30.10.2024
Ahalteke bedewi özüniň köpasyrlyk taryhy, gaýtalanmajak özboluşlylygy bilen diňe bir ýurdumyzyň däl-de, eýsem, tutuş adamzat siwilizasiýasynyň gymmatly hazynasy bolup durýar. Muny ýurdumyza «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly milli hödürnamasynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigi baradaky şahadatnamanyň dabaraly ýagdaýda gowşurylmagy hem doly tassyklaýar.
Taryhyň şaýatlyk edişi ýaly, türkmen behişdi bedewleriniň gelip çykyşy dünýä siwilizasiýasynyň dörän wagtyna gabat gelýär. Halkymyzyň arasynda olaryň taryhynyň gadymydygyna, düşbüligine we gözelligine dünýä içre taý ýokdugyna güwä geçýän ýazuw çeşmeleri saklanyp galypdyr.
«Oguznama» eposyndan hakydamyza ornan «Saňa at diýmerin, gardaş diýerin, ýöne sen dogandan hem zyýada» diýen setirler behişdi bedewleriň türkmen halkynyň uçar ganatydygyny, göwünsyrdaşydygyny çeper beýan edýär. Ýüwrüklikde dünýäde hiç bir zadyň ahalteke bedewleri bilen bäsleşip bilmeýändigini, hatda kepderileriň we durnalaryň hem olaryň yzyna zordan eýerýändiklerini gadymy ýunan taryhçysy Ksenofont belläp geçýär.
Gadymy rim taryhçysy Appiana nusaý atlarynyň öz gözelligi bilen tapawutlanýandygy, olaryň kuwwatly şalara mynasypdygy barada biziň eýýamymyzdan ozalky II asyrda belläp geçipdir.
Wepa MYRTAZAKULOW, Köýtendag etrabynyň prokurorynyň uly kömekçisi, 1-nji derejeli ýurist.