BEÝIKLIGI WATANA SÖÝGÜSINDE JEMLENEN

09.08.2024

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekilleriniň, ýazyjy-şahyrlarymyzyň ömri we döredijiligi has içgin öwrenilýär. Nusgawy edebiýatymyz hakynda söhbet edilende bolsa, ilkinji nobatda, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň keşbi ör-boýuna galýar.

Dana şahyryň beýikligi onuň öz Watanyna, halkyna, ene topragyna bolan çäksiz söýgüsinde jemlenendir. Akyldaryň bize miras goýan şygyrlaryny agzybirligiň, päk göwünliligiň, halallygyň jarçysy diýip häsiýetlendirmek bilen, ol goşgularyň her bir setirini ynsanlary ruhy teşnelikden gandyrýan sowuk suwly güzere meňzedýäris. Çünki söz ussadynyň her bir setiri watansöýüjilige, agzybirlige, birek-birege hormat-sylaga çagyrýar.

Milli mirasymyza, nusgawy şahyrlarymyza uly hormat-sarpa goýulýandygyna Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýän dürli çärelerem aýdyň şaýatlyk edýär. Şeýle çäreleriň daşary ýurtlaryň ençemesinde guralmagy bolsa has-da buýsandyryjydyr. Her ýylyň 27-nji iýunynda giňden bellenilip geçilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň dabaralary hem ýurdumyzda beýik şahyrymyza belent sarpa goýulýandygynyň, medeniýetdir sungat işgärleriniň uly üns-alada bilen gurşalýandygynyň subutnamasy bolup dabaralanýar.

Sähragül Aşy­rowa, welaýat prokuraturasynyň kazyýet kararlarynyň kanunylygyna gözegçilik bölüminiň uly prokurory, ýustisiýanyň geňeşçisi.