11.06.2021
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna seredildi.
Hormatly Prezidentimiz, ilki bilen, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowany hem-de Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýewi göni aragatnaşyga çagyrdy.
Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa ýurdumyzyň kanun çykaryjy edarasynyň Türkmenistanda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň hukuk binýadyny pugtalandyrmak boýunça alyp barýan işleri barada maglumat berdi.
Häzirki wagtda amala aşyrylýan durmuş ugurly syýasatyň esasy ugurlary bilen baglylykda, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň degişli hünärmenleriniň we wekilleriniň gatnaşmagynda täze kanunlaryň birnäçesiniň taslamalaryny taýýarlamak işi dowam etdirilýär. Şeýle hem milli kanunçylygy kämilleşdirmek maksady bilen, hereket edýän kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça işler alnyp barylýar. Dürli pudaklaryň işini kadalaşdyrýan degişli kadalaşdyryjy hukuk namalary seljerilýär, bu ugurdaky işiň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça çäreler kesgitlenilýär.
Deputatlar täze kanunlaryň many-mazmunyny düşündirmek boýunça wagyz işlerini alyp barýarlar. Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň we Mejlisiň deputatlarynyň, ýurdumyzyň zenan ýolbaşçylarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň agzalarynyň hem-de ene-mamalarymyzyň gatnaşmagynda “Arkadagly döwür — abadan durmuşyň binýady” atly maslahat geçirildi. Onda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyna taýýarlyk görmek hem-de ösüp gelýän ýaş nesilleri maşgala gymmatlyklarynyň we ahlak ýörelgeleriniň esasynda terbiýelemekde zenanlaryň ornuny ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly gelin-gyzlaryň arasynda wagyz-nesihat we düşündiriş işlerini işjeňleşdirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mejlisiň wekilleri halkara we parlamentara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen çäreleriň birnäçesine gatnaşdylar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Milli Geňeşiň Mejlisiniň türkmen döwletiniň hukuk esaslaryny has-da kämilleşdirmek, onda hakyky demokratik däpleri pugtalandyrmak boýunça geçirýän işleriniň örän möhümdigini nygtady.
Türkmenistanyň düýpli özgertmeler ýoluna düşmek bilen, kanunyň hökmürowanlygyny, jemgyýetiň iň uly gymmatlygy hökmünde öz raýatlarynyň bähbitlerini, hukuklaryny we azatlyklaryny goramagy öz ösüşiniň ileri tutulýan ugry hökmünde yglan etdi.
Döwlet Baştutanymyz häzirki döwrüň möhüm wezipelerini, şol sanda demokratiýa we hukuk, çaganyň hukuklaryny goramak, gender hem-de beýleki düýpli meseleleri çözmekde iri halkara guramalar bilen özara gatnaşyklaryň oňyn tejribesini ulanmagyň wajypdygyna ünsi çekdi.
Soňra Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýew milli parlamentiň ýokarky palatasynyň birinji mejlisiniň netijeleri hem-de geçirilýän wagyz işleri barada maglumat berdi.
Halk Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň şu ýylyň 5-nji iýunynda geçirilen birinji mejlisinde Mejlisiň maslahatynda kabul edilen kanunçylyk resminamalary makullanyldy, olar boýunça degişli kararlar kabul edildi hem-de Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň işi bilen baglanyşykly kanunlaryň taslamalary tassyklanyldy.
Halk Maslahatynyň agzalary Mejlisiň deputatlary, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň wekilleri bilen bilelikde, Çagalary goramagyň halkara güni, Bütindünýä welosiped güni, Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli geçirilen maslahatlara we duşuşyklara hem-de düşündiriş we wagyz çärelerine gatnaşdylar, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde yzygiderli çykyş etdiler.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň işini häzirki döwürde döwlet ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny hem-de halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryny nazarda tutmak bilen alyp barmagyň zerurdygyna ünsi çekdi.
Döwlet Baştutanymyz kanun çykaryjylyk ulgamynda tejribe alyşmaga, halkara jemgyýetçiligi Türkmenistanyň garaşsyz ösüş ýolunda taryhy tejribesi, häzirki döwürde gazanýan üstünlikleri bilen tanyşdyrmaga ýardam edýän halkara hyzmatdaşlygy we parlamentara gatnaşyklary giňeltmegiň möhümdigini belledi.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek maksady bilen, degişli resminamalara gol çekdi hem-de olary sanly ulgam arkaly K.Babaýewe iberdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz sanly ulgam arkaly wise-premýer M.Geldinyýazowy hem-de onuň gözegçilik edýän düzümleriniň — ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport ulgamlarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylaryny göni aragatnaşyga çagyrdy.
Ilki bilen, saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesow ýurdumyzda tomusky dynç alyş möwsüminiň guralyşy boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, tomus möwsüminde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda oňat dynç almagy üpjün etmek üçin öňüni alyş çärelerini görmegiň zerurdygyny nygtap, Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary topara ýolbaşçylyk edýän ministre degişli tabşyryklary berdi.
Hususan-da, deňze dynç almaga gelýänlere hökmany sanjym geçirilişine, dynç alyş-sagaldyş merkezleriniň degişli derejede saklanylyşyna we umuman, tomusky dynç alşyň saglyk üçin has peýdaly geçirilişine berk gözegçiligi üpjün etmek tabşyryldy. Şeýle hem ilatyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, dürli keselleriň öňüni alyş çärelerini güýçlendirmek boýunça toplumlaýyn işleri artdyrmagyň zerurdygy nygtaldy.
Bilim ministri O.Gurbanow ýurdumyzda bilim özgertmelerini amala aşyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine giriş synaglaryna hem-de täze okuw ýylyna düýpli taýýarlyk görmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Täze okuw ýylynyň başlanmagyna çenli ähli mekdeplerde we okuw binalarynda abatlaýyş hem-de timarlaýyş işleri geçirilmelidir.
Milli Liderimiz okatmagyň täzeçil usullaryny işjeň ornaşdyrmagyň, häzirki zamanyň bilim maksatnamalaryny we okuw serişdelerini ulanmagyň örän möhümdigini nygtap, bilim edaralarynyň işini döwrüň talabyna laýyk kämilleşdirmek, ýokary okuw mekdeplerini hojalyk hasaplaşygy usulyna geçirmek boýunça has anyk çäreleri görmegi tabşyrdy.
Sport we ýaşlar syýasaty ministri G.Agamyradow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli geçirilmegi meýilleşdirilýän sport ýaryşlaryny guramak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini hem-de sportda ýokary gazanylanlary has-da ösdürmek, türkmenistanlylaryň ýaş neslini watançylyk ruhunda terbiýelemek boýunça işleriň netijeliligini ýokarlandyrmagyň zerurdygy barada görkezme berdi. Ýaşlar mähriban Watanymyza wepalylyk we söýgi ruhunda terbiýelenip ösmelidirler.