news-photo
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar

29.09.2026

Şu gün “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň möhüm ähmiýetli wakalarynyň üstüni ýetiren taryhy pursatlar bolup geçdi. Köpetdagyň eteginiň gözel künjegindäki Türkmenistanyň Prezidentiniň 1200 orunlyk Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyna hormatly Prezidentimiz we Gahryman Arkadagymyz gatnaşdylar. Bu bolsa häzirki döwrüň şanly wakalarynyň many-mazmun taýdan baýlaşmagyny şertlendirdi.

Daňdanyň tämiz çagynda dag etekleriniň gözelligi Aşgabadyň älemgoşar öwüşginli yşyklary bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirip, ynsan kalbyna ýakymly täsir edýär. Häzirki zamanyň ösen tejribesiniň we täzeçil tehnologiýalaryň netijeli ulanylmagynda çekilen nurana ýollar türkmen halkynyň bagtyýar geljegine uzaýan menzilleri alamatlandyrýar.

Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň berkararlygynyň aýdyň nyşanyna öwrülen nurana ýol bilen gidip barşyna ady rowaýata öwrülen we Döwlet tugrasynda mynasyp orun alan bedewiň hormatyna gurlan “Ýanardag” binasynyň deňinden geçdi. Munuň özi türkmen halkynyň dünýä beren milli gymmatlygyna bildirilýän hormatyň güwäsine öwrüldi.

Täzeden gurlan bu ýoluň gurluş aýratynlyklary, onuň her bir tapgyrynyň gurluşygynyň halkara görkezijilere laýyk derejede ýerine ýetirilmegi we aýlawly ýoluň ýanaşyk ýerleriniň göwnejaý abadanlaşdyrylmagy ýurdumyzda sogap iş hasaplanylýan ýol gurluşygyna häzirki zaman talaplaryndan ugur alnyp çemeleşilýändigini görkezýär.

Ahalteke bedewlerine aýratyn gadyr goýýan Gahryman Arkadagymyz atyň taýçanaklykdan belent başly bedewe öwrülen şekilini janlandyrýan “Atly aýlaw” halkalaýyn ýolunyň daşyndan öwrüm etdi. Doly döwrebaplaşdyrylan ýolunyň ugrunda türkmen halkynyň buýsanjyna öwrülen bedew şekiliniň ýerleşdirilmegi ynsan gylykly atlaryň köp asyrlaryň dowamynda adamlaryň ýakyn syrdaşyna öwrülendigini görkezýär. Bu ýerde oturdylan bedewiň heýkeliniň ak reňkde bolmagy türkmen halkynyň “Ak zat alnyňa ýagşy” diýen paýhasly jümlesine gabat gelýär. Bedewiň ýüzüniň ilerik bolmagy bolsa ýurdumyzyň ösüşleriniň ilerleýändigini has aýdyňlygy bilen äşgär edýär.

Soňra Milli Liderimiz ýoluny dowam edip, düýpli döwrebaplaşdyrylan, täzeden gurlan Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna geldi.

Toplumyň çäginde Gahryman Arkadagymyzy bu ýerde guralan dabara gatnaşýan Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň Iş dolandyryjysy, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn düzümleriň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, daşary döwletleriň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň, halkara guramalaryň wekilleri, hormatly atşynaslar we köp sanly myhmanlar mähirli garşyladylar.

Şanly wakanyň hormatyna ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň joşgunly çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Dünýä derejesinde uly şöhrat gazanan we ahalteke bedewleriniň halkara giňişlikdäki abraýynyň belende galmagyna mynasyp goşant goşan “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalarynyň çykyşlarynyň aýdym-sazlaryň ýakymly owazlary bilen utgaşmagy bu ýerde guralan dabara özboluşly baýramçylyk öwüşginini çaýdy.

Soňra bu ýerde häzirki zaman tehnologiýalary esasynda yşyklandyrylan şüweleň kompozisiýasy görkezildi. Munuň özi dabaranyň has täsirli we ýatda galyjy pursatlaryna öwrüldi.

Gahryman Arkadagymyzyň toplumyň açylyş dabarasyna gatnaşmagy bilen, bu gün asmandan nur ýagdy. Nuruň ýagmagy bolsa berekediň, agzybirligiň, abadançylygyň nyşany bolup, behişdi bedewleriň hormatyna guralýan toýuň ähmiýetini has-da artdyrdy.

Şüweleň tamamlanandan soň, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz münbere geçip, dabara gatnaşyjylaryň öňünde çykyş etdi.

Gahryman Arkadagymyz şu gün Türkmenistanyň Prezidentiniň 1200 orunlyk Ahalteke atçylyk toplumynyň dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berilýändigini aýdyp, bu günki taryhy waka — Ahalteke atçylyk toplumynyň açylmagy mynasybetli hormatly Prezidentimizi, mähriban halkymyzy, dabara gatnaşyjylary tüýs ýürekden gutlady.

«Behişdi bedewler» diýlip atlandyrylan ahalteke atlarymyz hemişe ata-babalarymyzyň ýakyn syrdaşy bolupdyr. Häzirki wagtda ahalteke bedewi ýurdumyzyň aýdyň keşbi, ösüşiň we abadançylygyň nyşany hasaplanýar. Dünýäde uly meşhurlyk gazanan ahalteke atlarynyň asyl mekanynda atçylyk pudagyny ösdürmek, behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratyny has-da belende götermek boýunça uly işler alnyp barylýar» diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam etdi.

Ýurdumyzyň welaýatlarynda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde häzirki zaman talaplaryna doly laýyk gelýän ahalteke atçylyk sport toplumlarynyň hereket edýändigini belläp, Milli Liderimiz ahalteke bedewleriniň ilkinji dörän gadymy hem-de keramatly topragynda bina bolan Arkadag şäherimizde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň, «At — myrat» okuw merkeziniň, Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň, Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň hem-de 600 orunlyk athana toplumynyň açylyp ulanmaga berlendigini, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň bolsa dünýä derejeli bäsleşiklerde gazanýan uly üstünlikleriniň halkymyzyň buýsanjyna öwrülendigini aýtdy.

“Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumy ýylyň ähli paslynda atlar üçin ýakymly howa gurşawyna eýedir. Bu künjekde ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmek we tohumçylyk işini ylmy esasda alyp barmak üçin tebigy mümkinçilikleriň bardygyny bellemek gerek. Häzirki zaman toplumynyň bezeg işlerinde bedewleriň şekilleri öz beýanyny tapýar. Gurluşyk we binagärlik babatda ýerine ýetirilen işler bu ýeriň tebigaty bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirýär”.

Bu baradaky gürrüňi dowam edip, Gahryman Arkadagymyz bu ýerde atlaryň sagdyn iýmitlenmegi üçin almanyň hem-de käşiriň ösdürilip ýetişdirilýändigini, bu ýerde ekilen Babarap almasynyň gadymy döwürden bäri atlaryň sagdynlygy üçin esasy iýmit bolup durýandygyny belledi. “Ahalteke bedewleri käşiri örän gowy görýär. Şonuň üçin bu ýerde käşiriň atlar üçin ýörite görnüşi ösdürilip ýetişdirilýär. Ýörite meýdanda toplumyň bedewlerine niýetlenen ýorunja hem ösdürilip ýetişdirilýär. Weterinariýa ylmynyň tassyklamagyna görä, alma, käşir, arpa we ýorunja hem-de ýorunja bedesi atlar üçin ýokumly bolan serişdelere örän baýdyr. Bu ýerde ot-iým saklamaga niýetlenen ammarlaryň bolmagy atlaryň ýylyň dowamynda bol iýmitini üpjün eder” diýip, Milli Liderimiz sözüni dowam etdi.

