TEBIGATA SÖÝGI — WATANA SÖÝGI

07.06.2024

Türk­men te­bi­ga­ty­nyň gö­zel­ligi, onuň gül-gü­lä­lek­li säh­ra­la­ry, müň­ýyl­lyk­la­ryň şa­ýa­dy bo­lup otu­ran dag­la­ry, çeş­me-çaý­lary, dür­li der­man­lyk ot­la­ry­dyr ösüm­lik­le­ri, haý­wanat dün­ýä­si gö­re­ni haý­ra­na goý­ýar. Ol gö­zel­lik­le­ri syn­lap, kal­byň heý­ja­na gelýär. Hut şo­nuň üçin yn­san og­ly my­da­ma te­bi­ga­tyň, te­bi­gy gö­zel­lik­le­riň aşy­gy. Çün­ki te­bi­gat öz owa­danly­gy we saz­la­şy­gy bi­len ada­myň di­ňe bir ýa­şaý­şy­ny, dur­mu­şy­nygö­zel­leş­dir­män,ru­hy dün­ýä­si­ni hem baý­laş­dyr­ýar, ylham-joş­gu­ny­ny oýar­ýar. Şu­ňa la­ýyk­lyk­da owa­dan te­bi­ga­ta, öz­bo­luş­ly ösüm­lik­dir haý­wa­nat dün­ýä­si­ne eýe bo­lan gü­neş­li Di­ýa­ry­myz­da bi­ziň her bi­ri­miz ola­ryň has hem baý­laş­ma­gy, gö­zel­leş­me­gi, ne­ti­je­de daş­ky gur­şa­wyň aba­dan­çy­ly­gy üçin yh­las et­mä­ge borç­lu­dy­rys.

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eýýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­ründe daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak, te­bi­gat­dan tyg­şyt­ly peý­da­lanmak, bio­köp­dür­lü­li­gi go­ra­mak we art­dyr­mak Türk­me­nis­ta­nyň döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tulýan ugur­la­ry­nyň bi­ri bo­lup durýar. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň baş­lan­gy­jy bi­len ju­da oý­la­nyşyk­ly iş­le­ni­lip taý­ýar­la­ny­lan, öň­de­ba­ry­jy tej­ri­bä, in­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýa­la­ra we kö­pa­syr­lyk mil­li däp­le­re esas­lan­dy­ry­lan «Ýa­şyl ösü­şiň stra­te­gi­ýa­sy» ýurdu­my­zy yk­dy­sa­dy we dur­muş taý­dan dur­nuk­ly ös­dür­me­giň mö­hüm gu­ra­ly bo­lup dur­ýar. Üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän bu taglymatyň ne­ti­je­sin­de ata Wa­ta­ny­my­zyň ekoul­ga­my ýylsa­ýyn baý­laş­ýar, hal­ky­my­zyň sag­ly­gy­na hem oňaý­ly tä­sir ed­ýär.

Suw we beý­le­ki te­bi­gy se­rişde­le­ri aýaw­ly sak­la­mak, çöl­leşmä, ýer­le­riň za­ýa­lan­ma­gy­na, ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi­ne gar­şy gö­reş­mek Türk­me­nis­ta­nyň halka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­nyň esa­sy ugur­la­ry­nyň ha­ta­ryn­da dur­ýar. Bi­ziň ýur­du­myz hä­zir­ki we geljek­ki ne­sil­le­riň aba­dan­çy­ly­gy­nyň bäh­bi­di­ne äh­lu­mu­my eko­lo­gi­ýa me­se­le­le­ri­ni ne­ti­je­li çöz­mek işi­ne örän iş­jeň gat­naş­ýar. BMG-niň Ösüş mak­sat­na­ma­sy, BMG-niň Daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak ba­ra­da­ky mak­sat­na­ma­sy, Äh­lu­mu­my eko­lo­gi­ýa gaz­na­sy hem-de milli we sebit derejelerin­dä­ki beý­le­ki ab­raý­ly hal­ka­ra dü­züm­ler bi­len bi­le­lik­de eko­logi­ýa mak­sat­na­ma­la­ry­nyň we tas­la­ma­la­ry­nyň on­lar­ça­sy ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýär. Bu asyl­ly iş­le­riň äh­li­si hem Gahry­man Ar­ka­da­gy­myzyň we hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň taýsyz tagalla­la­ry­nyň ne­ti­je­sinde ama­la aşy­ryl­ýar. Şo­nuň üçin hem hal­ky­myz ýur­du­my­zy ba­gy bos­san­ly­ga öwür­mek ba­bat­da tu­tum­ly iş­le­re ba­dal­ga ber­ýän Mil­li Li­de­ri­mi­ze we Arka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­za ak ýü­rek­den al­kyş aýd­ýar.

Meretnazar Begliýew, Çärjew etrabynyň prokurory, 

ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi.