«Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanuny bilim babatda gatnaşyklaryň hukuk esaslaryny düzgünleşdirýär we döwlet syýasatynyň ýörelgelerini, şeýle hem bilim ulgamynyň maksatlaryny, wezipelerini, ýerine ýetirýän işlerini we onuň işini dolandyrmagyň guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär.
Bilim almak hukugy adamyň esasy we aýrylmaz konstitusion hukuklarynyň biri bolup durýar. Bilim babatda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 55-nji maddasynda «Her bir adamyň bilim almaga hukugy bardyr. Umumy orta bilim hökmanydyr, her bir adam ony döwlet bilim edaralarynda tölegsiz almaga haklydyr. Döwlet her bir adam üçin öz ukyplaryna laýyklykda hünär biliminiň elýeterliligini üpjün edýär» diýlip bellenen.
Bilim almak üçin, bilim ulgamyny we degişli durmuş-ykdysady şertleri döretmek arkaly, Türkmenistanyň raýatlarynyň bilim almaga bolan hukugy döwlet tarapyndan üpjün edilýär.
Durmuş taýdan goldawa mätäç raýatlarymyzyň bilim almaga bolan hukuklaryny amala aşyrmak maksady bilen, olaryň bilim alýan döwründe üpjünçiligi bilen bagly harajatlary döwlet öz üstüne alýar. Döwlet tarapyndan durmuş goldawy berilýän raýatlaryň toparlary, ony bermegiň tertibi we möçberi Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenilýär.
Döwletimiz saglyk ýagdaýy sebäpli mümkinçiligi çäkli, ýagny beden ýa-da ruhy taýdan ösüşinde ýetmezçiligi bolan Türkmenistanyň raýatlaryna umumy kysymdaky bilim edaralarynda bilim almak üçin şertleri döredýär. Şeýle giň mümkinçilikler döredilen döwletde okap, bilim almak her bir ýaş nesil üçin uly bagtdyr.
Aýjahan BAÝAROWA, Köneürgenç etrap prokurorynyň kömekçisi, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi.