10.06.2024
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda yzygiderli amala aşyrylýan maýa goýum syýasaty ýangyç-energetika toplumynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegini we onuň halkara energoulgamyna sazlaşykly goşulmagyny üpjün edýär. Ýurdumyzda bu ulgamda amala aşyrylýan maýa goýum taslamalary möhüm ykdysady ähmiýete eýe bolmak bilen çäklenmän, eýsem, sebitiň we dünýäniň energetika howpsuzlygyny pugtalandyrmakda hem uly orun eýeleýär.
Energetika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek Türkmenistanyň ykdysady maksatnamasynyň esasy ugrudyr, oňa BMG-niň Baş Assambleýasynda kabul edilen «2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş babatda gün tertibini» üstünlikli amala aşyrmagyň möhüm şerti hökmünde uly üns berilýär. Bu ugurda geçirilýän syýasat uzak möhletlilik, açyklyk, milli bähbitleri we özara jogapkärçiligi hasaba almak ýörelgelerine daýanýar.
Hytaýa çekilen gaz geçiriji, gurluşygy dowam edýän Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisi ýaly ägirt uly taslamalara Garaşsyz ýurdumyzyň halkara energetika hyzmatdaşlygyny ösdürmäge goşan goşandy hökmünde garalyp bilner.
Häzirki wagtda Türkmenistan — Hytaý halkara gaz geçirijisiniň çig mal binýady berkidilýär, düzümi ösdürilýär, ol uzakmöhletli we özara bähbitli döwletara hyzmatdaşlygynyň aýdyň mysaly bolup hyzmat edýär.
Hormatly Prezidentimiz ýangyç-energetika toplumynyň öňünde uly wezipeleri goýdy, şonda baý ýataklary ýüze çykarmak, nebitiň, gazyň çykarylýan, gaýtadan işlenilýän möçberini artdyrmak, türkmen energiýa serişdelerini dünýä bazaryna çykarmagyň dürli ugurlaryny döretmek, nebitgaz önümçiliginde innowasiýalary ulanmak, guýulary burawlamak, düýpli abatlamak boýunça işleri çaltlandyrmak, şol sanda ýöriteleşdirilen daşary ýurt kompaniýalaryny we maýa goýumlaryny çekmegiň hasabyna işjeňleşdirmek maksady bilen gözleg işleriniň geçirilmegine uly ähmiýet berilýär.
Munuň subutnamasy hökmünde «Bagtyýarlyk» şertnamalaýyn çäkde Joramergen, Gökmiýar, Daşrabat täze ýataklary tapgyrma-tapgyr ulanmaga berilýär. Mysal üçin, Amyderýanyň sag kenarynda geçirilen gözleg, gurluşyk, işläp taýýarlamak işleri, seýsmiki barlaglar, Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasy (CNPC) bilen Önümi paýlaşmak hakynda ylalaşygyň şertleri esasynda geçirilen gözleg, ulanyş guýularyny burawlamak işleri bu ýerde gazyň uly gorlaryny ýüze çykarmaga mümkinçilik berdi.
TOPH taslamasy Türkmenistanyň energetika strategiýasyny amala aşyrmakda nobatdaky anyk ädimi bolup, milli ýangyç-energetika toplumyny döwrebaplaşdyrmak, geljegi nazara almak bilen, onuň kuwwatyny artdyrmak, energiýa serişdelerini dünýä bazaryna çykarmagyň täze ulgamlaryny döretmek onuň esasy ugurlarydyr.
Nebitgaz senagatynyň önümçilik kuwwatlyklaryny has-da artdyrmak, onuň howpsuzlygyny üpjün etmek sebit we dünýä derejelerinde durnukly ykdysady ösüşiň maksatlary bilen berk bagly bolup, alnyp barylýan bu oýlanyşykly syýasat Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzy has-da ösdürmäge, halkymyzyň abadançylygyna hyzmat edýär.
Resul Nazargulyýew, Lebap welaýat prokuraturasynyň umumy gözegçilik bölüminiň nebitgaz pudagynda kanunlaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik bölümçesiniň prokurory, 2-nji derejeli ýurist