07.05.2024
Häzirki döwürde Magtymguly Pyragynyň baý edebi mirasyny, çuň manyly döredijiligini dünýä ýüzünde giňden wagyz etmek, onuň goşgularynda öňe sürülýän belent pikirleri öwrenmek babatda birnäçe işler alnyp barylýar.
Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi bolsa ähli watandaşlarymyz üçin buýsançly waka boldy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Magtymguly Pyragynyň pelsepewi esaslara, ylahy garaýyşlara, dünýewi ýörelgelere ýugrulan çeper döredijiligi özboluşly mekdepdir» diýip, parasatlylyk bilen belläp geçişi ýaly, Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde sowatlylyk pelsepesi aýratyn orny eýeleýär. Akyldar şahyr öz dürdäne eserlerinde nesilleriň sowatly bolmaklaryny, bilim almaklaryny, okamaklaryny giňden ündäpdir.
Dana Pyragynyň goşgularyny okanymyzda, onuň ylma uly hormat goýandygyna göz ýetirmek bolýar.
Idris baba, Şirgazy, Gögeldaş medreselerinde bilim alan akyldar şahyryň «Gözel Şirgazy» atly goşgusyndaky setirlerinde sowatlylyga, bilimlilige çuňňur garaýşyny aýdyň duýmak bolýar:
Joşgun ýüregimde möwç urar, ýatmaz,
Gaýnar, gazaplanar, hiç laýa batmaz,
Ylym-tälim alan seni unutmaz,
Giderboldum, hoşgal, gözel Şirgazy!
«Gözel Şirgazy» goşgusynyň üsti bilen, Magtymguly Pyragy ýüreginde möwç urýan joşgunyň sowatlylykdan gözbaş alýandygyny, ylym-tälimalanlaryň Şirgazy medresesini unutmajakdyklaryny belleýär, oňa wepalylygyny, sarpasyny beýan edýär.
Ýagşylar ýanynda ýörgül sen özüň,
Dür bolsun daýyma, sözlegen sözüň.
Alymlara uýsaň, açylar gözüň,
Jahyllara uýsaň, kördek bolarsen.
Şahyr «Bolarsen» atly goşgusynda her bir sözüňi ile aýtmazdan ozal kalp elegiňde eläp, syntgylap, saldarlap, soňra aýtmalydygyny, adamyň öz-özünden talabedijiliginiň bolmalydygyny aýan edýär.Alymlara uýmak—pähim-parasata, paýhasa sygynmak. Bu babatda dana şahyryň ylma bolan çuň garaýşy pelsepewi esasda açylýar. Alymlara we ylma uýulmagy, hormat goýulmagy ynsanyň gözüniňa çylmagy onuň dünýä garaýşynyň giňligi bilen baglydyr:
Adam bolsaň, gulak goý gul öwüde,
Alymlar ýanynda söhbet ýagşydyr—
—diýmek bilen Magtymguly Pyragy «Söhbet ýagşydyr» goşgusynda nesil terbiýesini ylmy çözgütler bilen baglanyşdyrýar, öwüt-ündewe eýerip, alymlaryň manyly söhbetlerini diňlemäge çagyrýar. Pyragy danalaryň, alymlaryň ýagşy söhbetlerini diňläp, olaryň paýhasly pikirlerinden ugur alan adamlaryň Watana, halka wepaly hem-de peýdaly boljakdyklaryny teswirleýär.
Akyldar şahyryň «Köňlüm» goşgusyndaky «Alymlar sözündiňle, nesihatyn al, göter» diýen setiri öz köňlüne ýüzlenmek bolsa-da, ol ähli ynsanlaryň köňüllerine çagyryşdyr, alymlary we ylmy sarpalamagyň nusgasydyr.
«Atislärin», «Sanbolsam», «Gözlärmen», «Seýraniçinde», «Turguldiýdiler» ýaly birnäçe goşgularda Magtymguly Pyragynyň alymlara, akyldarlara, pirlere, pelsepeçilere hormat-sarpasynyň uly bolandygy has-da aýdyň nygtalýar:
Abu Sagyt, Omar Haýýam, Hemedany,
Ferdöwsi, Nyzamy, Hafyz perwany,
Jelaleddin Rumy, Jamy elnamy,
Alarnyň ýanynda men hem san bolsam.
Dana şahyr özdöredijiliginde Abu Seýit Abulhaýyr Mänebaba, Bahaweddin Nagyşbendi, Hoja Ýusup Hemedany, Omar Haýýam, Ferdöwsi, Nyzamy, Hafyz, Babyr, Jelaleddin Rumy, Jamy, Nowaýy, Sagdy, Hoja Ahmet Ýasawy, Şiblibaba, Eflatun ýaly Gündogar we dünýä akyldarlarynyň baý edebi mirasyny okandygyny,olaryň paýhasly pikirlerini özleşdirendigini giňden beýan edipdir.
Ruhy halypalarynyň—ylym ussatlarynyň manyly eserlerini özüne ýörelge edinen Magtymguly Pyragy kämillige ýetmek, çuňňur pikirlenmek bilen ynsan kalbynda ýagşylyklary, beýik häsiýetleri terbiýelemegiň zerurdygyny nygtapdyr. Elbetde, kämil ylym we bilim sowatlylygyň gözbaşy. Ylym ynsana durmuşyň manysyny tirmäge, päk maksatlaryna ýetmäge, il-ýurt üçin haýyrly işleri amala aşyrmaga ýardam berýär.
Magtymguly Pyragynyň edebi mirasynda — döredijiliginde ylma we bilime bolan hormat- sarpanyň belent bolmagy, akyldaryň ylmy nukdaýnazardan kämillige ýetendiginiň, ylym ussatlarynyň, alymlaryň parasatly pikirlerine sygynyp ýaşandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Biz muňa düşünmek bilen beýik şahyryň döredijiligine ýene we ýene ýüzlenýäris, onuň çuňňur pähime ýugrulan çeper goşgulary bilen ruhy dünýämizi baýlaşdyrýarys, şeýle ajaýyp mirasy geljek nesillerimize ýetirmek üçin ähli tagallalary edýäris.
Bize şeýle ajaýyp şertleri döredip beren, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mähriban Watanymyzy dünýä derejesindäki ösüşlere besleýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarys!
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, alyp barýan döwletli işlerinde uly rowaçlyklary arzuw edýäris!
Maýsa Kurbanowa. Mary welaýat prokurorynyň hukuk üpjünçiligi boýunça uly kömekçisiniň wezipesini ýerine ýetiriji, 1-njiderejeliýurist.