ÖSÜŞIŇ WE HYZMATDAŞLYGYŇ MÖHÜM UGRY

21.05.2024

Häzirki döwür de yk dysady ösüşiň we strategik hyzmatdaşlygyň möhüm ugry bolan ulag-aragatnaşyk pudagynda giň mümkinçilikler açylýar. Hut şu nukdaýnazardan, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz tarapyndan köpugurly halkara ulag-üstaşyr we logistika düzümlerini kemala geirmek boýunça iri möçberli, milli we sebit ähmiýetli taslamalary amala aşyrmak baradaky başlangyçlar öňe sürülýär. Bu taslamalar uly ýük akymlarynyň, şol sanda üstaşyr ýükleriň geçýän aralyklaryny we ýola sarp edilýän wagty düýpli gysgaltmak bilen Aziýa we Ýewropa döwletleriniň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmaga mümkinçilik berýär.

Türkmenistanyň başlangyjy bilen halkara we sebit derejesin de ulag-logistika ulgamyny ösdürmek we onuň häzirki zaman çagyryşlaryna laýyk derejede hereket etmegini gazanmak üçin ýurdumyzyň ulag diplomatiýasyny amala aşyrmak boýunça giň gerimli çäreleri durmuşa geçirmek zerur bolup durýar. Şundan ugur alnyp hem Türkmenistanyň milli ulag syýasatynyň esasy ugurlaryny özünde jemleýän «Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag diplomatiýasyny ösdürmegiň 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasy» kabul edildi we üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu Maksatnama «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllar da durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy», «Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasy», «Türkmenistanyň 2021 — 2030-njy ýyllar üçin daşary söwda Strategiýasy» bilen berk sazlaşyp, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen wezipeleri durmuşa geçirmekde möhüm ähmiýete eýe bolan resminamadyr.

Ulag pudagy ýurduň jemgyýetçilik-ykdysady ösüşinde, ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny we ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmakda, ykdysady ösüş üçin şertleri döretmekde, ulag we ulag-üstaşyr mümkinçilikleri durmuşa geçirmekde, ygtybarly we ýokary hilli ulag hyzmatlaryna elýeterliligi emele getirmekde, işewürligiň we jemgyýetçilik ösüşiniň netijeliligini kesgitlemekde uly ähmiýete eýedir.

Soňky ýyllarda ulag pudagynda Türkmenistanyň oňyn döwlet syýasatynyň netijesinde, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň we ilatynyň ulag hyzmatlaryna zerurlyklaryny kanagatlandyrýan netijeli ulag ulgamyny guramak üçin uly göwrümli işler geçirildi. Gahryman Arkadagymyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň 69-njy sessiýasynda eden teklipleri esasynda, «Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň orny», «Durnukly köpugurly ulag-üstaşyr geçelgeleriniň döredilmegine ýardam bermek maksady bilen ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasynda hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň üpjün edilmegi ugrunda» atly Kararnamalar kabul edildi. Şeýle hem BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 74-nji plenar mejlisinde «Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek», BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň 96-njy plenar mejlisinde «Koronawirus keseliniň (COVID-19) pandemiýasy we ondan soňky döwürde durnukly ösüş üçin üznüksiz we ygtybarly halkara ýük daşamalary üpjün etmek maksady bilen, ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Kararnamalarynyň kabul edilmegi bu ugurda köp işleriň edilmegine ýol açdy.

Ýurdumyzyň demir ýollarynyň ýaýbaňlanan şahalary diňe bir ýurdumyzyň çägindäki ilatly nokatlary, ykdysady merkezleri özara birleşdirmek bilen çäklenmän, eýsem, dünýä demir ýol halkasynyň hem möhüm düzümi hökmünde orun eýeleýär. Ýurdumyzda ähli goňşy döwletleriň demir ýol ulgamyna gönüden göni birigýän demir ýol ulgamy hereket edýär. Munuň özi islendik ugur boýunça Türkmenistanyň üstünden demir ýol gatnawlaryny bökdençsiz, aýlanyp geçmezden, ýakyn aralyk boýunça amala aşyrmaga şert döredýär.

