news-photo
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

17.01.2025

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşyna degişli birnäçe meseleler girizildi.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa milli kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek bilen bagly kabul edilen maksatnamalaryň hukuk esaslaryny döretmek, raýatlaryň azatlyklaryny, kanuny bähbitlerini goramak, ýurdumyzda hukuk tertibini we kanunylygy pugtalandyrmak, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly kanun taslamalaryny taýýarlamak boýunça işler dowam etdirilýär.

Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de 2025-nji ýylyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda döredilen guramaçylyk döwlet toparynyň mejlisinde Gahryman Arkadagymyzyň öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmek maksady bilen, Mejlisiň deputatlary syýasy partiýalaryň, iri jemgyýetçilik birleşikleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen bilelikde şu ýylyň we onuň nyşanynyň, hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň taryhy, syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetini wagyz etmek, ýurdumyzyň kada-kanunçylygyny kämilleşdirmek babatda degişli işleri alyp barýarlar.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow döwrüň talabyna laýyk gelýän täze kanun taslamalaryny işläp taýýarlamagyň hem-de bu ugurda degişli çäreleri görmegi dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow ýurdumyzyň halkara maliýe derejesini pugtalandyrmak we abraýyny ýokarlandyrmak, “Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda” kesgitlenen wezipeleri çözmek üçin ugurdaş düzümler bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça görülýän anyk çäreler barada hasabat berdi. Ol Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň Beýik Britaniýanyň “Fitch Ratings” agentligi bilen geçiren işleri barada aýdyp, hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň halkara maliýe derejesini pugtalandyrmagy dowam etdirmegiň, bu ugurda halkara agentlikler bilen hyzmatdaşlygy has-da ösdürmegiň wajypdygyny belledi we taýýarlanylan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow gözegçilik edýän toplumynda, hususan-da, “Türkmengaz” döwlet konserniniň garamagyndaky edara-kärhanalarda ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, nebitgaz toplumyna degişli pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli pugtalandyrylýar we has oňaýly iş şertleri döredilýär. Munuň özi pudakda zähmet çekýän işgärleriň has netijeli işlemegini üpjün etmäge, zähmet öndürijiliginiň yzygiderli ýokarlandyrylmagyna ýardam berýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň edara-kärhanalarynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli kämilleşdirilýändigini, pudakda zähmet çekýänler üçin amatly iş şertleriniň döredilýändigini aýtdy hem-de bu ugurdaky işleri mundan beýläk-de dowam etdirmek maksady bilen taýýarlanylan teklibi goldap, wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalygy pudagynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň gowaça ekiljek meýdanlarynda sürüm işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Tekizleýiş, geriş, çil çekmek hem-de ýuwuş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny, ýokary hilli gowaça tohumyny taýýarlamak boýunça zerur çäreler görülýär. Welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri dowam edýär. Şeýle hem wise-premýer şu ýyl Diýarymyzda oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek maksady bilen, degişli Kararyň taslamasynyň taýýarlanylandygyny habar berdi we ony döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, welaýatlarda häzirki jogapkärli möwsümde alnyp barylýan işlere möhüm ähmiýet bermegiň, ýazky ekişe gowy taýýarlyk görmegiň zerurdygyny belledi. Şeýle-de ekin dolanyşygyny ylmy esasda alyp barmaga, ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga aýratyn üns bermegiň, oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberini has-da artdyrmagyň wajypdygy nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz “Welaýatlar boýunça 2025-nji ýylda oba hojalyk ekinlerini ýerleşdirmek hem-de önümleri öndürmek hakynda” Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi we degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gözegçilik edýän pudaklaryna, hususan-da, elektroenergetika pudagyna degişli binalary we desgalary gurmak, durkuny täzelemek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly, paýtagtymyzyň günorta bölegindäki asma ýoluň talabalaýyk bolmagyny gazanmak maksady bilen, düýpli abatlaýyş işlerini geçirmek göz öňünde tutulýar. Bu işler türkmen gurluşykçylary tarapyndan ýerine ýetiriler. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, häzirki döwürde Aşgabat şäheriniň keşbiniň barha gözelleşýändigini, ýaşaýyş jaýlarynyň, dynç alyş merkezleriniň, medeni-durmuş maksatly binalaryň yzygiderli gurulýandygyny aýtdy we paýtagtymyzda ýerleşýän asma ýolda düýpli abatlaýyş işlerini geçirmek hakynda resminama gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi hem-de degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew Aşgabat şäherinde Owganystanyň önümleriniň sergisini we işewürlik maslahatyny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, şu ýylyň 23 — 27-nji fewralynda geçirilmegi meýilleşdirilýän bu çärelere goňşy ýurduň haryt öndüriji kompaniýalarynyň hem-de Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýän işewürleriniň gatnaşmagy göz öňünde tutulýar. Serginiň we işewürlik maslahatynyň çäklerinde özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek, ýurdumyzda öndürilýän önümleri Owganystana eksport etmek baradaky meseleleri ara alyp maslahatlaşmak meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda Owganystanyň önümleriniň sergisiniň we işewürlik maslahatynyň geçirilmeginiň türkmen-owgan gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmekde möhüm ädim boljakdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz bu ugurda taýýarlanylan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa şu ýylyň fewral aýynda geçiriljek esasy çäreleriň Tertibi barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, geljek aýda 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi hem-de Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli welaýatlarda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde maslahatlary, döredijilik duşuşyklaryny, brifingleri, wagyz-nesihat çärelerini, aýdym-sazly dabaralary geçirmek göz öňünde tutulýar. Gazet-žurnallaryň redaksiýalary tarapyndan dürli döredijilik bäsleşikleriniň yglan edilmegi meýilleşdirilýär. Mundan başga-da, ýokary hem-de hünär-tehniki, orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň, umumybilim berýän orta mekdepleriň okuwçylarynyň arasynda “Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” atly uniwersiadanyň we spartakiadanyň sport ýaryşlaryny geçirmek göz öňünde tutulýar. Fewral aýynyň esasy çäreleriniň hatarynda “Täze taryhy döwrüň dünýä nusgalyk ösüşleri — Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baş ýörelgesi” atly dabaraly maslahat, “Sungat — parahatçylygyň dili” atly şekillendiriş sungaty eserleriniň sergisi, “Milli ýörelgelerimiz nesil terbiýesinde”, “Türkmen Bitaraplygy — halkara parahatçylygyň we durnukly ösüşiň kepili” atly maslahatlar, “Parahatlyk — geljege mukaddes miras” atly dabaraly çäre hem bar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, fewral aýynda geçiriljek çärelere gowy taýýarlyk görmegiň hem-de olary ýokary derejede geçirmegiň möhümdigini belledi we bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa 2025-nji ýylda aspirantura, doktorantura we alymlyk derejelerine dalaşgärlige, kliniki ordinatura kabul etmegiň meseleleri barada hasabat berdi.

“Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda”, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” hem-de “Saglyk” Döwlet maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleri durmuşa geçirmek, ylym ulgamynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, sanly ykdysadyýeti dolandyrmak babatda ýaş alymlaryň täze neslini kemala getirmek, innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan inženerleri, tehnologlary, lukmanlary we beýleki hünärmenleri taýýarlamak üçin ýurdumyzyň degişli ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde degişli işler geçirildi. Şunuň bilen baglylykda, “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” şygary astynda geçýän 2025-nji ýylda ylmy-barlag edaralarynda, ýokary okuw mekdeplerinde aspirantura, doktorantura, alymlyk derejelerine dalaşgärlige hem-de kliniki ordinatura kabul etmegiň sany baradaky resminamanyň taslamasy taýýarlanyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, berkarar Watanymyzda ylym ulgamyny kämilleşdirmäge, alymlary, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga uly ähmiýet berilýändigini, bu ulgamy ösdürmek boýunça köp işleriň amala aşyrylýandygyny aýtdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz 2025-nji ýylda aspirantura, doktorantura, alymlyk derejelerine dalaşgärlige, kliniki ordinatura kabul etmek boýunça degişli işleri geçirmegiň wajypdygyny nygtap, degişli resminama gol çekdi hem-de ony wise-premýere sanly ulgam arkaly iberip, resminamanyň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Ýewropa Bileleşigi hem-de oňa agza ýurtlar bilen özara bähbitli, deňhukukly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu gatnaşyklaryň çäklerinde anyk çäreler görülýär. Şunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Ýewropa Geňeşiniň Başlygy Şarl Mişel bilen 2023-nji ýylyň 18-nji sentýabrynda Nýu-Ýorkda geçiren duşuşygyny bellemek bolar. Mundan başga-da, 2024-nji ýylda Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Margaritis Şinasyň, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň wise-prezidenti Mark Boumanyň, halkara hyzmatdaşlyk boýunça Ýewropa komissary Ýutta Urpilaýneniň Aşgabada saparlarynyň bolandygy barada aýdyldy. 2024-nji ýylyň martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekiliýetiniň Brýussele sapary boldy. Onuň dowamynda Ýewropa Bileleşiginiň ýokary wezipeli wekilleri bilen duşuşyklar geçirildi hem-de ÝB we oňa agza döwletler bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklar we hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyga Teswirnama gol çekildi. Şunuň bilen bir hatarda, Aşgabatda we Brýusselde Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda parlamentara dialogyň, Bilelikdäki komitetiň mejlisleri yzygiderli geçirilýär, şeýle hem adam hukuklary boýunça dialog hereket edýär.

“Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi” formatynda giň möçberli hyzmatdaşlyk amala aşyrylýar, şol sanda dürli derejede duşuşyklar, hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meseleleri boýunça forumlar guralýar. Mälim bolşy ýaly, bu formatyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň 2023-nji ýylyň oktýabrynda Lýuksemburgda geçirilen nobatdaky duşuşygynda sebitara gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça bilelikdäki “Ýol kartasy” kabul edildi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Ýewropa Bileleşigi bilen syýasy we ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek, şol sanda 2025-nji ýylda Aşgabatda parlamentara dialogyň nobatdaky duşuşygyny, Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň 20-nji mejlisini geçirmek, halkara hyzmatdaşlyk boýunça Ýewropa komissarynyň Türkmenistana sapary bilen baglanyşykly teklipler hödürlenildi. Şeýle-de Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň hem-de Ýewropa Geňeşiniň we Ýewropa Komissiýasynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda guraljak duşuşyk bilen bagly teklip beýan edildi. Bu duşuşygy şu ýylyň aprelinde Samarkantda geçirmek meýilleşdirilýär.

Türkmenistanda zenanlaryň mümkinçiliklerini giňeltmek maksady bilen, gender syýasatyna aýratyn üns berilýär. Bu ugurda daşary ýurtlar hem-de halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlyk edilýär. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň aprel aýynyň birinji ongünlüginde Aşgabatda Merkezi Aziýanyň we Ýewropa Bileleşiginiň zenan ýolbaşçylarynyň forumyny geçirmek teklip edilýär. ÝB bilen bilelikde ikitaraplaýyn we sebit derejesinde dürli ulgamlarda birnäçe taslamalardyr maksatnamalar durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna bilim, daşky gurşawy goramak, ekologiýa, ýapyk aýlanyşykly ykdysadyýeti ösdürmek babatda we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça maglumatlardyr teklipler hödürlenildi. Şunuň bilen birlikde, Ýewropa Komissiýasynyň “Horizon Europe”, “Marie Sklodowska-Curie Actions” maksatnamalary, Ýewropa Gözleg geňeşi bilen gatnaşyklar ylym-bilim ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin uly mümkinçilikleri açýar. Şoňa görä, Türkmenistanyň Bilim ministrligine we Ylymlar akademiýasyna olardan netijeli peýdalanmak boýunça degişli işleri geçirmek teklip edilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Garaşsyz döwletimiziň öz oňyn Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna pugta eýerip, dünýä döwletleri we halkara guramalar bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýändigini, geljekde-de parahatçylyk söýüjilikli, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürip, «Açyk gapylar» syýasatynyň dowam etdiriljekdigini belledi. Türkmenistan Ýewropa Bileleşigi bilen köp ýyllaryň dowamynda netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýar. Syýasy-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky gatnaşyklarda gazanylan guwandyryjy netijeler munuň aýdyň güwäsidir. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn, hususan-da, “Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi” formatynda ösdürilýän hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça beýan edilen teklipleri goldap, wise-premýer, daşary işler ministrine bu ugurda degişli işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew milli deňiz we derýa ulaglary pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda ýerli we daşary ýurt deňiz gämileri abatlanylýar, milli flotumyz üçin täze deňiz gämileriniň gurluşygy alnyp barylýar. Gämilere hyzmat etmek işleriniň hilini has-da ýokarlandyrmak babatda degişli çäreler görülýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýük gämileriniň gurluşygynyň milli senagatyň täze ugry bolup durýandygyny we Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň işini kämilleşdirmäge ýardam berýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek boýunça taýýarlanylan teklibi goldap, agentligiň ýolbaşçysyna bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.