05.02.2024
«Bitaraplyk» sözüniň manysy gözbaşyny gadymy döwürlerden alyp gaýdýar. Bitaraplyk instituty — döwletiň hukuk derejesi bolup, onuň ösdürilmegi häzirki şertlerde parahatçylygyň we halkara howpsuzlygyň goralmagyna hem-de has-da berkidilmegine ýardam edýär. Halkara hukugynda bar bolan kesgitlemelere laýyklykda, Türkmenistanyň bitaraplygy gelip çykyşy boýunça ykrar edilen, görnüşi boýunça hemişelik, mazmuny boýunça oňyn ýa-da netijeli bolup durýar. BMG-niň tejribesinde ilkinji gezek ýörite Kararnama hökmünde Baş Assambleýanyň biragyzdan kabul eden, giň goldawa eýe bolan hem-de berkidilen çözgüdiniň esasynda ykrar edilen Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi türkmen döwletiniň daşary syýasatynyň esasy ugruny we mazmunyny kesgitledi. Içerki ösüşe, ykdysadyýetde, durmuş ulgamynda giň möçberli meýilnamalaryň ýerine ýetirilmegine, demokratik düzümleriň kemala gelmegine we pugtalandyrylmagyna kuwwatly itergi berdi.
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň häsiýetli aýratynlygy türkmen halkynyň häsiýetine mahsus bolan parahatçylyk söýüjilik, ylalaşyk ýaly ýörelgelerde jemlenýär. Dünýäniň häzirki ýagdaýlaryndan ugur almak bilen, bu dereje döwletleriň arasyndaky ylalaşygyň kadalaşdyrylmagyny, gepleşikler arkaly syýasy, şeýle hem diplomatik ugurlar bilen ýurtlaryň arasyndaky dawalaryň öňüniň alynmagyny kesgitleýär.
Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk derejesini gazanmak bilen, bitarap döwletlere mahsus bolan birnäçe borçnamalary kabul etdi. Bitaraplyk ýörelgesi we onuň bilen bagly bolan borçnamalar milli kanunçylykda, ilkinji nobatda, Türkmenistanyň Konstitusiýasynda we «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynda hukuk taýdan berkidildi we ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn häsiýetli halkara-hukuk resminamalarynda tassyklanyldy.
Dünýä jemgyýetçiliginiň ösüşiniň wajyp wezipeleri hökmünde parahatçylyk, durnukly ösüş, ulag, energetika we ekologiýa howpsuzlygy boýunça Garaşsyz döwletimiziň başlangyçlary esasynda hem-de onlarça döwletleriň awtordaş bolmagynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň dürli ýyllarda Rezolýusiýalaryň ençemesini kabul etmegi hemişelik Bitaraplygyň diňe bir hukuk ýagdaýy bolmak bilen çäklenmän, eýsem, berkarar döwletimiziň ählumumy ösüşiniň hatyrasyna oňyn hyzmatdaşlyk, ynsanperwerlik, parahatçylyk söýüjilik maksatlaryny durmuşa geçirmekde netijeli ýoludygyna şaýatlyk edýär.
