ÖSÜŞI NAZARLAÝAN ÖZGERTMELER

26.03.2024

Islendik döwletiň ösüşini ylmyň, bilimiň, tehnikanyň ösüşinden aýry göz öňüne getirmek mümkin däl. Bu ugurda soňky gazanylanlary önümçilige ornaşdyrmak milli ykdysadyýeti ösdürmegiň möhüm şerti bolup durýar. Şoňa görä­de, Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen, ýurdumyzda ylym­bilim ulgamy täzeçil başlangyçlar arkaly baýlaşdyryldy, döwrebaplaşdyryldy. «Garaşsyz Watanymyzda örän gysga taryhy döwrüň içinde ylym ulgamynyň binýatlaýyn esaslaryny has­da pugtalandyrmak we dünýä derejesine çykarmak, ylmy barlaglaryň netijeliligini jemgyýetimiziň, döwletimiziň ösüşlerine gönükdirmek, adam maýasyny kämilleşdirmek boýunça düýpli özgertmeler amala aşyryldy» diýýän Arkadagly Gahryman Serdarymyz häzirki döwürde bu ugurdaky oýlanyşykly döwlet syýasatyny mynasyp dowam etdirýär.

Sanlyja ýylyň içinde ýurdumyzda tehnologiýanyň soňky gazananlary ornaşdyrylan täze çagalar baglary, mekdepler, ýörite orta we ýokary okuw mekdepleri, ylmy-barlag merkezleri, ylmy-tejribelik, ylmy-önümçilik institutlary giň gerimde gurlup ulanmaga berildi. Zerur ugurlar boýunça täze hünärleriň öwredilmegi ýola goýuldy. Munuň özi türkmen ýaşlarynyň ylym-bilime bolan höwesini, yhlasyny has-da artdyrdy.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 16-njy maddasynda: «Döwlet ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň ösüşine ýardam edýär, şeýle hem bu ugurlarda halkara hyzmatdaşlygy goldaýar. Döwletiň ylmy-tehniki syýasaty jemgyýetiň we her bir adamyň bähbitlerine ýöredilýär. Döwlet ylmyň we tehnikanyň gazananlarynyň önümçilige ornaşdyrylmagyna ýardam edýär» diýlip bellenilen. Ylmyň, bilimiň, tehnikanyň ösdürilmegine döwlet tarapyndan giň goldaw berilmegi bilen, bu ugurlary ösdürmäge her ýylda döwlet býujetinden uly möçberde maliýe serişdesi gönükdirilýär.

Soňky ýyllarda ylym-bilimiň, tehnikanyň ösdürilmegi babatda alnyp barylýan döwlet syýasatyny hukuk taýdan kämilleşdirmekde birnäçe resminamalar kabul edildi. «Ylmy edaralar hakynda», «Awtorlyk hukugy we gatyşyk hukuklar hakynda», «Ylmy intellektual eýeçilik hakynda», «Ylmy işgäriň hukuk ýagdaýy hakynda», «Döwlet ylmy-tehniki syýasaty hakynda», «Oýlap tapyşlar we senagat nusgalary hakynda», «Innowasiýa işi hakynda», «Ylmy-tehnologiýa parklary hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryny muňa mysal hökmünde görkezmek bolar.

Dünýä döwletlerinde bolşy ýaly, Türkmenistanda hem awtorlyk hukugy, oýlap tapyşlar we beýleki hukuklar kanun arkaly goralýar we höweslendirilýär. Soňky ýyllarda mekdep okuwçylarynyň, talyplaryň arasynda oýlap tapyşlar we ylmy işler boýunça bäsleşikleriň, sergileriň ýygy-ýygydan guralmagy ylym we tehnologiýa babatda täze pikirlere, oýlap tapyşlara höwesi artdyrmakdan, ylmy açyşlara, ýeňişlere ruhlandyrmakdan ybaratdyr. Bu bolsa ýaşlaryň daşary ýurtlarda geçirilýän ylmy bäsleşiklere, olimpiadalara gatnaşyp, ýeňişli orunlary eýelemeklerine badalga berýär.

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna» laýyklykda, göz öňünde tutulýan esasy meýilnamalaryň biri hem ýurdumyzy senagat taýdan ösdürmek bolup durýar. Şoňa görä-de, senagat taýdan ösüşiň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenip, geografik şertler nazarda tutulyp, ýurdumyzyň ähli künjeginde iri önümçilik desgalary gurlup ulanmaga berildi. Şeýle-de, ykdysadyýeti we senagaty diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň anyk maksatnamalary işlenip taýýarlanyldy. Bu bolsa çalt depginler bilen ösýän Türkmenistanyň ýakyn geljekde dünýäniň ösen senagat ýurduna öwrülmeginde täze mümkinçilikleri açýar. Bu maksatlaryň amal bolmagy üçin önümçiligiň ähli ugurlarynda döwrebap bilimli, ylmy taýdan taýýarlykly, öz hünärine ussat ýaşlaryň hatarynyň artmagy zerurdyr. Şu nukdaýnazardan, ylym-bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berlip, ýaşlaryň dünýä ýurtlarynyň abraýly bilim ojaklarynda okamaklary, hünärlerini kämilleşdirmekleri, halkara ylmy maslahatlara, forumlara gatnaşmaklary babatda-da giň mümkinçilikler döredilýär.

Göwher Hydyrowa, Arkadag şäheriniň prokuraturasynyň kämillik ýaşyna ýetmedikler we ýaşlar hakyndaky kanunlaryň ýerineýetirilişine gözegçilik bölüminiň müdiri, 1-nji derejeli ýurist.