22.01.2024
Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öň-den görüjilikli başlangyçlary bilen örän gysga wagtda gurlan Arkadag şäheri ylmyň hem-de tehnologiýanyň döwre-bap ýaşaýyş-durmuş üçin gazanan ähli üstünliklerini özünde jemleýän, sebitde ilkinji «akylly» şäher adyny alan ajaýyp şäherdir.
Ýaşaýyş-durmuşymyzda gözelleşdirilen usullary aýry-aýry binalarda ornaşdyrmagyň oňyn taraplary hakynda gyzykly söhbetleriň edilýän döwründe, şol mümkinçilikleri özünde jemleýän, sanly ulgam, «ýaşyl» ykdysadyýet, «ekologik kadalar» ýaly köpugurly ösüşlere doly laýyk gelýän, deňsiz-taýsyz şäher barada gürrüň buýsançly söhbetleriň başydyr.
Gysga wagtda gözümiziň alnynda jenneti mekana öwrülen «akylly» şäher heniz ulanylmaga berilmänkä «Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde durnukly, «ýaşyl», howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek» taslamasyna goşulandygy baradaky güwänamanyň berilmegi, şäheriň açylyş dabarasyna bolsa, dünýäniň çar tarapyndan myhmanlaryň gelmegi aýdylanlary doly tassyklaýan hakykatdyr. Ýene-de bir mysala ýüzlensek, ol hem şäheriň açylyş dabarasynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti tarapyndan Türkiýede öndürilen ak reňkli, «TOGG» kysymly elektromobiliň ikisiniň açarynyň, ajaýyp şähere bolsa halkara guramalaryň daşary ýurt kompaniýalarynyň 20-den gowrak güwänamalarynyň hem-de diplomlarynyň gowşurylmagy ömürlik hakydalarda galjak taryhy pursatlardyr. Bular Köpetdagyň eteginde «akylly» şäher konsepsiýasyna laýyklykda gurlan Arkadag şäherinde ykdysadyýet bilen ekologiýanyň sazlaşykly ýola goýulmagyna, ynsan saglygyna hem-de tebigatyň gözelligine, döwrebap ekologik çözgütlere eýe bolmagyna berlen ýokary bahadyr, adam hakyndaky aladanyň mysalydyr.
«Arkadag şäheri hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi hem döwletimiziň täze taryhyna möhüm sahypany ýazdy. Bu Kanun Arkadag şäheriniň hukuk ýagdaýyny hem-de Arkadag şäheriniň wezipelerini amala aşyrmagy bilen baglylykda döwlet häkimiýet edaralarynyň işiniň, hukuk, guramaçylyk we beýleki esaslaryny kesgitleýär.
Hawa, döwlet ähmiýetli şäher ýurdumyzyň ösüşleriniň aýnasy, geljegimiziň giň mümkinçilikleriniň şäheridir. Halkymyz «Şäher gurmak — ýalkanyş, bina gurmak — sogap iş» diýýär. Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen gözelligiň tebigat, tebigatyň gözellik bilen sazlaşýan ýeri bolan täze şäher beýik binalary, gupba ýaly köşgi-eýwanlary, taýsyz owadanlygy bilen göreni haýrana goýýar.
Jennet Arazowa, Arkadag şäheriniň prokurorynyň hukuk üpjünçiligi boýunça uly kömekçisi.