Şeýle hem toplumyň çäginde häzirki zaman ylmynyň gazananlary bilen enjamlaşdyrylan bölümleriň we barlaghanalaryň hereket edýändigine ünsi çekip, Gahryman Arkadagymyz olaryň her birinde atlaryň tohumçylyk işini, saglyk ýagdaýyny, beden gurluşyny ylmy esasda öwrenmek üçin ähli zerur şertleriň bardygyny belledi.

Toplumyň esasy we dolandyryş binalary ylmyň we tehnologiýanyň soňky gazananlary bilen üpjün edildi. Dolandyryş binasynda sanly ulgam arkaly atlaryň saklanyşy, iýmitlenişi, şeýle hem näçe wagt ukuda, näçe wagt aýak üstünde durandygy bilen tanşyp bolýar. Döwrebap toplumda seýisler hem-de atbakarlar üçin hem ähli amatlyklar döredildi. Toplumyň esasy girelgesindäki atly ýigidiň heýkeli, şeýle-de toplumyň merkezi künjeginde gurlan özboluşly heýkel ahalteke bedewleriniň ýeňişli ýollarynyň alyslara uzaýandygyny görkezýär.

Atçylyk sporty boýunça türgenleşikleri geçirmäge niýetlenen açyk we ýapyk manežleriň hem-de ahalteke bedewleriniň gözellik bäsleşigini geçirmäge niýetlenen meýdançanyň döwrebap derejede gurlandygyny belläp, Gahryman Arkadagymyz bu ýerde atlar üçin niýetlenen fotostudiýanyň hem enjamlaşdyrylandygyny, onda ýylyň dört paslyny alamatlandyrýan görnüşleriň atlar bilen surata düşýänlerde ýakymly täsirleri galdyrjakdygyny aýtdy.

Häzirki zaman athanalary, atlary seýislemek üçin niýetlenen bina, atlaryň suwda türgenleşdirilýän desgasy, çapuw ýodalary, at çapyşyklaryna tomaşa etmäge niýetlenen münberler häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyk gelýär. Topluma gelýän ýol, şeýle-de onuň yşyklandyryş ulgamy hem doly döwrebaplaşdyryldy. Ýoluň başy ady belli «Ýanardag» binasy hem-de «Atly aýlaw» heýkeli bilen bezelen. Şeýle hem tokaý zolaklarynyň döredilmegi bu künjegiň ekologiýa derejesiniň ýokary bolmagyny üpjün edýär.

«Biz ýurdumyzyň beýik ösüşlerini bedew bady bilen baglanyşdyrýarys. Şoňa görä-de, Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ulanmaga berilmeginiň aýratyn manysy bardyr. Bu toplumyň şu gün dabaraly açylmagy 2026-njy ýylyň şygaryny, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramyny has-da şöhratlandyrýar.

Türkmen halkynyň «At — myrat», «At agynan ýerde toý bolar» diýen nakyllary bar. Şonuň üçin-de, bu ajaýyp toplumda dabaraly toýlar tutulyp, at çapdyrylar, ýaryşlar geçiriler. Halkymyzyň bedewlere goýýan hormat-sarpasy bu toplumda geçiriljek dabaralarda has-da belende göteriler.

«Aty baryň — ganaty bar» diýlişi ýaly, täze toplum biziň belent maksatlara ýetmegimize ganat berer» diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi.

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň behişdi bedewleriň mekanydygyny, şöhratly ata-babalarymyzdan miras galan ahalteke atlarymyzyň halkymyzyň milli buýsanjydygyny, ahalteke bedewleriniň owadanlygy, ýyndamlygy, eýesine wepalylygy bilen dünýäni haýran galdyrýandygyny belläp, Gahryman Arkadagymyz akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiliginden mysal getirdi:

At gazanar goç ýigidiň,
Owwal bedew aty gerek.