Türkmenistan açyk deňizlere çykalgasy bolmadyk döwletleriň hataryna girýän bolsa-da, onuň Hazar deňziniň kenarynda ýerleşmegi halkara deňiz gatnawyna hem işjeň goşulyşmagyna mümkinçilik döredýär. Mälim bolşy ýaly, Hazar deňziniň özi, ilkinji nobatda, sebitiň bäş sany döwletiniň arasynda ýolagçy we ýük deňiz gatnawyny amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Mundan başga-da, oňa birigýän suw ýollarynyň üsti bilen açyk deňizlere hem gämi gatnawyny amala aşyrmaga mümkinçilik bar. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistan halkara ulag arabaglanyşygynyň esasy zynjyry hökmünde özüniň port üpjünçilik ulgamyna we deňiz ulaglaryna hem aýratyn üns berýär.

Türkmenbaşy şäherinde iri halkara deňiz portunyň gurulmagy halkara deňiz gatnawlarynda ýurdumyzyň mümkinçiliklerini giňeltmekde möhüm maýa goýumy boldy. Munuň netijesinde, diňe bir ýurdumyzyň öz deňiz flotuny giňeltmäge ýa-da ýurdumyza gelýän we ondan äkidilýän ýükleriň mukdaryny artdyrmaga şert döretmän, eýsem, daşary ýurt gämilerine hyzmat etmegiň hil derejesini hem-de mümkinçiligini ýokarlandyrmaga, üstaşyr geçirmeleriň hem möçberini artdyrmaga amatly şert döredi. Türkmenbaşy Halkara deňiz portuny ýokary işjeň ýagdaýda saklamak, ol ýerde hyzmat etmegiň hilini ýokarlandyrmak, baha emele getirmegi bäsleşikli şertlerde amala aşyrmak, milli deňiz flotuny yzygiderli giňeltmek, deňiz gatnawlaryny ösdürmek ýurdumyzyň öňünde durýan esasy wezipeleriň hatarynda orun alýar.

Türkmenistanda awtoulaglaryň maddy-enjamlaýyn binýadynyň döwrebap-laşdyrylmagy ulag ulgamynda döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Uzynlygy 600 kilometre barabar bolan Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurulmagy ýurdumyzyň ýol ulgamynyň geçirijilik ukybyny, logistik hyzmatlaryň hilini ep-esli ýokarlandyrmaga, halkara ulag-üstaşyr düzümini hem-de Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen goňşy ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge mümkinçilik berýär. Geljekki Aşgabat — Türkmenbaşy awtomobil ýolunyň hem esasy aýratynlygy onuň ýokary tizlik üçin niýetlenenligidir. Ýokary tizlikli awtomobil ýoly ýurdumyzyň çäginden daşalýan ýükleriň möçberini ep-esli artdyrmaga we gatnawlary çaltlandyrmaga mümkinçilik berer. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ähli ugurlarda bolşy ýaly, ulag ulgamynyň hem hukuk binýadynyň pugtalandyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Ýurdumyzda hereket edýän «Awtomobil ulagy hakynda», «Magistral turba-geçiriji ulag hakynda», «Demir ýol ulagy hakynda», «Ulag howpsuzlygy hakynda», «Türkmenistanyň ulag syýasatynyň esaslary hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň hereket etmegi ýurdumyzyň ençeme halkara resminamalaryna, hususan-da, Halkara magistral awtoýollary hakyndaky Ýewropa ylalaşygyna, Halkara magistral demir ýollary hakyndaky Ýewropa ylalaşygyna, Halkara utgaşdyrylan gatnamalaryň, daşamalaryň möhüm ýollary we desgalary hakyndaky Ýewropa ylalaşygyna, Ýol hereketi hakyndaky Konwensiýanyň üstüni dolýan Ýewropa ylalaşygyna, Ýol belgileri we duýduryşlary hakyndaky Konwensiýanyň üstüni dolýan Ýewropa ylalaşygyna, Ýol çyzgylary hakyndaky Teswirnama, Ýükleriň ýol arkaly halkara daşalmagy babatda şertnama hakyndaky Konwensiýa, Elektron harytulag hatyna degişli goşmaça Teswirnama, Ýewropa — Kawkaz — Aziýa halkara ulag geçelgesini ösdürmek hakynda esasy köptaraplaýyn ylalaşyga goşulmagy bu ugurda öňe sürülýän umumadamzat bähbitli taslamalaryň durmuşa geçirilmegini gazanmakda, halkara derejede hyzmatdaşlygyň täze usullaryny işläp taýýarlamakda we kabul edilmegini gazanmakda möhüm ähmiýete eýedir.

Didar Orazow, Daşoguz Welaýatynyň Prokurory, Ýustisiýanyň Kiçi Geňeşçisi.