05.04.2021
Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 12-nji fewralynda gol çeken Karary bilen tassyklanylan Türkmenistanda we daşary ýurtlarda geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreleriň Maksatnamasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan mart aýynyň 30-na wideoaragatnaşyk arkaly Ýaş hukukçylaryň arasynda halkara bäsleşigi geçirildi.
Bäsleşige beýleki hukukçylar bilen bilelikde prokuratura edaralarynyň işgärleri hem işjeň gatnaşdylar. Agzalýan bäsleşikde Köpetdag etrabynyň prokurorynyň tälim alyjy kömekçisi Jeýhun Atamyradow “Ählumumy we sebit ekologiýa meseleleriniň oňyn halkara hukuk çözgütleri” atly mowzuk bilen çykyş edip 1-nji orna, Daşoguz welaýatynyň harby prokurorynyň tälim alyjy kömekçisi Ýakup Aşyrow “Halkara arbitraž kazyýetleri” atly mowzuk boýunça çykyş edip 3-nji orna mynasyp boldy.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda öz saýlap alan hünärine ussat, daşary ýurt dillerini ýokary derejede özleşdiren, halkara derejesinde ýurdumyzyň abraýyny goramaga ukyply hukukçy hünärmenleri ýüze çykarmak maksady bilen geçirilen bu bäsleşigiň ýaşlary mundan beýläk-de, hünär başarnyklaryny ösdürmäge we kämilleşmäge höweslendirmekde uly ähmiýete eýe boldy.