09.10.2026
Şu gün “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda ilkinji gezek Eýran Yslam Respublikasynyň gatnaşmagynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen mejlise Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan, Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedew gatnaşdylar. Şeýle hem mejlise hormatly myhman hökmünde Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian gatnaşdy.
Mälim bolşy ýaly, şu ýyl GDA-da Türkmenistan başlyklyk edýär. Ýurdumyz bu möhüm wezipäni örän jogapkärçilikli ýerine ýetirýär. Şu maksat bilen döwletara hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny öz içine alýan degişli konsepsiýa işlenip taýýarlanyldy. Häzirki döwürde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerindäki hyzmatdaşlyk Ýewraziýa giňişliginde ykdysady durnuklylygy, durnukly ösüşi üpjün etmegiň we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň möhüm şertleriniň biri bolup çykyş edýär. GDA formaty agza döwletlere netijeli dialogy gurmak, kooperasiýa zynjyrlaryny ösdürmek hem-de häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň çözgütlerini bilelikde işläp taýýarlamak üçin köptaraplaýyn meýdançany üpjün edýär.
Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk halkara hukuk derejesi onuň Arkalaşykdaky netijeli ornuny kesgitleýär. Türkmenistan GDA-nyň assosirlenen agzasy bolmak bilen, möhüm ykdysady we ynsanperwer başlangyçlary yzygiderli öňe sürýär. Türkmenistanyň garaýyşlary deňhukuklylyk, özara bähbitlilik we her bir gatnaşyjynyň bähbidine hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýar.
Däp bolşy ýaly, GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisleri strategik çözgütleri işläp taýýarlamak, Arkalaşygyň uzak möhletli gün tertibini kesgitlemek üçin platforma bolup hyzmat edýär. Bu ýokary derejedäki sammitlerde bitewi ykdysady giňişligi kemala getirmek, önümçilik kooperasiýasyny çuňlaşdyrmak, ekologiýa we energetika howpsuzlygyny üpjün etmek, şeýle hem medeni-ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşylýar.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmegi aýratyn ähmiýete eýe bolup durýar. Ýurdumyz öz üstüne başlyklyk wezipesini almak bilen, Arkalaşykda özara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen konsepsiýany işläp taýýarlady.
Ykdysady diplomatiýany ilerletmek, sebitleriň ulag-logistika mümkinçiliklerini ösdürmek hem-de ekologiýa başlangyçlaryny giňeltmek Türkmenistanyň başlyklyk edýän döwründe ileri tutýan ugurlarydyr. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 2029-njy ýylyň “Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň ulag arabaglanyşygynyň ýyly” diýlip yglan edilendigini bellemek gerek.
Ykdysady ulgamda ýurdumyz GDA-ny ykdysady taýdan ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli Strategiýasyny durmuşa geçirmek, şol sanda erkin söwdany işjeňleşdirmek, gümrük amallaryny ýeňilleşdirmek we durnukly sebitara üpjünçilik zynjyrlaryny döretmek meselelerine aýratyn üns berýär. Şeýle hem Türkmenistan ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berýär. Ýurdumyz ähli agza döwletleriň infrastruktura mümkinçiliklerini çekmek arkaly Demirgazyk — Günorta we Gündogar — Günbatar ugurlary boýunça utgaşdyrylan ulag geçelgelerini döretmek konsepsiýasyny öňe sürýär.
Ýurdumyzyň başlyklyk edýän döwründe medeni-ynsanperwer we ekologiýa ugurlaryna hem itergi berilýär. Türkmenistanyň başlangyjy boýunça medeniýet, ylym, bilim we ýaşlar alyşmalary ulgamlarynda toplumlaýyn çäreler amala aşyrylýar. Bilelikdäki ekologiýa gün tertibine, şol sanda suw serişdelerini gorap saklamak we howanyň üýtgemeginiň garşysyna göreşmek meselelerine aýratyn üns berilýär.
Şeýlelikde, Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmegi ýurdumyzyň döredijilikli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine ygrarlydygyny görkezýär. Ýurdumyzyň başlangyçly syýasaty GDA-daky hyzmatdaşlygyň ähli ugurlaryna hil taýdan täze itergi berip, onuň Bitaraplyk hukuk derejesiniň Arkalaşygyň giňişliginde parahatçylygy, durnuklylygy we durnukly ykdysady ösüşi ilerletmek üçin netijeli gural bolup durýandygyny tassyklaýar.
...Sammitiň geçirilýän ýerinde — “Awaza” toplumynda mejlise gatnaşyjy wekiliýet Baştutanlaryny hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mähirli garşylady.
Döwlet Baştutanlarynyň bilelikde resmi surata düşmek dabarasyndan soňra, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi öz işine başlady.
