Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň Bilelikdäki Beýannamasy

05.08.2021

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň çagyrmagy boýunça 2021-nji ýylyň 4-5-nji awgustynda Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň Türkmenistana döwlet sapary boldy.

Dostluk we özara düşünişmek ýagdaýynda geçen gepleşikleriň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti we Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleriniň ähli toplumy boýunça, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän möhüm sebit we halkara meseleleri boýunça netijeli pikir alyşdylar.

Döwletleriň Baştutanlary Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň arasynda 2017-nji ýylyň 2-nji noýabrynda gol çekilen Strategik hyzmatdaşlyk hakyndaky Şertnamanyň ähmiýetini nygtadylar we strategik häsiýete eýe bolan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belläp geçdiler.

Köpýyllyk dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny gorap saklamak üçin ýokary jogapkärçilige düşünip, Taraplar Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmäge özleriniň doly eýerýändiklerini tassykladylar.

Iki döwletiň arasyndaky uzak möhletleýin gatnaşyklary depginli ösdürmek üçin işjeň syýasy hyzmatdaşlygyň möhümdigini belläp, döwletleriň Baştutanlary ynanyşmaga esaslanýan we netijeli gatnaşyklary ýokary, belent we beýleki derejelerde mundan beýläk-de giňeltmek ugrunda çykyş etdiler.

Prezidentler ozal gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalaryň iş ýüzünde ýerine ýetirilişiniň barşyny ara alyp maslahatlaşyp, syýasy, söwda-ykdysady, ylmy-tehniki, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlarda halkara gatnaşyklarynyň ösüşiniň ýokary derejesini bellediler.

Döwletleriň Baştutanlary Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň durnukly we ynanyşmaga esaslanýan häsiýetiniň iki ýurduň halklarynyň örän möhüm we uzak möhletleýin bähbitlerine laýyk gelýändigine, sebitde parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde esasy şert bolup hyzmat edýändigine ynanýandyklaryny beýan etdiler.

Sebit meselelerine garamak bilen, döwletleriň Baştutanlary döwletleriň howpsuzlyk we durmuş-ykdysady taýdan ösüş meseleleriniň özara baglanyşyklydygyny bellediler we dawalaryň öňüni almak we olary parahatçylykly ýol bilen düzgünleşdirmek, giň möçberli sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmek ugrunda öz garaýyşlaryny beýan etdiler.

Şunuň bilen baglylykda, Taraplar Owganystanda tiz wagtda syýasy durnuklylygyň emele gelmeginiň we ýurduň durmuş-ykdysady taýdan dikeldilmeginiň sebitde howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmek üçin aýgytlaýjy ähmiýete eýedigini bellediler. Döwletleriň Baştutanlary bu ýurduň durnukly ösüşine ýardam edýän sebit we halkara üpjünçilik ulgamlarynyň taslamalaryny durmuşa geçirmegiň ähmiýetini nygtadylar.

Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Owganystanda ýagdaýy düzgünleşdirmäge gönükdirilen köptaraplaýyn meýdançalar babatda tagallalary höweslendirmek boýunça görýän çärelerine ýokary baha berdi. Şunuň bilen baglylykda, Täjigistanyň paýtagtynda 2021-nji ýylyň 29-30-njy martynda «Aziýanyň ýüregi — Stambul prosesi» atly başlangyjyň Ministrler mejlisiniň geçirilmeginiň ähmiýeti bellendi.

Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistanyň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna Owganystanyň çekilmegine ýardam edýän üstaşyr ulag, energetika üpjünçilik ulgamlarynyň taslamalaryny we beýleki taslamalary durmuşa geçirmek boýunça edýän tagallalaryna ýokary baha berdi. Şunuň bilen baglylykda, bu işleriň sebit we halkara ykdysady hyzmatdaşlygyny berkitmekde ähmiýeti bellendi.

Prezidentler sebitde dostlugyň, hoşniýetli goňşuçylygyň we özara ynanyşmagyň berkidilmegine ýardam edýän Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklaryny yzygiderli geçirmegiň möhümdigini bellediler.

Döwletleriň Baştutanlary halkara terrorçylygyna, ekstremizme, bikanun migrasiýa, neşe serişdeleriniň we psihotrop maddalaryň bikanun dolanyşygyna, transmilli guramaçylykly jenaýatçylyga we halkara howpsuzlygynyň beýleki wehimlerine we howplaryna garşy ikitaraplaýyn derejede hem, halkara düzümleriniň çäklerinde hem göreşmekde hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň zerurdygyny tassykladylar.

Prezidentler Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň arasynda özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy, özara söwdanyň möçberlerini artdyrmagyň we onuň görnüşleriniň sanawyny mundan beýläk-de giňeltmegiň ähmiýetini bellediler.

Döwletleriň Baştutanlary döwletara özara gatnaşyklarynyň netijeli usuly hökmünde Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň ornuny mundan beýläk-de berkitmegiň zerurdygyny nygtadylar we toparyň 2021-nji ýylyň 28-29-njy iýulynda Duşenbe şäherinde geçirilen onunjy mejlisiniň netijelerini belläp geçdiler.

Taraplar ulag, energetika, senagat, söwda we oba hojalygy pudaklarynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin amatly şertleriň bardygyny bellediler. Şunuň bilen baglylykda, olar işewürlik gatnaşyklaryny mundan beýläk-de höweslendirmegiň, iki ýurtda öndürilýän önümler bilen özara tanyşdyrmagyň, eksport-import mümkinçiliklerini öwrenmegiň we ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze görnüşlerini gözlemegiň zerurdygyny belläp geçdiler.

