HALKYŇ BAKY DOWAMATY

16.01.2024

Bu günki gün türkmen halky hormatly Prezidentimiziň baş tutanlygynda baş baýramymyz bolan Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk toýuna taýýarlyk görýär. Garaşsyzlygymyzyň bu şanly senesi türkmen döwletiniň özygtyýarlylygyny, berkararlygyny, milletiň dowamatyny, erkinligini we mertebesini şertlendirýär. Garaşsyzlyk ata-babalarymyzyň özbaşdak döwletli bolmak baradaky arzuwlarynyň amala aşmagyna, köp asyrlyk milli we ruhy gymmatlyklarymyzy, şeýle hem ynsanperwer däplerimizi dikeltmäge mümkinçilik berdi. Çünki Garaşsyzlyk zamanynda merdana ata-babalarymyzyň asyrlar boýy ýüreklerinde ýaşan arzuw-umytlary, erk-islegleri nesil dowamatynda täze ruhda, täze öwüşginde hasyl boldy.

Hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen parasatly şygary barha belentden ýaňlanyp, ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda üstünliklere, öňe gidişliklere badalga berýär. Garaşsyzlygymyzyň her bir ýylynda bolşy ýaly, «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» diýip atlandyrylan bu ýylda hem beýik ösüşlere gönükdirilen toplumlaýyn işler üstünlikli amala aşyrylýar. Has takygy, türkmen halkynyň geljegini nazarlaýan «akylly» şäher konsepsiýasynyň esasynda Arkadag şäheriniň birinji tapgyry gysga döwürde gurlup, dabaraly ýagdaýda açyldy. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan hem-de Arkadagly Serdarymyzyň üstünlikli dowam etdirýän asylly işleri halkymyzyň hal-ýagdaýyny, durmuş şertlerini gowulandyrmaga gönükdirilendir. Şonuň bilen birlikde, ýurdumyzda gurulýan binalar, desgalar ynsan durmuşyny bagtyýarlyga we eşrete beslemäge niýetlenendir.

Şeýle-de halkymyzyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň: «Garaşsyzlyk — Türkmenistan Watanymyzyň, merdana halkymyzyň adyny dünýä tanatdy, şöhratymyzy, mertebämizi äleme ýaýdy» diýip uly buýsanç bilen belleýşi ýaly, Garaşsyzlygymyzyň şöhratly ýyllarynda amala aşyrylýan beýik işleriň her biri dünýä nusgalykdyr. Olardan başga-da, Milli Liderimiziň türkmen halkyna peşgeş eden «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly kitabynda Garaşsyzlygyň hiç bir zat bilen ölçäp bolmaýan beýik düşünjedigi, döwleti miziň, halkymyzyň agzybirliginiň we bitewüliginiň berk esasydygy baradaky pikirleriniň kitabyň içinden eriş-argaç bolup geçýändigi bellärliklidir.

Watanymyzyň şanly Garaşsyzlygyny halkara derejede täze mertebä göterýän hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Berdinazar Hudaýnazarow, Ruhubelent etrap prokuraturasynyň sülçüsi, 3-nji derejeli ýurist.