Hormatly Prezidentimiz sammite gatnaşyjylara ýüzlenip, GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň Arkalaşygyň alyp barýan işinde ýylyň möhüm wakasydygyny, şu gün ýerine ýetirilen işleriň käbir jemleriniň jemleniljekdigini, geljekki döwür üçin wezipeleriň hem-de ugurlaryň kesgitleniljekdigini belledi.
Türkmenistan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyk hökmünde öz işine örän jogapkärçilikli çemeleşdi. Biz Tertipnamada göz öňünde tutulan ähli çäreleriň, şeýle hem häzirki bilelikdäki işler bilen baglylykda beýleki duşuşyklaryň öz wagtynda geçirilmegini üpjün etdik. GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň, daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň, Ykdysady Geňeşiň, birnäçe pudak edaralarynyň mejlisleri geçirildi. Ykdysady meseleler boýunça toparyň duşuşyklary yzygiderli guraldy. Ähli duşuşyklaryň baý many-mazmunly we netijeli iş ýagdaýynda geçendigini bellemek gerek diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de pursatdan peýdalanyp, ähli wekiliýetlere bu çärelere gatnaşýandyklary hem-de hyzmatdaşlyga taýýardyklary üçin minnetdarlyk bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz munuň oňyn netijeleri gazanmaga mümkinçilik berendigini belläp, Arkalaşygyň işini netijeli utgaşdyrýandygy üçin Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Nikolaýewiç Lebedewe minnetdarlyk bildirdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan GDA-da başlyk hökmünde şu ýyl ähli ylalaşylan meýilnamalary hem-de wezipeleri ýerine ýetirmek üçin hyzmatdaşlar bilen bilelikde jogapkärçilikli işlemegi dowam eder, bilelikdäki işiň netijeliligini üpjün etmek üçin ähli tagallalary eder.
Şu günki mejlisiň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döredilmeginiň 35 ýyllygynyň bellenilýän döwründe geçirilmegi onuň tapawutly aýratynlygydyr. Munuň özi möhüm senedir. Bu gün geçilen ýoluň käbir meselelerini jemlemek bilen, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň bu ýoly mynasyp geçendigini ynamly aýtmak bolar. Käbir kynçylyklara garamazdan, biz hyzmatdaşlygyň binýadyny gorap saklamagy, onuň deňhukukly, özara hormatly we bähbitli häsiýetini üpjün etmegi başardyk diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.
Nygtalyşy ýaly, söwda-ykdysady gatnaşyklar yzygiderli ösdürilýär, aýratyn-da, soňky ýyllarda söwda dolanyşygy artdyrylýar. Syýasy-diplomatik ulgamdaky hyzmatdaşlygyň gün tertibi giňeldilýär. GDA formaty özüni möhüm halkara meseleler boýunça diplomatik geňeşmeler üçin amatly meýdança hökmünde görkezdi. Ynsanperwer gatnaşyklar hem baý many-mazmuny bilen tapawutlanýar. Bu gatnaşyklar medeniýet, ylym, bilim, sport, syýahatçylyk we beýleki birnäçe möhüm ugurlary öz içine alýar.
Parlamentara hyzmatdaşlyk hem işjeňleşdirilýär. Türkmenistan Arkalaşygyň ýurtlarynyň wekilleriniň işjeň gatnaşmagynda geçirilen birnäçe ähmiýetli parlament çärelerini hem-de forumlaryny geçirmek başlangyjyny öňe sürüp, bu ugry ösdürmäge uly üns berýär diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we bu çärelere gatnaşandyklary üçin wekiliýetlere aýratyn minnetdarlyk bildirdi.
Döwlet Baştutanymyz parlament tematikasy bilen baglylykda, pursatdan peýdalanyp, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti hormatly Wladimir Wladimirowiç Putini ýakynda Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasyna saýlawlaryň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady, Döwlet Dumasynyň täze düzüminde hem Türkmenistanyň we Russiýanyň kanun çykaryjy edaralarynyň arasynda netijeli, özara hormat goýmak dialogynyň, däp bolan hyzmatdaşlygyň, özara düşünişmegiň dowam etdiriljekdigine ynam bildirdi.
Şeýle hem, hormatly mejlise gatnaşyjylar, şu günki sammitiň dowamynda, ýakyn dostlaryň we hyzmatdaşlaryň arasynda bolşy ýaly, size ýakynda Türkmenistanyň durmuşynda möhüm wakanyň bolandygyny, ýokary wekilçilikli edaranyň – Halk Maslahatynyň mejlisiniň geçirilendigini habar bermegi möhüm hasaplaýaryn. Onuň dowamynda birnäçe möhüm çözgütler, hususan-da:
— “Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy”;
— “Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasy”;
— “Halkara hukugy we Türkmenistanyň Bitaraplygy” milli konsepsiýasy;
— “Türkmenistanda ahalteke bedew atlarynyň döwlet goragy hakynda” Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi we Halk Maslahatynyň mejlisiniň netijeleriniň Türkmenistanyň halkara derejedäki, şol sanda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyndaky işini ösdürmek üçin binýat boljakdygyna, bilelikdäki iş üçin täze mümkinçilikleri, giňişlikleri döretjekdigine berk ynam bildirdi.
Ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlyga, Arkalaşygyň döwletleriniň logistika we infrastruktura mümkinçiliklerini doly derejede açmak üçin şertleri döretmäge aýratyn üns berýäris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň 2029-njy ýyly “GDA-nyň ulag arabaglanyşygynyň ýyly” diýip yglan etmek baradaky başlangyjyna ünsi çekdi.
Döwlet Baştutanymyz şeýle hem Türkmenistanyň GDA ýurtlary durnukly ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda işjeň orun eýelemelidirler diýip hasaplaýandygyny aýtdy we şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň 2026 — 2035-nji ýyllar üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ulag boýunça onýyllygy başlangyjynyň aýratyn ähmiýetini belledi. Bu barada BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynda degişli Kararnama kabul edildi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Arkalaşyga agza döwletleriň onýyllygyň maksatlaryny hem-de wezipelerini durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşjakdyklaryna ynam bildirip, onýyllygy GDA giňişliginde, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde durmuşa geçirmek boýunça degişli geňeşmeleri geçirmäge hem-de bilelikdäki çemeleşmeleri we teklipleri işläp taýýarlamaga Türkmenistanyň taýýardygyny tassyklady. Munuň üçin bizde Baş Assambleýa tarapyndan 2025-nji ýylyň 26-njy awgustynda kabul edilen “Birleşen Milletler Guramasy bilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň arasynda hyzmatdaşlyk” atly Kararnama görnüşinde hukuk esasymyz bar.
Umuman, Türkmenistan ulag we üstaşyr geçelgeleri döretmek, olaryň durnuklylygyny ýokarlandyrmak hem-de ähli ýurtlar, şol sanda GDA-nyň deňze çykalgasy bolmadyk döwletleri üçin elýeterliligini üpjün etmek boýunça halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde GDA ýurtlarynyň tagallalaryny birleşdirmäge ýardam etmegi maksat edinýär. Türkmenistanyň bu ugurdaky işi şeýle hem 2025-nji ýylyň awgust aýynda Türkmenbaşy şäherinde geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynda kabul edilen we BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy bilen biragyzdan makullanan “Awaza syýasy Jarnamasyna” esaslanýar.
Hazar deňzi sebiti ulag arabaglanyşygynyň möhüm halkasy bolup durýar. Demirgazyk — Günorta ulag geçelgesiniň Gündogar Hazar we Günbatar Hazar geçelgeleriniň, hususan-da, GDA goňşy ýurtlarda we sebitlerde bolup geçýän wakalar bilen baglylykda, örän möhüm ähmiýete eýedigi mälimdir.
Senagat we tehnologik hyzmatdaşlygyň, ýurtlarymyzyň çäklerinde önümçilik zynjyrlarynyň döredilmeginiň ähmiýeti hem artýar. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň maý aýynda Aşgabatda geçirilen GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi dogry we anyk ugurlary görkezdi diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň giň ynsanperwer hyzmatdaşlygy dowam etmegi berk maksat edinýändigini aýdyp, halkara gün tertibi bilen baglylykda, ileri tutulýan wezipe hökmünde BMG-niň Tertipnamasyny we halkara hukugy goramakda tagallalary birleşdirmegi teklip etdi. Bu gün bu wezipe aýratyn ähmiýete eýe bolup durýar. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy şu ýylyň 24-nji iýulynda 2028-nji ýyly “Halkara hukuk ýyly” diýip yglan etdi. Şunuň bilen parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde, halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda hem-de döwletleriň arasynda dostlukly gatnaşyklary ösdürmekde hukuk kadalarynyň möhüm orny biragyzdan tassyklanyldy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Kararnamanyň taslamasyny goldan we resminamany kabul etmäge möhüm goşant goşan GDA ýurtlaryna minnetdarlyk bildirdi.
Türkmenistan bu başlangyç bilen çykyş edende, ählumumy howpsuzlygyň binýady hökmünde BMG-niň Tertipnamasynyň we halkara gatnaşyklaryň hukuk esaslarynyň mizemezligini gorap saklamagyň zerurdygyna bolan berk syýasy we ahlak ynamyndan ugur aldy diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we 2026-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda Türkmenistanyň başlyklyk etmegini goldandyklary üçin GDA döwletleriniň Baştutanlaryna ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi.
Ýurdumyz mundan beýläk hem GDA-nyň çäklerinde dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak ugrunda işlemegini we ähli bilelikdäki meýilnamalary hem-de taslamalary durmuşa geçirmäge ýardam bermegini dowam eder diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady hem-de pursatdan peýdalanyp, Arkalaşygyň döwletleriniň halklaryna parahatçylyk hem-de abadançylyk baradaky tüýs ýürekden arzuwlaryny beýan etdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz bu gün Geňeşiň garamagyna ynsanperwer hyzmatdaşlyk, howpsuzlygy we ulag arabaglanyşygyny üpjün etmek hem-de hyzmatdaşlygyň beýleki ugurlary bilen baglanyşykly möhüm meseleleriň hödürlenendigini aýdyp, mejlisiň gün tertibi baradaky maglumaty yglan etmek üçin Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedewe söz berdi. Sergeý Lebedew GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň döwletleriň we Arkalaşygyň düzümleriniň teklipleri esasynda taýýarlanylan hem-de Geňeşiň Başlygy bilen ylalaşylan gün tertibiniň taslamasy barada maglumat berdi.
Mejlise gatnaşyjylaryň biragyzdan goldamagynda mejlisiň gün tertibi tassyklanyldy.
Soňra hormatly Prezidentimiz çykyş etmek üçin Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewe söz berdi.
Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti bildirilen myhmansöýerlik üçin ýene bir gezek hoşallyk bildirip, ýurdumyza her saparynyň özünde ýakymly täsirleri galdyrýandygyny, Azerbaýjanda doganlyk Türkmenistanyň durnukly ösüşine we gazanýan üstünliklerine ýokary baha berilýändigini aýtdy. Bellenilişi ýaly, Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklar dost-doganlygyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýar we strategik hyzmatdaşlyk häsiýetine eýedir.
Prezident Ilham Aliýew ýurtlarymyzyň arasynda ýokary derejedäki gatnaşyklaryň işjeň häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen belläp, 2025-nji ýylyň awgustynda Türkmenistana sapar bilen gelendigini, şeýle hem geçen ýyl Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjana iki gezek sapary amala aşyrandygyny, şu ýylyň iýunynda bolsa hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döwlet saparyny amala aşyrandygyny aýtdy hem-de bu saparlaryň ikitaraplaýyn gatnaşyklara goşmaça itergi berendigini, ähli ulgamlarda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin täze mümkinçilikleri açandygyny nygtady.
Bellenilişi ýaly, şu ýyl Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlar Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyny belleýärler. Geçen ýyllaryň dowamynda GDA syýasy dialogy saklamak, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek we ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin möhüm platforma hökmünde ornuny berkitdi.
Prezident Ilham Aliýew çykyşynyň ahyrynda Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň 2027-nji ýylda GDA-da bilelikde başlyklyk etmegi baradaky çözgüdi goldandyklary üçin mejlise gatnaşyjylara hoşallyk bildirip, munuň ýurtlarymyza bolan uly ynamyň subutnamasydygyny aýtdy hem-de azerbaýjan tarapynyň bilelikdäki wezipeleri amala aşyrmaga işjeň gatnaşmaga taýýardygyny tassyklady.
Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjanyň döwlet Baştutanyna çykyş üçin minnetdarlyk bildirip, Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Nikol Paşinýana söz berdi. Dostlukly ýurduň Hökümet Baştutany hemmeleri Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisinde mähirli mübärekläp, myhmansöýerlik we sammitiň ýokary guramaçylyk derejesi üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirdi.
Premýer-ministr Nikol Paşinýan diňe bir özüniň tebigy gözelligi bilen däl, eýsem, infrastruktura kuwwaty bilen hem haýran galdyrýan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçýän bu duşuşygyň gerimini we ähmiýetini aýratyn belläp, Awazada döredilen mümkinçiliklere ýokary baha berdi. Şeýle hem sammitiň öňüsyrasynda Hazar deňziniň kenarýakasynda geçirilen medeni maksatnamanyň GDA agza döwletleriň halklarynyň däp-dessurlaryny we medeni özboluşlylygyny açyp görkezmäge mümkinçilik berendigi bellenildi.
Ermenistanyň Premýer-ministri şu ýyl Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde ýerine ýetirilen işler üçin türkmen tarapyna hoşallyk bildirip, bu işleriň Arkalaşygyň giňişliginde özara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda we dürli ulgamlarda netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmekde möhüm ähmiýete eýe bolandygyny aýtdy.
Soňra döwlet Baştutanymyz Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko söz berdi. Prezident Aleksandr Lukaşenko bildirilen myhmansöýerlik üçin hormatly Prezidentimize hoşallygyny beýan edip, Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilýän sammitiň guramaçylyk derejesine ýokary baha berdi.
Şu gün Hazar deňziniň merjeni bolan ajaýyp Awazada bir ýere jemlenmegimiz möhüm ähmiýete eýedir. Asyrlaryň dowamynda Hazar deňzi ýurtlaryň we halklaryň arasynda birleşdiriji köpri bolup hyzmat etdi we häzirki wagtda hem bu wezipäni ýerine ýetirýär diýip, Belarus Respublikasynyň Prezidenti belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, türkmen halkyny Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy bilen ýene-de bir gezek gutlady we parahatçylyk, abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdi.
