkmen halkyna mahsus bolan hem-de täze taryhy döwürde mynasyp beýanyny tapýan ynsanperwerlik däplerine, ýörelgelerine hem-de hoşniýetli erk-islegine üýtgewsiz ygrarlydygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Ynsanperwerlik ugry ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň möhüm bölegidir. Onda adam jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy diýlip kesgitlenildi. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli kanunçylygyň hem-de umumy kabul edilen halkara kadalaryň esasynda ýurdumyzda ýaşaýan ähli adamlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny we bähbitlerini goramak, kepillendirmek boýunça işler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisindäki sanly ulgam arkaly taryhy çykyşynda: «Ynsanperwerlik ugrundaky meseleler Türkmenistanyň BMG bilen hyzmatdaşlygynyň gün tertibiniň esasy ugurlarynyň biridir» diýip bellemegi munuň nobatdaky subutnamasy boldy.

Giňişleýin
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlisinde sanly ulgam arkaly çykyş etdi

25.09.2021

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş Assambleýasynyň Nýu-Ýorkda ýerleşen BMG-niň Ştab-kwartirasynda geçen hepdede açylan 76-njy mejlisinde sanly ulgam arkaly çykyş etdi. Şu ýyl çäreleriň onlaýn hem-de oflaýn görnüşlerde geçirilýändigini bellemek gerek. Bu ýagdaý Ýer ýüzünde dowam edýän COVID-19 pandemiýasy bilen şertlendirilendir. Şu hepde — BMG-de döwletleriň we hökümetleriň baştutanlarynyň gatnaşmagynda Baş Assambleýanyň nobatdaky mejlisiniň umumy geňeşmeleriniň hepdesi. 2021-nji ýylda döwlet Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny belleýän Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň ygtybarly hyzmatdaşy hökmünde strategik häsiýete eýe bolan köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygy has-da giňeltmegi ugur edinýändigini iş ýüzünde tassyklaýar. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisiniň gün tertibinde halkara gatnaşyklaryň ähli ugurlaryny öz içine alýan meseleleriň giň topary bar. Esasy temalaryň hatarynda bolsa dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, häzirki zamanyň ählumumy wehimlerine we howplaryna garşy hereket etmek, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek, ekologiýa we beýleki meseleler durýar. Pandemiýa garşy göreşmek hem-de netijeli köptaraplaýyn usullary işläp düzmek arkaly onuň täsirlerini ýeňip geçmek meselesine aýratyn üns berilýär.

Giňişleýin
Türkmenistan — BMG: ählumumy parahatçylygyň we ynanyşmagyň bähbidine hyzmatdaşlyk

23.09.2021

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Daşary işler ministrliginde Birleşen Milletler Guramasy bilen bilelikdäki «Ählumumy pandemiýa bilen baglanyşykly köpdürli töwekgelçilikleri we howplary azaltmak üçin habarlylygy ýokarlandyrmak we bu işe ýaşlary çekmek» atly Maksatnama gol çekmek dabarasy boldy. BMG tarapyndan resminama BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko gol çekdi.

Giňişleýin
Döwlet Baştutanymyz iş kesilenleriň günäsini geçmek hakynda Permana gol çekdi

21.09.2021

Beýik ata-babalarymyzyň bize wesýet eden rehimdarlyk we ynsanperwerlik däplerini goldanyp, türkmen jemgyýetiniň hem-de her bir maşgalanyň agzybirligini we bitewüligini has-da pugtalandyrmak maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi.

Giňişleýin
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

21.09.2021

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Giňişleýin mejlise Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň ýolbaşçylary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleri çagyryldy. Milli Liderimiz mejlisiň gün tertibini yglan edip, döwletimiziň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň ýetip gelýändigini belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hemmeleri şanly sene — Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady we mundan 30 ýyl ozal dünýäniň syýasy kartasynda Garaşsyz Türkmenistan döwletiniň peýda bolandygyny belledi. Şu döwürde ýurdumyzda dünýä ýaň salan ägirt uly işler bitirilip, ähli ugurlarda asyrlara barabar ýol geçildi. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň döwlet we jemgyýetçilik durmuşynda, mähriban halkymyzyň aň-düşünjesinde ägirt uly özgerişler bolup geçdi. Döwlet Garaşsyzlygy milli ruhy we maddy gymmatlyklarymyzy dikeltmäge, müňýyllyklardan gözbaş alyp, nesilden-nesle geçip gelýän parahatçylyk, dostluk we belent ynsanperwerlik däplerimizi Ýer ýüzünde giňden dabaralandyrmaga mümkinçilik berdi.

