22.04.2024
Türkmenistanda milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, giň gözýetimli, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek boýunça uly tagallalar edilýär. Obadyr şäherlerde durmuş ulgamyna degişli desgalar bilen birlikde,döwrebap bilim edaralary yzygiderli gurulýar.
Ýurdumyzda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistanyň 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», beýleki milli maksatnamalarda bilim ulgamyny kämil derejede ösdürmek, ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak ugrunda kesgitlenen wezipeler üstünlikli durmuşa geçirilýär, sanly bilim ösdürilýär.
Milli bilim ulgamynyň dünýä ülňülerine çykarylmagy häzirki döwürde ýurdumyzda toplumlaýyn wezipeleriň üstünlikli çözülmegine ýardam berdi. Munuň özi, ilkinji nobatda, halkara derejeli bilim ojaklarynyň döredilmegi, döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen ýokary okuw mekdepleriniň we beýleki okuw-terbiýeçilik edaralarynyň binalarynyň gurulmagy, olaryň işine iň täze maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy, şol sanda internet arkaly dünýä maglumatlar binýadynyň we elektron kitaphanalaryň giň elýeterliligi bilen baglydyr.
2023-nji ýylyň güýz paslynyň ilkinji gününde Arkadag şäherinde bina edilen dünýä ölçeglerine gabat gelýän Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň, Berdimuhamet Annaýew adyndaky mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň, Saçly Dursunowa adyndaky lukmançylyk orta hünär okuw mekdebiniň, Sahy Jepbarow adyndaky ýörite sungat mekdebiniň, okuw-terbiýeçilik toplumynyň, ýöriteleşdirilen mekdepleriň, çagalar baglarynyň ulanylmaga berilmegi bu ugurda alnyp barylýan işleriň anyk mysallarydyr. Arkadag şäheriniň gurluşygynyň taslamalaryny işläp taýýarlamaga ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary hem-de ýaş hünärmenleri işjeň çekildi. Munuň özi häzirki wagtda türkmen ýaşlarynyň Diýarymyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmelere gatnaşmaklary, öz ukyp-başarnyklaryny iş ýüzünde ýüze çykarmaklary, döredijilik pikirlerini durmuşa geçirmekleri üçin giň mümkinçilikleriň döredilendigine aýdyň şaýatlyk edýär.
Milli ýörelgelere we dünýäniň ösen tejribesine laýyklykda, okuw maksatnamalarynyň, kitaplaryň hem-de gollanmalaryň mazmuny we ylmyusulyýet ugurlary kämilleşdirilýär. Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi hereket edýär. «Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini we olaryň mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020 — 2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň maksatnamasy» hem-de «Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň konsepsiýasy» tassyklanyldy. Bilim ulgamyna dünýä standartlaryny yzygiderli ornaşdyrýan Türkmenistan ynsanperwerlik ugry boýunça Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri (ÝUNISEF, UNFPA, UNDP, ÝUNESKO) bilen özara gatnaşyklary ösdürýär. Ýurdumyzda bilim ulgamynda dünýäniň oňyn tejribesi işjeň öwrenilýär, daşary ýurtlaryň bilim we ylym merkezleri bilen gatnaşyklar yzygiderli giňeldilýär.
Döwlet Baştutanymyzyň tagallalary netijesinde barha giň gerimde ösdürilýän ylymbilim ulgamy ýurdumyzda kämil ýaş hünärmenleriň kemala gelmegini üpjün edýär.
Serdar Muhammedow, Aşgabat şäher prokuraturasynyň Kämillik ýaşyna ýetmedikleriň we ýaşlar hakyndaky kanunlaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik bölüminiň müdiriniň wezipesini ýerine ýetiriji