Prezident Aleksandr Lukaşenko şu ýyl Arkalaşygyň döredilmegine hem 35 ýyl dolýandygyny belläp, bu düzümiň agza ýurtlaryň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmekde we halklary ýakynlaşdyrmakda ähmiýetini belledi. Belarus Respublikasynyň Prezidenti çykyşynyň ahyrynda Arkalaşygyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirip, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň işine üstünlikleri arzuw etdi.
Döwlet Baştutanymyz çykyşy üçin Prezident Aleksandr Lukaşenko minnetdarlyk bildirip, söz nobatyny Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe geçirdi. Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti sammitiň ýokary guramaçylyk derejesi we myhmansöýerlik üçin döwlet Baştutanymyza hoşallygyny beýan etdi hem-de düýnki geçirilen çäreleriň hem ýokary derejesini belledi.
Şeýle hem Prezident Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmeginiň netijelerine we Arkalaşygyň umumy gün tertibinde göz öňünde tutulan wezipeleri durmuşa geçirmäge goşýan uly goşandyna Gazagystanyň ýokary baha berýändigini belläp, hormatly Prezidentimize bu ugurda alnyp barylýan işler üçin aýratyn hoşallyk bildirdi. Bellenilişi ýaly, bu sammit Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döredilmeginiň 35 ýyllygy bellenilýän ýylda geçýär. Şunuň bilen baglylykda, GDA-nyň birleşdiriji wezipesiniň ýurtlarymyzyň Garaşsyzlygyny gazanan döwründe has aýdyň ýüze çykandygy bellenildi. Ýurtlarymyz döwletara hyzmatdaşlygyň täze görnüşini kemala getirdiler. Geçen ýyllaryň dowamynda Arkalaşyk özara ynanyşmagy we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň netijeli köptaraplaýyn ulgamy hökmünde ornuny berkitdi we dünýäde giňden ykrar edildi. Berk şertnama-hukuk binýady döredildi, söwda-ykdysady gatnaşyklar durnukly ösýär, gоňşuçylyk we hojalyk ulgamynda ýakyn hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Şunuň bilen bir hatarda, Prezident Kasym-Žomart Tokaýew GDA-nyň esasy baýlygynyň halklarymyzyň dostlugy, umumy medeni we ruhy mirasy bolup durýandygyny aýtdy hem-de bu ebedi gymmatlyklary aýawly saklamagyň, geljek nesillere geçirmegiň umumy borçdugyny belledi.
Gazagystanyň Prezidenti Arkalaşygyň çäklerinde hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek, tagallalary birleşdirmek we gatnaşyklary işjeňleşdirmek bilen baglylykda, birnäçe wezipeleri we ugurlary beýan etdi.
Soňra çykyş etmek üçin Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowa söz berildi. Ol hemmeleri mähirli mübärekläp, myhmansöýerlik üçin hormatly Prezidentimize ýene bir gezek hoşallyk bildirdi hem-de Türkmenistanyň 2026-njy ýylda GDA-da başlyklyk etmeginiň netijeli häsiýete eýe bolandygyny belledi.
Şeýle hem Prezident Sadyr Žaparow türkmen tarapynyň Arkalaşygyň giňişliginde özara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça köp sanly möhüm işleri ýerine ýetirendigini aýdyp, bu işlere ýokary baha berdi we guramanyň çäklerinde ýurtlarymyzyň özara bähbitli hyzmatdaşlygy, dostlukly we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny berkitmegi üýtgewsiz ugur edinendigini aýtdy. Bellenilişi ýaly, geçen ýyllaryň dowamynda GDA köpugurly hyzmatdaşlygyň möhüm ulgamy hökmündäki ornuny saklap, ösüşiň we häzirki zaman ýagdaýlaryna uýgunlaşmagyň uly ýoluny geçdi. Häzirki wagtda hem GDA pikir alyşmak we bilelikdäki başlangyçlary öňe sürmek üçin möhüm meýdança bolmagynda galýar.
Prezident Sadyr Žaparow çykyşynyň ahyrynda şu ýyl bir wagtda döwletlerimiziň Garaşsyzlygynyň we Arkalaşygyň döredilmeginiň 35 ýyllygynyň bellenilýändigini aýtdy hem-de şanly seneler bilen ähli gatnaşyjylary gutlady.