Giňişleýin
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek hakynda Permana gol çekdi

20.09.2021

Ata-babalarymyzyň adamkärçilik, ynsanperwerlik we ýagşylyk etmek ýaly däplerinden ugur alyp hem-de adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak bilen bagly halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna eýerýändigimize esaslanyp, adamlaryň raýatlygy erkin saýlap almak hukugyny nazara almak bilen, şeýle hem «Türkmenistanyň raýatlygy hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň çäginde hemişelik ýaşaýan, raýatlygy bolmadyk adamlaryň uly topary Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edildi. Daşary işler ministrligine, Içeri işler ministrligine, Döwlet migrasiýa gullugyna beýleki dahylly ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek barada ýüz tutan, raýatlygy bolmadyk adamlaryň resminamalaryny resmileşdirmek işlerini Türkmenistanyň Prezidentine degişli teklipleri bermek üçin dowam etdirmek tabşyryldy.

Giňişleýin
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow baýramçylygyň öň ýanynda täze desganyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

17.09.2021

Şu gün, eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda paýtagtymyzda ýene-de bir desganyň açylyş dabarasy boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Köpetdag şaýolunyň ugrunda bina edilen täze Döwlet münberiniň toplumy açyldy. Ýurdumyzyň taryhyndaky şanly seneler mynasybetli dabaraly çäreleriň geçiriljek ýeri bolan bu toplum Aşgabadyň günorta böleginde kemala gelýän täze edara ediş-medeni merkeziň ajaýyp binagärlik toplumy bilen sazlaşykly utgaşdy. Döwlet Baştutanymyzyň awtoulagy baýramçylyk äheňinde gurnalan, ak reňkli howa şarlary bilen bezelen derwezäniň öňündäki meýdançada saklanýar. Sungat ussatlarynyň, paýtagtymyzdaky ýokary okuw mekdepleriniň döredijilik toparlarynyň çykyşlary dabara özboluşly baýramçylyk öwüşginini çaýdy. Olar Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzy wasp edýän köpöwüşginli aýdym-sazly çykyşlary taýýarladylar. Dabaraly pursat gelip ýetýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda toý bagyny kesýär. Şeýlelikde, Döwlet münberi açylýar. Şol pursatda dürli reňkdäki howa şarlary asmana uçurylýar.

Giňişleýin
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

17.09.2021

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, onuň dowamynda döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem möhüm pudaklaryň we tutuşlygyna milli ykdysadyýetimiziň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine gönükdirilen resminamalaryň taslamalarynyň birnäçesine garaldy. Hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly geçirilýän mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedowa söz berdi. Wise-premýer ýurdumyzyň wekiliýetiniň şu ýylyň 27-nji awgusty — 2-nji sentýabry aralygynda Birleşen Arap Emirliklerine bolan iş saparynyň netijeleri barada hasabat berdi. Saparyň çäklerinde BAE-niň Premýer-ministriniň orunbasary we Prezidentiň işleri boýunça ministr bilen hem-de Milli howpsuzlyk boýunça Ýokary Geňeşinde, Daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministrliginde, Energetika we senagat ministrliginde duşuşyklar geçirildi. Gepleşikleriň barşynda syýasy-diplomatik gatnaşyklar, iki ýurduň arasyndaky ykdysady we medeni hyzmatdaşlygy giňeltmek bilen bagly meselelere aýratyn üns berildi. Gazhimiýa senagaty, oba hojalygy, ulag we logistika, maliýe ulgamlarynda döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmak meseleleri hem-de dürli maksatly bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Giňişleýin
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi

16.09.2021

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow adalat ministri B.Muhamedow bilen Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde milli Liderimiziň beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek bilen baglylykda, milli kanunçylygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meselelerine bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi. Döwlet Baştutanymyz iş maslahatynyň barşynda giň gerimli özgertmeleriň hukuk esaslaryny döretmegiň häzirki döwürde amala aşyrylýan döwlet strategiýasynyň esasy wezipeleri bolup durýandygyny belledi. Şunda hereket edýän kanunlaryň yzygiderli kämilleşdirilmegine hem-de bazar ykdysadyýeti şertlerinde pudaklaryň iş netijeliligini ýokarlandyrmaga, dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna işjeň goşulmagyna, sanly ulgamyň ornaşdyrylmagyna, maýa goýum işjeňligini höweslendirmäge, gyzyklanma bildirýän taraplar, abraýly halkara düzümler bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilen täze kanunçylyk namalarynyň kabul edilmegine aýratyn üns berilýär.

