26.11.2024
Güneşli Diýarymyzyň gözel tebigatyny goramak, daşky gurşawy sagdynlaşdyrmak hemişe aladasy edilmegi derwaýys meseledir. Çünki, ajaýyp gözelligi özünde jemleýän tebigatymyz biziň öýümizdir. Ýurdumyzyň tebigaty gymmatly baýlygymyz bolup, onuň ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamak, olaryň köpdürlüligini aýawly goramak, geljekki nesillere ýetirmek biziň wajyp wezipämizdir. Şu wezipä hormatly Prezidentimiz hemişe uly üns berip, tebigatymyzy goramak, daşky gurşawy sagdynlaşdyrmak, tebigy baýlyklarymyzdan rejeli peýdalanmak bilen bagly wezipeleri öňde goýýar.
Gürrüňi edilýän ugruň kanunçylyk-hukuk kadalaryny kämilleşdirmekde netijeli işler alnyp barylýar. Bu ugurda kanunlaryň we hukuknamalarynyň 50-den gowragy kabul edildi. “Tebigaty goramak hakynda”, “Ozon gatlagyny goramak hakynda”, “Aýratyn goralýan tebigy ýerler hakynda”, “Ösümlik dünýäsi hakynda”, “Haýwanat dünýäsi hakynda” we beýleki Kanunlarda hem-de Kodekslerde gürrüňi edilýän meseläniň kämil kanunçylygy kesgitlenendir. Tebigaty goramakda, daşky gurşawy sagdynlaşdyrmakda, ýerasty baýlyklar gazylyp alnanda ekologiýa zyýan ýetirilmeginiň öňüni almakda we beýleki gurluşyk-gurnama işlerinde bu kanunçylygyň berjaý edilmeginiň ähmiýeti uludyr.
Ýurt Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmekde alnyp barylýan işlerem ýerine düşýär. Diýarymyzda peýda bolýan tokaý zolaklary göwünleri galkyndyrýar. Her ýylda geçirilýän bag ekmek dabaralarynda ýüzlerçe müň agaç nahallary oturdylyp, Diýarymyzy gülzarlyga öwürmekde uly işler bitirilýär.
Merdan HOMMATMYRADOW. Baýramaly şäher prokurorynyň uly kömekçisi, 1-nji derejeli ýurist.