Soňra Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine söz berildi. Prezident Wladimir Putin mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, GDA-nyň ýubileý senesi bilen baglanyşykly taýýarlanylan Bilelikdäki Beýannamanyň taslamasyny Russiýanyň doly goldaýandygyny aýtdy. Bu resminama guramanyň işiniň esasy netijelerini jemleýär we onuň ösüşiniň uzak möhletli wezipelerini kesgitleýär. Bellenilişi ýaly, 30 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda Arkalaşyk, hakykatdan-da, uly ýol geçip, abraýly sebit integrasion birleşigi hökmünde kemala geldi. Hut GDA-nyň döredilmegi netijesinde, biziň halklarymyzyň arasynda durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary saklamak we ösdürmek başartdy. Ykdysadyýet özara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolmagynda galýar. GDA ýurtlary söwda, maýa goýum, ýokary tehnologiýalar ulgamlarynda ýakyn hyzmatdaşlyk edýärler.
Prezident Wladimir Putin kabul edilýän çözgütleriň Arkalaşygyň giňişliginde netijeli gatnaşyklary ýola goýmaga ýardam berýändigini aýtdy. Bellenilişi ýaly, kemala getirilen durnukly maliýe infrastrukturasy häzirki döwrüň möhüm meselelerini netijeli çözmäge hem-de ykdysady hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga ýardam berýär.
Russiýa Federasiýasynyň Baştutany şu ýyl Arkalaşykda netijeli başlyklyk edýändigi hem-de sammitiň ýokary guramaçylyk derejesi üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hoşallyk bildirdi.
Prezident Wladimir Putin şu gün GDA-da başlyklyk etmegiň 2027-nji ýylda Özbegistana geçirilmegi baradaky çözgüdiň kabul ediljekdigini aýdyp, Prezident Şawkat Mirziýoýewe bu möhüm wezipäni ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw etdi.
Hormatly Prezidentimiz çykyşy üçin Prezident Wladimir Putine minnetdarlyk bildirip, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmona söz berdi.
Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň guramaçylygy hem-de bildirilen myhmansöýerlik üçin döwlet Baştutanymyza hoşallygyny beýan etdi we türkmen tarapyny GDA-da başlyklyk etmek wezipesini üstünlikli ýerine ýetirmegi bilen gutlady. Bellenilişi ýaly, şu ýylyň dowamynda gazanylan netijeler guramanyň işiniň durnukly depginini üpjün etmäge mümkinçilik berdi.
Şeýle hem Prezident Emomali Rahmon mümkinçilikden peýdalanyp, Arkalaşygyň döwlet Baştutanlaryny şanly sene — GDA-nyň döredilmeginiň 35 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlap, geçen döwrüň dowamynda guramanyň ösüşinde gazanylan üstünlikler barada aýtdy. Bellenilişi ýaly, Arkalaşyga agza döwletler köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagy maksat edinýärler we özara ynanyşmagyň ýokary derejesini görkezýärler. GDA formaty meseleleriň giň toplumy boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm guraly bolmagynda galýar. Soňky ýyllarda dürli ugurlar boýunça özara hyzmatdaşlygyň oňyn netijeleri muny aýdyňlygy bilen tassyklaýar.
Prezident Emomali Rahmon çykyşynyň ahyrynda ýurdumyzyň Arkalaşygyň giňişliginde özara hyzmatdaşlygy ösdürmekde durmuşa geçiren işlerine ýokary baha berdi hem-de Türkmenistany GDA-da üstünlikli başlyklyk etmegi bilen gutlady.
Soňra Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe söz berildi. Ol mejlise gatnaşyjylary mübärekläp, türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi hem-de sammitiň ýokary guramaçylyk derejesi üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirdi.
Şeýle hem goňşy ýurduň Prezidenti Awazanyň ajaýyp binagärlik keşbiniň Türkmenistanyň ösüşiniň okgunly depginini aýdyň görkezýändigini aýdyp, ýurdumyzyň GDA-da başlyklyk etmeginiň dowamynda gazanylan netijelere ýokary baha berdi we pursatdan peýdalanyp, mejlise gatnaşyjylary Arkalaşygyň 35 ýyllygy bilen gutlady. Bellenilişi ýaly, bu ýyllaryň dowamynda ýurtlarymyzda uly özgertmeler bolup geçdi, özara hyzmatdaşlyk has-da pugtalandyryldy, çünki ýurtlarymyzy ýakyn gatnaşyklar, umumy taryh we hyzmatdaşlygyň uly mümkinçilikleri baglanyşdyrýar.
Prezident Şawkat Mirziýoýew bu mümkinçiliklerden halklarymyzyň bähbidine netijeli peýdalanmagyň möhümdigini belläp, häzirki döwrüň ýagdaýlaryny nazara almak bilen, ynanyşmagy berkitmegiň we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň wajypdygyny aýtdy. Bellenilişi ýaly, ýurtlarymyzyň toplan tejribesi ykdysady hyzmatdaşlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň esasy binýatlarynyň biri bolmagynda galýar. Şunuň bilen baglylykda, Arkalaşyga agza döwletleriň bar bolan kuwwatyny doly derejede peýdalanmagyň hem-de söwda-maýa goýum hyzmatdaşlygyny täze derejä çykarmagyň zerurdygy bellenildi we birnäçe ugurlar beýan edildi.