Giňişleýin
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

13.09.2021

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda halk hojalyk toplumynyň pudaklarynda şu ýylyň sekiz aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň wajyp meselelerine garaldy. Milli Liderimiz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedowa söz berdi. Wise-premýer 2021-nji ýylyň sekiz aýynyň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi. Hasabat döwründe ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän we ykdysadyýetiň sazlaşykly ösüşiniň üpjün edilmegine gönükdirilen anyk işleriň netijesinde oňyn netijeler gazanyldy. Şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda jemi içerki önümiň durnukly ösüşi üpjün edildi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, önümçiligiň mukdary 5,5 göterim ýokarlandy. Şu ýylyň sekiz aýynda bölek satuw haryt dolanyşygy 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 17 göterim, daşary söwda dolanyşygynyň möçberi 9,6 göterim artdy.

Giňişleýin
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

08.09.2021

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň sekiz aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine hem-de bu düzümleriň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, şol sanda döwletiň howpsuzlygyny, jemgyýetiň durnuklylygyny üpjün etmek, maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak bilen baglanyşykly möhüm meselelere garaldy. Ilki bilen goranmak ministri B.Gündogdyýew Milli goşunymyzyň harby birikmelerinde ýanwar — awgust aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri, ýurdumyzyň goranmak ukybyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, degişli düzümleriň işgärler kuwwatyny berkitmek hem-de harby gullukçylaryň durmuş goraglylygyna degişli meseleleri çözmek maksady bilen görlen toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi. Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaraly harby ýörişe taýýarlyk görmek hem-de harby gulluga çagyryş möwsümini ýokary derejede guramak meseleleri barada hem aýdyldy.

Giňişleýin
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

04.09.2021

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi, onda döwlet durmuşyna degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de birnäçe resminamalaryň taýýarlanan taslamalaryna seredildi. Milli Liderimiz gün tertibini yglan edip, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa söz berdi. Ol ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň şanly senesi mynasybetli paýtagtymyzda Halk Maslahatynyň mejlisini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, bu ugurda giň gerimli işler alnyp barylýar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň gün tertibine ýurdumyzyň özygtyýarlylygynyň 30 ýyllygy, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzy ösdürmekde gazanylan taryhy üstünlikler, geljek üçin esasy maksatlar we wezipeler ýaly meseleleri girizmek göz öňünde tutulýar.

Giňişleýin
Milli Liderimiz ýurdumyzyň taryhy, ýaş nesliň mukaddes borçlary hem-de wezipeleri barada umumy sapak geçdi

02.09.2021

Şu gün paýtagtymyzyň Maslahat köşgünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli umumy okuw sapagyny geçdi. Döwlet Baştutanymyz bu ýere ýygnananlar bilen salamlaşyp, talyplary we okuwçylary ýurdumyzda bellenilýän uly baýramçylyk — Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň ýetip gelýän şanly 30 ýyllygy bilen gutlady. Siz bilen duşuşmak, pikir alyşmak, duýgulary paýlaşmak, Garaşsyzlyk ýyllarynyň içinde gazanylan üstünlikleri beýan etmek — hemmämiz üçin uly taryh. Şol nukdaýnazardan, men hem döwlet Baştutany, Belent Serkerdebaşy, mugallym, professor, akademik hökmünde şu gün siz bilen duşuşyp ähli ugurlar boýunça beýan bilen çykyş etmek barada karara geldim diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlara ýüzlendi. Soňra duşuşyga gatnaşyjylar milli Liderimiziň çykyşyny uly üns bilen diňlediler. Men şu gün siziň bilen duşuşyp, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň geçen taryhy ýoly, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş ösüşi, häzirki ýaşlarymyzyň döwletiň, jemgyýetiň, ene-atanyň we maşgalanyň öňündäki wezipe borçlary hakynda umumy sapak geçmek barada karara geldim diýip, hormatly Prezidentimiz köp adamly auditoriýa ýüzlendi.

Giňişleýin
Hormatly Prezidentimiz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli harby ýörişe taýýarlyk görmek boýunça maslahat geçirdi

02.09.2021

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow goranmak ministri B.Gündogdyýew bilen iş maslahatyny geçirdi. Onuň barşynda ýurdumyzyň harby düzümleriniň öňünde durýan möhüm wezipeler hem-de Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli harby ýörişi guramaçylykly geçirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Goranmak ministri B.Gündogdyýew ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde işleriň ýagdaýy hem-de ýurdumyzyň goranyş ukybynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna, harby gullukçylaryň gullugy we amatly ýaşaýşy üçin zerur şertleriň döredilmegine gönükdirilen harby özgertmeler barada hasabat berdi. Şeýle hem ministr Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramyna görülýän taýýarlyk işleri barada giňişleýin hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiziň garamagyna şanly sene mynasybetli geçirilýän dabaraly harby ýörişiň meýilnamasy hödürlenildi.

Giňişleýin