Döwletleriň Baştutanlary Taraplaryň Merkezi Aziýada suw-energetika serişdelerini toplumlaýyn we rejeli ulanmaga özara gyzyklanma bildirýändiklerini nazara alyp, Merkezi Aziýanyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşine ýardam bermek üçin sebitiň ähli ýurtlarynyň bähbitleri göz öňünde tutulanda serhetüsti suw akabalarynda bar bolan we gurulýan suw-energetika desgalarynyň möhümdigini bellediler.

Döwletleriň Baştutanlary Türkmenistanyň başlyklyk eden döwründe Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň çäklerinde gazanylan öňegidişligi we Täjigistan Respublikasynyň häzirki başlyklyk edýän döwründe Gaznanyň işini mundan beýläk-de işjeňleşdirmek boýunça, şol sanda onuň guramaçylyk düzümini we şertnama-hukuk binýadyny kämilleşdirmek, howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleri ileri tutmak we sebit hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmak boýunça edilýän tagallalary bellediler. Taraplar ýaňy-ýakynda kabul edilen Aral deňziniň sebitiniň maksatnamasynyň (ADSM-4) sebitde suw hojalyk, ekologiýa we durmuş-ykdysady ýagdaýlary gowulandyrmak boýunça milli we sebit häsiýetli taslamalary işläp taýýarlamak we durmuşa geçirmek üçin möhüm gural bolup hyzmat etjekdigini bellediler.

Prezidentler ulag-kommunikasiýa ulgamynda ýakyndan hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň ýurtlaryň we sebitleriň arasynda halkara söwdasyny ösdürmek üçin örän möhüm ähmiýete eýedigini tassykladylar.

Şunuň bilen baglylykda, ulag üpjünçilik ulgamlaryny ösdürmegiň, ulag hyzmatlarynyň hilini mundan beýläk-de gowulandyrmagyň we iki ýurduň arasynda we olaryň çäkleri boýunça üstaşyr gatnawlary amala aşyrýan ulaglaryň ähli görnüşleriniň işlemegi üçin amatly şertleri döretmegiň möhümdigini bellediler.

Türkmenistanyň we Täjigistan Respublikasynyň Prezidentleri ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlyga aýratyn üns berdiler, degişli guramalaryň hem-de medeniýet we sungat işgärleriniň, okuw mekdepleriniň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň arasynda gatnaşyklaryň möhüm ähmiýetini nygtadylar. Ylym we tehnika ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek barada ylalaşyk gazanyldy.

Döwletleriň Baştutanlary parlamentara gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmek ugrunda çykyş etdiler.

Türkmenistanyň we Täjigistan Respublikasynyň Prezidentleri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň we giňeltmegiň zerurdygyny bellediler. Şunuň bilen baglylykda, döwletleriň Baştutanlary saparyň dowamynda gol çekilen ikitaraplaýyn hökümetara we pudagara resminamalarynyň ähmiýetini bellediler. Bu resminamalar Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň arasyndaky özara gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmäge hyzmat eder.

Türkmenistanyň we Täjigistan Respublikasynyň Prezidentleri halkara syýasatynyň esasy meseleleri boýunça garaýyşlarynyň ýakyndygyny ýa-da gabat gelýändigini bellediler, dünýä giňişliginde özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegi maksat edinýändiklerini tassykladylar.

Prezidentler Türkmenistan we Täjigistan Respublikasy agzalary bolup durýan köpugurly halkara we sebit guramalarynyň çäklerinde tagallalary utgaşdyrmagyň zerurdygyny bellediler.

Döwletleriň Baştutanlary ählumumy meseleleri çözmekde, durnukly ösüşi üpjün etmekde, dünýäde howpsuzlygy we durnuklylygy berkitmekde Birleşen Milletler Guramasynyň we onuň institutlarynyň ornuny ýokarlandyrmagyň möhümdigini tassykladylar.

Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna 2028-2029-njy ýyllar üçin saýlanmaga hödürlenmegine goldawyny beýan etdi.

Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistanyň BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna 2031-2032-nji ýyllar üçin saýlanmaga hödürlenmegine goldawyny beýan etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti we Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti BMG-niň Baş Assambleýasynyň «BMG-niň «Suw durnukly ösüş üçin» atly hereketleriň halkara onýyllygynyň maksatlaryna ýetmegiň barşynyň 2018 — 2028-nji ýyllar üçin ortaça möhlet boýunça ählumumy synynyň Konferensiýasy» atly rezolýusiýasynyň kabul edilmegini goldadylar.

Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň 2025-nji ýylyň «Buzluklary gorap saklamagyň halkara ýyly» diýlip yglan edilmegi we ýörite Halkara buzluklary goramak gaznasyny döretmek baradaky başlangyjyny goldaýandygyny beýan etdi.

Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentiniň BMG-niň pes uglerodly energetikany ösdürmek boýunça çäreleri amala aşyrmaga niýetlenen Strategiýasyny işläp taýýarlamak, şeýle hem BMG-niň howandarlygynda energetikada ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde wodorody ösdürmek boýunça halkara «Ýol kartasyny» döretmek baradaky başlangyjyny goldaýandygyny beýan etdi.

Prezidentler saparyň çäklerinde geçirilen gepleşikleriň we gol çekilen resminamalaryň dürli ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge täze itergi berjekdigine, Türkmenistanyň we Täjigistan Respublikasynyň doganlyk halklarynyň bähbitlerine hyzmat etjekdigine, olaryň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagyna hemmetaraplaýyn ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.

Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa täjik wekiliýetine bildirilen myhmansöýerlik, mähirli we hoşniýetli kabul edendigi üçin hoşallyk bildirdi we Türkmenistanyň Prezidentini Täjigistan Respublikasyna özi üçin amatly wagtda sapar bilen barmaga çagyrdy. Çakylyk minnetdarlyk bilen kabul edildi. Saparyň möhletleri diplomatik ýollar arkaly ylalaşylar.