Hormatly Prezidentimiz açyk we netijeli pikir alyşmalar üçin mejlise gatnaşyjylara minnetdarlyk bildirip, çykyşlaryň dowamynda GDA-nyň çäklerindäki hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de kämilleşdirmäge gönükdirilen möhüm hem-de netijeli teklipleriň beýan edilendigini belledi. Döwlet Baştutanymyz GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetine mejlisde beýan edilen başlangyçlary seljermegi hem-de wekiliýet Baştutanlarynyň ähli teklipleriniň iş ýüzünde amala aşyrylmagy üçin anyk çäreleri işläp taýýarlamagy teklip etdi.
Soňra 2027-nji ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda Özbegistan Respublikasynyň başlyklyk etmegi baradaky çözgüt kabul edildi. Hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylaryň ählisiniň adyndan özbek tarapyny gutlap, üstünlikli başlyklyk etmegi arzuw etdi.
Mejlisiň dowamynda başga-da birnäçe guramaçylyk meselelerine seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Soňra Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi giňişleýin düzümde dowam etdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sammite gatnaşyjylary ýene bir gezek mähirli mübärekläp, döwlet Baştutanlarynyň geňeşiniň çäkli düzümde geçirilen mejlisiniň dowamynda 2027-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmegiň Özbegistan Respublikasyna geçirilmegi baradaky çözgüdiň kabul edilendigini aýtdy we Prezident Şawkat Mirziýoýewe çykyş etmek üçin söz berdi.
Prezident Şawkat Mirziýoýew Özbegistan Respublikasynyň GDA-da başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny we geçirilmeli çäreleriň meýilnamasyny taýýarlamak boýunça işleriň tamamlanandygyny, şunda 100-den gowrak çäräniň göz öňünde tutulandygyny aýtdy.
Şeýle hem Prezident Şawkat Mirziýoýew Arkalaşygyň içindäki syýasy dialoga aýratyn ünsi çekip, hoşniýetli goňşuçylyk, ynanyşmak we özara düşünişmek ýörelgeleriniň ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň binýady bolup durýandygyny we bu binýady berkitmegiň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, ýurtlarymyzyň baý önümçilik mümkinçiliklerine, serişdelere, tehnologiýalara we bazarlara eýediginden ugur alnyp, senagat hyzmatdaşlygyny berkitmek, bilelikdäki önümçilikleri döretmek, özara maýa goýumlar üçin şertleri gowulandyrmak, işewürlikde tehnologiýalaryň peýdalanylyşyny giňeltmek we elektron söwdany ösdürmek ýaly ugurlar beýan edildi.
Döwlet Baştutanymyz Prezident Şawkat Mirziýoýewe minnetdarlyk bildirip, döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň adyndan Özbegistan Respublikasyna üstünlikli başlyklyk etmegi we özara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň bähbidine öňde goýlan ähli maksatlara ýetmegi arzuw etdi.
Soňra GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine hormatly myhman hökmünde gatnaşýan Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkiana söz berildi. Dostlukly ýurduň Prezidenti bu sammite gatnaşmaga çakylyk hem-de onuň ýokary guramaçylyk derejesi üçin türkmen tarapyna hoşallygyny beýan edip, Eýran Yslam Respublikasynyň GDA agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine ilkinji gezek hormatly myhman hökmünde gatnaşmagynyň özara gatnaşyklary pugtalandyrmak hem-de hyzmatdaşlygyň täze tapgyryny açmak üçin uly mümkinçilik bolup durýandygyny aýtdy. Bellenilişi ýaly, bu duşuşygyň Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň ekologiýa sammiti bilen bir wagtda geçirilmegi Eýranyň Hazarýaka we Merkezi Aziýa ýurtlary bilen umumy bähbitlere laýyk gelýän hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin amatly binýat döredýär.
Prezident Masud Pezeşkian Eýranyň we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge döredilen mümkinçilik üçin ýene bir gezek hoşallygyny beýan edip, bu duşuşygyň Merkezi Aziýanyň, Günorta Kawkazyň we Eýranyň diňe bir geografik taýdan däl-de, eýsem, hyzmatdaşlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň bitewi sebitini kemala getirmek ýolunda möhüm ädime öwrüljekdigine ynam bildirdi.
Serhetler bizi birek-birek bilen geografik taýdan baglanyşdyrýar. Ýöne biziň syýasy erkimiz bu baglanyşygy parahatçylygyň, durnuklylygyň we ösüşiň umumy gurşawyna öwürmäge mümkinçilik berer diýip, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti çykyşyny jemledi.
Hormatly Prezidentimiz çykyşy üçin Prezident Masud Pezeşkiana minnetdarlyk bildirdi.
