SPORTDAKY NE­TI­JE­LE­RIŇ BIN­ÝA­DY

16.07.2024

Mil­li spor­tu­my­zyň ka­nun­çy­lyk bin­ýa­dy­nyň ber­ki­dil­me­gi ýur­du­myz­da bu ul­ga­myň saz­la­şyk­ly ösü­şi­ni şert­len­dir­ýär. Çün­ki be­den­ter­bi­ýä­ni we spor­ty ös­dür­mek bo­ýun­ça he­re­ket ed­ýän res­mi­na­ma­lar bu ul­ga­my düz­gün­leş­dir­mek­de möhüm äh­mi­ýe­te eýe­dir.

«Türk­me­nis­tan­da 2021 – 2025-nji ýyl­lar­da be­den­ter­bi­ýä­ni we spor­ty gol­da­ma­gyň hem-de ös­dür­me­giň Mak­sat­na­ma­sy­nyň» hem-de ony ama­la aşyr­mak bo­ýun­ça ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­li çä­rele­riň Me­ýil­na­ma­sy­nyň çäk­le­rinde dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän iş­le­riň ma­ny-maz­mu­ny­na hem aý­ra­tyn ün­si çek­mek ge­rek. Bu mak­satna­ma be­den­ter­bi­ýe we sport çä­re­le­ri­niň giň top­lu­my­nyň üs­ti bi­len sag­dyn dur­muş ýö­rel­gesi­ni ber­ka­rar et­me­gi özün­de jem­le­ýär. Spor­tuň ösü­şi bo­ýun­ça kes­git­le­nen ýö­rel­ge­ler bol­sa mil­li tür­gen­le­ri­mi­ziň ab­raý­ly hal­ka­ra ýa­ryş­la­ryn­da uly üs­tün­lik­le­re ýet­me­gi­niň ýo­lun­da­ky mö­hüm ädim­le­ri eme­le ge­tir­ýär.

El­bet­de, şeý­le mak­sat­nama­la­ryň­dyr me­ýil­na­ma­la­ryň mil­li spor­tu­my­zyň ösü­şi üçin dö­re­dil­ýän giň şert-müm­kin­çi­likler bi­len ut­gaş­dy­ryl­ma­gy bol­sa spor­tuň ösü­şiň tä­ze be­lent­likle­re eýe bol­ma­gyn­da uly or­ny eýe­le­ýär. Mu­nuň özi Gahryman Arkadagymyzyň bin­ýa­dy­ny goýan sport sy­ýa­sa­ty­nyň Arkadagly Gahryman Serdarymyz ta­ra­pyndan my­na­syp de­re­je­de do­wam et­di­ril­ýän­di­gi­niň aý­dyň görke­zi­ji­si­dir. Şo­nuň üçin hem biz türk­men hal­ky­nyň Milli Liderine hem-de hormatly Prezidentimize tüýs ýü­rek­den sag­bol­sun aýd­ýa­rys.

Hez­re­ta­li Annaberdiýew, Aş­ga­bat şä­he­ri­niň Büz­me­ýin et­ra­by­nyň pro­ku­ro­ry­nyň tä­lim aly­jy kö­mek­çi­si.