21.02.2024
Ýaşlary hakyky watançylyk, ynsanperwerlik we ýokary ahlaklylyk, Watana we şöhratly taryhymyza, halkymyzyň medeniýetine, däp-dessurlaryna we maşgala gymmatlyklaryna hormat goýmak ruhunda terbiýelemek, ylym-bilime höwesini artdyrmak A rk adag ly Gahr yma n Serdarymyzyň durmuşa geçirýän ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň esasy ugry bolup durýar. Şu maksat bilen, ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, ukyp-başarnygyny artdyrmagy, hünär taýdan kämilleşmegi, giň dünýägaraýyşly, eziz Watanymyza wepaly şahsyýetler bolup ýetişmegi üçin ähli şertler döredilýär. Halkymyzyň gadymdan gelýän türkmençilik dessurlarynyň biri bolan halypa-şägirtlik ýörelgesi mynasyp dowam etdirilýär.
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen işlenilip taýýarlanylan we jemgyýetimizde giňden ara alnyp maslahatlaşylyp kabul edilen «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanuny, «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» ýurdumyzda alnyp barylýan ýaşlar syýasatynyň hukuk binýadyny pugtalandyrmaga hem-de olar üçin döredilýän mümkinçilikleri giňeltmäge ýardam edýär.
Taryhy şahsyýetlerimiziň nusgalyk mekdebine eýerip, ýaşlarda Watana, merdana halkymyza we şöhratly taryhymyza buýsanjy, ylym-bilime höwesi artdyrmak, döwrebap bilim almagy üpjün etmek Türkmenistanyň ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň özeni bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, ýaşlaryň konstitusion, durmuş-ykdysady hukuklarynyň we azatlyklarynyň hem-de kanuny bähbitleriniň we borçlarynyň ähmiýeti barada düşünjelerini artdyrmak, ýaşlaryň döwletiň we jemgyýetiň ähli ulgamlarynda amala aşyrylýan döwrebap özgertmelere hem-de jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm wakalaryna içgin gatnaşmagyny üpjün etmek, şeýle hem olaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak üçin toplumlaýyn hukuk, durmuş, ykdysady we guramaçylyk şertleri döredilýär. Hut şu nukdaýnazardan, hemmetaraplaýyn ösen, halkyň taryhy gymmatlyklaryna gadyr goýýan hem-de ata-babalarymyzyň ýokary medeniýetlilik we adamkärçilik, belent ahlaklylyk, şeýle hem milli ynsanperwerlik ýaly ajaýyp häsiýetlerini özünde jemleýän kämil şahsyýeti kemala getirmek, ýaşlara hemmetaraplaýyn goldaw bermek, olaryň tehnologik ösüşlerden oňat baş çykarmagy üçin döwrebap hünärleri ele almaga, kompýuter we maglumat ulgamyny, sanly innowasion tehnologiýalaryny özleşdirmäge ýardam bermek Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň esasy wezipeleri bolup durýar.
Bilşimiz ýaly, şu buýsançly ýylda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzasy boldy. Bu bolsa ýurdumyzda halkara ýaşlar dialogyny pugtalandyrmak, şeýle hem ýaş nesliň ruhy-ahlak, medeni, aň-paýhas we beden taýdan sazlaşykly ösmegini üpjün etmek bilen baglanyşykly alnyp barylýan işleriň netijeliliginiň subutnamasydyr.
«Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda kesgitlenilen esasy wezipeleri amala aşyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasynyň tassyklanylmagy-da bu ýylyň many-mazmunyny baýlaşdyrdy. Strategiýa sebit we ählumumy derejelerde Türkmenistanyň halkara ýaşlar hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň maksatlaryny hem-de wezipelerini durmuşa geçirmegiň guramaçylyk taraplaryny kesgitleýär.
Ýakynda hormatly Prezidentimiziň Karary bilen, halkara gatnaşyklarynda ýurdumyzyň bähbitlerine mynasyp wekilçilik edip biljek hünärmenleri we dünýä ülňülerine laýyklykda ýokary bilimli diplomatik işgärleri taýýarlamak maksady bilen, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Diplomatik protokol» atly ýöriteleşdirilen okuw merkezini döretmek bellenildi. Munuň özi agzalan Strategiýada görkezilen esasy ugurlaryň biri bolmak bilen, bu resminamanyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýär.
Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň ahyrynda ýaşlaryň dabaraly maslahatynyň we sergisiniň geçiriljekdigini, bu dabarada ýylyň dowamynda ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda geçirilen halkara sport ýaryşlarynda, mekdep okuwçylarynyň olimpiadalarynda, talyp ýaşlaryň bäsleşiklerinde ýeňiji bolanlaryň, şeýle hem ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda zähmet çekip, Diýarymyzyň ösüşine mynasyp goşant goşan ýaşlarymyzyň gazanan üstünlikleriniň jeminiň jemleniljekdigini belledi. Munuň özi ýaşlaryň kalbynda uly buýsanç döretdi.
Gahryman Arkadagymyz: «Biziň geljegimiz ýaşlar bilendir. Ýaşlarymyz taryhy ösüşiň, döwlet syýasatynyň häzirki zaman meýillerini we möhüm ugurlaryny, binýat goýujy taglymlaryny özleşdirmelidirler» diýip, parasatlylyk bilen belleýär. Munuň özi türkmen ýaşlary üçin belent ynam, uly jogapkärçilik bolup, Watanymyzyň gülläp ösüşi üçin uly-uly zähmet ýeňişlerine ruhlandyrýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen ýaşlaryna işlemek, döretmek, okamak, kämilleşmek, ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmek, Garaşsyz ýurdumyzyň ösüşine mynasyp goşant goşmak üçin döwrebap şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Il-ýurt bähbitli beýik işleri üstünliklere beslensin!
Didar Orazow, Daşoguz welaýatynyň prokurory, 1-nji derejeli ýurist.