Soňra GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedew çäkli düzümdäki mejlisde kabul edilen çözgütler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, wekiliýet Baştutanlary 2027-nji ýylda Arkalaşykda Özbegistan Respublikasynyň başlyklyk etmegi, Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň bolsa bilelikde başlyklyk etmegi baradaky çözgüdi kabul etdiler. Şeýle hem döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisini 2027-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda Özbegistan Respublikasynda geçirmek baradaky Çözgüt kabul edildi.
Sergeý Lebedew Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döredilmeginiň 35 ýyllygy bilen baglanyşykly Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Baştutanlarynyň Beýannamasy hakynda maglumat berdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow çykyş etmek üçin Rus dili boýunça halkara guramanyň Baş sekretary Natalýa Boçarowa söz berdi. Ol mejlise gatnaşyjylary mähirli mübärekläp, şeýle ýokary derejeli çärä gatnaşmagyň özi üçin uly mertebedigini hem-de jogapkärçilikdigini aýtdy. Bellenilişi ýaly, şu ýyl Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döredilmegine 35 ýyl dolýar. Bu hem ýaşlygyň, hem-de toplanylan uly tejribäniň ýaşydyr. Arkalaşygyň kuwwaty Rus dili boýunça halkara gurama ýaly täze taslamalary döretmek başarnygy bilen subut edilýär. Şunuň bilen baglylykda, bu guramanyň öz işine 6 aý mundan ozal başlandygy aýdyldy we onuň alyp barýan işleri barada maglumat berildi.
Döwlet Baştutanymyz manyly çykyşy üçin Natalýa Boçarowa minnetdarlyk bildirip, oňa we Rus dili boýunça halkara gurama alyp barýan işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow kabul edilen çözgüde laýyklykda, GDA gatnaşyjy döwletleriň arasynda medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmäge, dostlugy we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga goşan uly şahsy goşandy üçin Arkalaşyga gatnaşyjy döwletleriň döwletara ynsanperwer hyzmatdaşlyk gaznasynyň ýerine ýetiriji direktory Tahir Iksanowa, şeýle hem Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyny pugtalandyrmak we ösdürmek boýunça işi üçin Arkalaşyga gatnaşyjy döwletleriň Demir ýol ulagy boýunça geňeşiniň müdiriýetiniň başlygy Wiktor Popowa Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hormat hatyny gowşurdy.
Soňra resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Gol çekilen resminamalaryň hatarynda 2027-nji ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmek hakynda Çözgüt; Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirmek hakynda Teswirnamalaýyn çözgüt; Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döredilmeginiň 35 ýyllygy mynasybetli GDA gatnaşyjy döwletleriň Baştutanlarynyň Beýannamasy hakynda Çözgüt; Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hormat haty bilen sylaglamak hakynda Teswirnamalaýyn çözgüt; Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda 2029-njy ýyly “Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň ulag arabaglanyşygy ýyly” diýip yglan etmek hakynda Çözgüt bar.
Gol çekmek dabarasy tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sammite gatnaşyjylara ýüzlenip, şu günki mejlisiň netijeli geçendigini, resminamalary kabul etmekden başga-da, wekiliýet Baştutanlarynyň GDA-nyň çäklerindäki köpugurly hyzmatdaşlygyň, şeýle hem halkara gün tertibiniň meseleleriniň giň toplumy boýunça netijeli pikir alşandyklaryny belledi. Döwlet Baştutanymyz beýan edilen teklipleriň hem-de garalan resminamalaryň GDA giňişliginde umumy bähbitlere laýyk gelýän hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge we kämilleşdirmäge hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz sözüniň ahyrynda şu günki döwlet Baştutanlarynyň mejlisini taýýarlamaga we geçirmäge gatnaşan GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň işgärlerine, bilermenlere, Arkalaşygyň edaralarynyň wekillerine minnetdarlyk bildirip, GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisini ýapyk diýip yglan etdi.
Şeýlelikde, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň Awazada geçirilen mejlisi GDA ýurtlarynyň ykdysady integrasiýany çuňlaşdyrmaga çalyşýandyklaryny görkezip, möhüm sebit we ählumumy meseleleri çözmekde türkmen diplomatiýasynyň ýokary netijeliligini subut etdi.
***
GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi öz işini tamamlansoň, bu gurama agza ýurtlaryň Baştutanlary hem-de mejlise hormatly myhman hökmünde gatnaşan Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti mejlisiň çäklerinde ýaýbaňlandyrylan gurama agza döwletleriň we Eýran Yslam Respublikasynyň sergisini synladylar. Milli pawilýonlarda ýurtlaryň häzirki döwürde gazanýan üstünlikleri, ykdysady mümkinçilikleri hem-de medeni aýratynlyklary, durmuşa geçirýän başlangyçlary we taslamalary öz beýanyny tapdy. Munuň özi şu ýylyň möhüm wakasyna öwrülen halkara çäreleriň köptaraplaýyn häsiýete eýe bolandygyny görkezýär.