Ýurdumyz sebitde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, täze wehimlere hem-de howplara garşy göreşmek meseleleriniň durmuşa geçirilmeginde özüniň hemişelik Bitaraplygynyň iň möhüm wezipesi we aýrylmaz bölegi bolup durýan öňüni alyş diplomatiýasyna aýratyn ähmiýet berýär. BMG-niň Baş Assambleýasynyň çözgüdi esasynda we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň goldaw bermeginde ştab kwartirasy Aşgabatda ýerleşýän BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy-da Bitaraplygyň türkmen nusgasynyň häzirki zaman ähmiýetini hem-de manymazmunyny açyp görkezdi. 2017-nji ýylda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny» atly Kararnamany kabul etmegi, halkara gatnaşyklary tejribesinde Bitaraplyk ýörelgelerini öňe ilerletmek boýunça ulgamlaýyn iş üçin häzirki döwürde geleşikler meýdançasy hökmünde parahatçylygyň, howpsuzlygyň hem-de ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparynyň döredilmegi, ýurdumyzyň tagallalary bilen häzirki şertlerde Bitaraplyk ýörelgeleriniň ähmiýetine we geljegine düşünmek ugurlarynyň ösýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Bitaraplygyň türkmen nusgasy sebitiň durnuklylygyny we howpsuzlygyny, ýurtlaryň we halklaryň parahatçylygynyň hem-de durnukly ösüşiniň bähbidine netijeli gatnaşyklary, hyzmatdaşlygy üpjün etmegiň kuwwatly güýjüne öwrüldi. 2017-nji ýylda Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 12-nji dekabry «Halkara Bitaraplyk güni» diýip yglan etmegi, 2020-nji ýylyň 7-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy boýunça «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy saklamakda we pugtalandyrmakda hem-de durnukly ösüş işinde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti», 2020-nji ýylyň 27-28-nji noýabrynda Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň daşary işler ministrleriniň geňeşiniň 47-nji mejlisinde «Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy sebitinde we tutuş dünýäde halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi saklamakda we pugtalandyrmakda bitaraplyk syýasatynyň orny»,BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2022-nji ýylyň 6-njy dekabrynda geçirilen 77-nji sessiýasynyň 45-nji plenar mejlisinde «2023-nji ýyl — Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly» atly Kararnamalaryň kabul edilmegi ýurdumyzyň Bitaraplyk syýasatynyň giň goldawa eýe bolýandygyny görkezýär. Mälim bolşy ýaly, «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly ählumumy başlangyç dünýä halklarynyň parahatçylyk we birek-birege ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan däp-dessurlaryny berkitmekde, milli gymmatlyklary hem-de oňyn garaýyşlary ösdürmekde halkara bileleşigiň tagallalarynyň utgaşdyrylmagyna gönükdirilendir.
Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň 8-nji iýulyndaky Karary bilen tassyklanan «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy ugrunyň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda» Bitaraplygyň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrundaky çemeleşmeleriň esasy bolup çykyş edýändiginiň beýan edilmegi, bu taglymatyň yzygiderli durmuşa ornaşdyrylýandygynyň, döwrebap garaýyşlar bilen baýlaşdyrylýandygynyň mysallarynyň biri bolup durýar.
Konsepsiýa laýyklykda, ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we strategik durnuklylygy saklamakda hem-de pugtalandyrmakda halkara bileleşigine goldaw bermek Türkmenistanyň BMG-niň çäklerinde alyp barýan işiniň kesgitleýji ugry bolmagynda galýar. Bu ugurda döwletimiz halkara gatnaşyklarynda.
BMG-niň Tertipnamasynyň maksatlaryna we ýörelgelerine esaslanýan ynanyşmak ýagdaýynyň güýçlenmegine ýardam bermek, deňhukuklylygyň hem-de ylalaşygyň esasynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek, Hazar deňziniň hukuk derejesi baradaky konwensiýanyň esasynda, şeýle hem Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak, energetika, ulag we howpsuzlyk ýaly ulgamlardaky uzak möhletleýin bähbitlerini göz öňünde tutmak arkaly Hazar sebitinde hyzmatdaşlygy giňeltmek we durnuklylygy saklamak, Merkezi Aziýada howpsuzlyk, parahatçylyk we ösüş meseleleri boýunça Halkara forumynyň döredilmegine ýardam bermek ýörelgelerini ileri tutýar.
Bosgunlar we raýatlygy bolmadyk adamlar bilen, bagly meseleleri çözmekde Türkmenistanyň gazanan üstünlikleri bitaraplygyň ynsanperwer bölegini düzýär. Türkmenistanyň raýatlygyny alan adamlaryň sany ýylsaýyn artýar. Bu ýagdaý 2024-nji ýyla çenli raýatsyzlygy aradan aýyrmak boýunça dünýä derejesindäki çäräniň nobatdaky sepgidi bolup durýar.
Çärýek asyrda ýetilen sepgitlerden görnüşi ýaly, döwrüň talaplaryna laýyklykda, täze taglymlar hem-de iş ýüzündäki tejribeler bilen baýlaşýan türkmen bitaraplygynyň parahatçylyk söýüjilik, döredijilik hem-de ynsanperwerlik häsiýeti üýtgewsiz galýar. Munuň özi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň döwletli işlerini mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ata-babalarymyzdan miras galan asylly ýörelgeleriň dowamata eýediginiň, uzak geljegi nazarlaýan oýlanyşykly ynsanperwer içeri we daşary syýasatyň subutnamasy bolup durýar.
Didar Orazow, Daşoguz welaýatynyň prokurory, 1-nji derejeli ýurist.