17.02.2024
Hakykatdan hem, Aşgabat — ýurdumyzyň ýüregi, halkymyzyň buýsanjy. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän döwlet syýasatymyzyň rowaç bolmagy bilen, ak şäherimiz Aşgabat has-da gözelleşdi. Hormatly Prezidentimiziň: «Baş şäherimiziň ösdürilmegi uzak möhletli geljegi nazara almak bilen, täzeçil şähergurluşyk syýasatymyzyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar» diýip belleýşi ýaly, paýtagtymyzy ösdürmegiň konsepsiýasy işlenip düzüldi hem-de binalar toplumy tapgyrma-tapgyr, ýokary hilli we öz wagtynda gurlup ulanylmaga berildi.
Ak mermerli paýtagtymyzyň üstünlikleri baradaky hoş habarlar halkymyzyň, hususan-da, ýaş raýatlarymyzyň ýüreklerinde aýratyn orun tutýar. Çünki Aşgabat şäherimiz ýaşlygyň ýalkymly baharyny ýadyňa salýar. Gün-günden gözelleşýär. Sanlyja ýyllaryň içinde gözüňi nurlandyrýan ajaýyp binalar toplumy emele geldi. Ýylsaýyn däl, eýsem, günsaýyn özgerýän Aşgabadymyz ertekilerdäki hyýaly şäheri ýadyňa salýar. Muny ýurdumyza sapara gelýän daşary ýurtly myhmanlar hem tassyklaýarlar
Häzirki wagtda paýtagtymyz diňe bir ajaýyp binalar toplumy bilen tapawutlanman, eýsem, «Dialog — parahatçylygyň kepili» taglymatyny öňe süren ýurduň — Bitarap Türkmenistanyň paýtagty. Parahatçylykly dialoglaryň geçirilýän merkezi. «Dialog — parahatçylygyň kepili» — halkara gatnaşyklaryň täze filosofiýasy. Milletler Bileleşiginiň mynasyp görmeginde, 2007-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi biziň paýtagtymyz Aşgabat şäherinde döredildi. Şol döwürden bäri Aşgabat şäherinde birnäçe özara bähbitli, goňşy we daşary ýurt döwletleri bilen köptaraply hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, düşünişmek, bir-birege ynam etmek we goldamak, parahatçylyk diplomatiýasyny ilerletmek ýaly birnäçe duşuşyklar, forumlar geçirildi. Bulardan başga-da, paýtagtymyz Aşgabatda daşary ýurtlaryň medeniýet günleri bilen bir hatarda, sungat baýramçylyklary, sergiler, festiwallar yzygiderli geçirilýär. Bu bolsa biziň daşary syýasy diplomatiýamyz bilen bir hatarda, medeni diplomatiýamyzyň hem sazlaşykly ösmeginde paýtagtymyzyň ornunyň uludygyna şaýatlyk edýär.
has-da ruhuň göterilýär, kalbyňda juwanlygyň höwesi oýanýar. Döwletimiz tarapyndan ýaş nesillerimiz üçin edilýän aladalar, döredilýän mümkinçilikler ýaşlarymyzda geljege bolan ynamy artdyrýar. Olar bu şäherde öz döredijilik mümkinçiliklerini artdyrýarlar, okaýarlar, döredýärler. Paýtagtymyzda we beýleki döwletlerde geçirilýän halkara olimpiadalarda baýrakly orunlary alyp, ildeşlerimizi begendirýärler
egendirýärler. Şu ýerde ýene bir zady bellemek gerek, Aşgabat şäheri 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilen şäheri. Ol halkara sport çäresi «Aşgabat Aziadasy» ady bilen hem meşhurdyr. Bu we beýleki iri sport çäreleriniň ýokary derejede geçirilmegi hem-de şol ýaryşlarda ýaşlarymyzyň aglabasynyň altyn, kümüş, bürünç medallar bilen ýurdumyzyň sport abraýyna goşant goşmagy ýaşlarda paýtagtymyza bolan buýsanjy artdyrdy. Aşgabatda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hem ýene bir sport baýramçylygynyň, ýagny Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň üstünlikli geçirilendigini bellemelidiris.
Ata-babalarymyzyň bag ekmek ýörelgesi döwrümiziň asylly däbine öwrüldi. Munuň netijesinde, Köpetdagy etekläp oturan paýtagtymyz bagy-bossanlyga bürendi, birnäçe salkyn saýaly baglar emele geldi. Bu bolsa paýtagtymyzyň ekologiýa babatda arassalygyny üpjün edýär. Tämiz dag howasy bilen bag nahallaryndan bölünip çykýan arassa kislorod adam saglygy üçin iň wajyp serişdedir.
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýurdumyzyň gazanan üstünlikleri bilen bir hatarda, ýakynda gelip gowşan hoş habar tutuş halkymyzy has-da begendirdi. Ýagny, Aşgabat şäherimiziň «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizilendigi baradaky hoş habar ak mermerli paýtagtymyzyň dünýäniň iň owadan we ýaşamak üçin has oňaýly şäherleriň biri hökmünde ykrar edilendigini aňladýar. Özi-de, şeýle çözgüdiň şu ýylyň 31-nji oktýabrynda — Şäherleriň bütindünýä gününde kabul edilmegi ýöne ýerden däldir. Merjen şäherimiziň ösüşine, gözelligine dünýä derejesinde ähmiýet berilýändiginden nyşandyr. Türkmenistanyň at gazanan arhitektory, Gahr yman Arkadag ymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde ýurdumyzyň ähli künjekleri bilen bir hatarda, paýtagtymyz Aşgabat şäheri binagärligiň özboluşly ansamblyna öwrüldi. Täze ideýalar, milli öwüşginli bezegler bilen bina edilen ýaşaýyş jaýlar, edara binalar, ýokary okuw mekdepleriniň toplumy halkymyzyň hyzmatynda.
Goý, mundan beýläk hem ak mermerli paýtagtymyzda her bir raýatymyzyň alnyndan ak arzuwlar dogup, onuň wysaly ajaýyp binalaryň gümmezinden lowurdaýan tylla Gün bolup, töwerege şugla saçsyn!
Aziýanyň merjeni adyny alan Aşgabat şäherimizi, sebitde deňi-taýy bolmadyk «akylly» şäher — Arkadag şäherimizi ösüşleriň, öňegidişlikleriň täze-täze derejeleri bilen dabaralandyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, işleri rowaç bolsun!
Göwher Hydyrowa, Arkadag şäheriniň prokuraturasynyň kämillik ýaşyna ýetmedikler we ýaşlar hakyndaky kanunlaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik bölüminiň müdiri, 1-nji derejeli ýurist.