ÇAGALARYŇ HUKUKLARYNYŇ GORAGLYLYGY

12.04.2024

Ýurdumyzda çagalaryň goraglylygy döwlet tarapyndan kepillendirilendir. «Çaganyň hukuklarynyň döwlet kepillikleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda kesgitlenilişi ýaly, on sekiz ýaşyna ýetmedik adam çaga hökmünde ykrar edilip, belli bir hukuga eýe bolmak ukyby onuň doglan pursadyndan ýüze çykýar.

Agzalan Kanuna laýyklykda, Türkmenistanyň çäginde ýaşaýan her bir çaganyň milletine, teniniň reňkine, jynsyna, gelip çykyşyna, durmuş we emläk ýagdaýyna, özüniň we ata-enesiniň ýaşaýan ýerine, diline, bilimine, dini garaýşyna, dogluş ýagdaýyna, saglygyna ýa-da beýleki ýagdaýlaryna garamazdan, hukuklarynyň we azatlyklarynyň deňligini kepillendirilýär. Her bir çaganyň özüne berlen ähli hukuklardan we azatlyklardan peýdalanmaga hukugy bardyr. Çaganyň hukuklary, azatlyklary we kanuny bähbitleri durmuşa geçirilende onuň iň gowy bähbitleri üpjün edilmelidir.

Türkmenistanyň Raýat kodeksine laýyklykda, 14 ýaşdan kiçi, kemala gelmedik çagalaryň ata-eneleriniň, olary perzentlige alanlaryň ýa-da hossarlarynyň ýaşaýan ýeri şol çagalaryň ýaşaýan ýeri diýlip ykrar edilýär. Çagalaryň ene-atalary ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlar bilen bilelikde ýaşamak hukugyny üpjün etmek maksady bilen, 14 ýaşa ýetmedik we ata-eneleri bilen ýaşaýan çagalaryň ýaşaýan ýeri boýunça hasaba alnyşy ata-enesiniň şahsyýetini kesgitleýji resminamanyň, hossarydygyny tassyklaýjy resminamanyň we çaganyň dogluş hakyndaky şahadat namasynyň esasynda amala aşyrylýar. Çaganyň maşgalada ýaşamaga we terbiýelenmäge bolan hukugy olaryň ene-atalary tarapyndan terbiýelenmäge, öz bähbitleriniň üpjün edilmegine we hemme taraplaýyn ösdürilmegine, onuň adamçylyk mertebesiniň hormatlanmagyna bolan hukuklary özünde jemleýär.

Çaga doglan pursadyndan başlap, raýatlyga, millete, ada, familiýa we maşgala gatnaşyklaryna bolan hukuga eýedir. Kemala gelmedik çaganyň ada bolan hukugy onuň kanuny wekili tarapyndan goralýar. Bilşimiz ýaly, çaga at dakylanda, onuň ene-atasynyň bilelikdäki ylalaşygy esasynda dakylýar. Şeýle hem aýry-aýry ýagdaýlarda milli däp-dessurlaryň berjaý edilmegi arkaly ýazgy edilýär. Beýle diýildigi, çaganyň familiýasy olaryň ene-atasynyň isleýşine görä, çaganyň kakasynyň ady boýunça dakylýar. Bu ýagdaýda atasynyň ady görkezilip hem, görkezilmän hem bilner. Özleriniň çagalary barada ata bilen enäniň hukuklary we borçlary deňdir. Ata-enäniň arasyndaky nika bozulan mahalynda hem olar özleriniň çagalary barada deň hukuklardan peýdalanýarlar we borçlary bardyr. Çagalary terbiýelemäge degişli ähli mesele ler ata-enäniň ikisiniň ylalaşmagy bilen çözülýär. Ata-enäniň özara ylalaşygy bolmadyk mahalynda, jedelli mesele ata-enäniň gatnaşmagy bilen hossarlyk we howandarlyk edaralary tarapyndan çözülýär.

Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesiller barada ýadawsyz alada edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun, tutýan tutum lyişleri rowaçlyklara beslensin!

Serdar Ballyýew, welaýat prokuraturasynyň kämillik ýaşyna ýetmedikler we ýaşlar hakyndaky kanunlaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik bölüminiň müdiriniň wezipesini ýerine ýetiriji, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi