MEDENI MIRASYŇ BELENT SARPASY

09.04.2024

         Milli medeni mirasymyz täze taryhy eýýamda döwletiň we jemgyýetiň sazlaşykly ösüşini üpjün etmegiň, nesilleri ruhy, ahlak taýdan kämilleşdirmegiň berk binýatlarynyň biri bolup durýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde medeni mirasymyzy aýawly saklap, dünýä ýaýmakda, geljekki nesillere ýetirmekde gazanylan ägirt uly üstünlikler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe belent derejelere göterilýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilen üstümizdäki ýylda akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilýän dürli derejeli çäreler munuň subutnamalarydyr.

Milli medeni mirasymyzyň gymmatlyklaryny düýpli öwrenmek, gorap saklamak we dünýä ýaýmak boýunça işleriň dowam etdiriljekdigini aýratyn nygtaýan hormatly Prezidentimiziň bu asylly maksatlary dünýä jemgyýetçiliginde uly goldawa eýe bolýar. Munuň şeýledigini Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan 2024-nji ýylyň «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmegi aýdyň subut edýär. Şunuň ýaly buýsançly subutnamalaryň hatarynda Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň sanawyna girizilmegini görkezmek bolar.

Milli medeni mirasymyzy aýawly saklamakda hem-de dünýä ýaýmakda üstünlikli durmuşa geçirýän döwletli tutumlary üçin türkmen halkynyň Milli Liderine we hormatly Prezidentimize aýdylýan alkyşlar egsilmezdir.

Ýunus Erki­now, Türkmenbaşy şäheriniň prokurorynyň kömekçisi, 1-nji derejeli ýurist.