Milli Liderimiz ahalteke bedewleriniň waspynyň söz ýeterden aňyrdadygyny, «asman atlary» diýlip atlandyrylan behişdi bedewleriň taryhynyň halkymyzyň şöhratly taryhy bilen utgaşyklydygyny belledi. Gadymy döwürlerde pederlerimiz sarsmaz döwletleri, synmaz şäherleri gurupdyrlar. Ähli döwürlerde-de ahalteke bedewleri halkymyzyň ýakyn syrdaşyna öwrülipdir.

Gadymy Merwde, ýagny Maru — şahu jahanda geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde ýüze çykarylan maglumatlardan belli bolşy ýaly, türkmen atlarynyň bäş müň ýyldan gowrak taryhy bar. Munuň özi türkmen halkynyň öz işine ussat seýisleriniň, atşynaslarynyň yhlasyndan dörän milli gymmatlykdyr. Türkmen topragynyň dürli künjeklerinde gurlan kerwensaraýlar bu ýerleriň gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň merkezine öwrülendigine şaýatlyk edýär.

«Häzirki döwürde türkmen halkynyň we ahalteke bedewleriniň gadymy şöhraty häzirki döwrüň ruhuna kybap derejede täzeden dikeldilýär we ösdürilýär. Şunda her birimiziň goşandymyzyň bolmagy haýyr işlere dahylly bolmakdyr» diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam etdi.

“Bedewleriň iri ýaryşlardaky ýeňşi Watanyň şöhratydyr, halkyň abraýydyr. Şonuň üçinem, ata-babalarymyzyň aýdyşy ýaly, ýaryşlarda atlarymyz ozsun! Watanymyzyň buýsanjy bolan ahalteke atlarymyzyň şan-şöhraty hemişe belentde bolsun!” diýip bellemek bilen, Gahryman Arkadagymyz hemmeleri Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň dabaraly açylmagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady we dabara gatnaşyjylara berk jan saglygyny, bagtyýarlygy, uly rowaçlyklary arzuw etdi.

Milli Liderimiz çykyşyny bedew hakyndaky goşgy setirleri bilen jemledi.

Ýerde ýörän, gökde uçan tagtym sen,
Syrdaşym sen, myradym sen, bagtym sen,
Ýüregimde ebedilik aýdym sen,
Waspyň sena boldy dillere, bedew!

Soňra Gahryman Arkadagymyz dabara gatnaşyjylaryň şowhunly elçarpyşmalary bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň 1200 orunlyk Ahalteke atçylyk toplumynyň toý bagyny kesdi. Şeýlelikde, “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň taryhy ähmiýeti bolan şanly wakalarynyň dabaralandyrylýan pursatlarynda «asman atlarynyň» behişdi mekanynda häzirki zaman binalar toplumy açyldy.

Milli Liderimiz dabara gatnaşyjylar bilen bilelikde toplumyň çägine girip, onuň ahalteke bedewlerini iýmitlendirmek üçin ýörite ekilen alma baglaryny we käşir ekilen meýdany synlady.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda idedilýän bedewleriň ot-iým üpjünçiliginiň yzygiderli häsiýete eýe bolmagy nazara alnyp, bu ýerde atlar üçin iýmit önümlerini ýetişdirmäge niýetlenen ýer bölekleri berildi. Onda atlaryň iýmit birliginde zerur hasaplanylýan käşir, alma baglary ösdürilip ýetişdirilýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň çäginde bedewleriň arassa ganlylygyny saklamak, olaryň baş sanyny artdyrmak üçin niýetlenen seleksiýa binasy bolup, bu ýerde degişli işleri ylmy esasda alyp barmak we dünýäniň ösen tejribesini doly derejede özleşdirmek üçin ähli zerur şertler üpjün edilipdir. Munuň özi toplumyň taslamalary taýýarlananda we gurluşyk işlerinde köptaraply tejribeleriň netijeli ulanylandygyny görkezýär.