21.04.2026
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda döwlet we jemgyýetçilik durmuşyny demokratiýalaşdyrmak babatda durmuşa geçirilýän işler merdana ata-babalarymyzyň döwleti dolandyrmakda toplan köp asyrlyk tejribesini, adamyň we raýatyň Konstitusiýamyzda hem-de kanunlarda kepillendirilen hukuklarynyň, azatlyklarynyň durmuşa geçirilýändigini görkezýär.
Saýlaw kanunçylygyna esaslanylyp tassyklanan meýilnama laýyklykda, ýurdumyzda geçiriljek saýlawlaryň esasy tapgyrlarynyň biri bolan dalaşgärleri hödürlemek boýunça paýtagtymyzda we ýurdumyzyň sebitlerinde Türkmenistanyň syýasy partiýalaryndan, raýat toparlaryndan dalaşgärleri hödürlemek meselesi boýunça mejlisler, ýygnaklar geçirilýär.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2026-njy ýylyň 7-nji ýanwarynda çykaran karary esasynda, ýurdumyzda täze döredilen etraplaryň birnäçesinde ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we geňeşleriniň agzalarynyň saýlawlaryny 2026-njy ýylyň 29-njy martynda, ýekşenbe güni geçirmek bellenildi.
Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 1-nji maddasynda kesgitlenilişi ýaly, ýurdumyzda saýlawlar bäsleşik esasynda geçirilýär. Saýlaw kodeksiniň 44-nji maddasyna laýyklykda, dalaşgärleri hödürlemek hukugy saýlawlaryň bellenen gününe çenli bellige alnan syýasy partiýalara, şeýle hem raýatlaryň toparlaryna degişlidir.
Şunda, saýlawlar gününe çenli ýigrimi bäş ýaşy dolan we soňky on ýylyň dowamynda Türkmenistanda hemişelik ýaşaýan Türkmenistanyň raýaty Mejlisiň deputatlygyna dalaşgär bolup biler. Şeýle hem saýlawlar gününe çenli ýigrimi bir ýaşy dolan we degişli çäkde ýaşaýan Türkmenistanyň raýaty welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň, Geňeşiň agzalygyna dalaşgär bolup biler.
Kanunçylykda bellenilişi ýaly, dalaşgärleri hödürlemek saýlawlara altmyş gün galanda başlanyp, otuz gün galanda tamamlanýar. Dalaşgär hödürlemek boýunça geçiriljek mejlisler we ýygnaklar barada degişli saýlaw toparlaryna öňünden habar berilýär.
Saýlaw kodeksiniň 45-nji maddasyna laýyklykda, ýurdumyzyň syýasy partiýalarynyň mejlislerinde we olaryň ilkinji guramalarynyň ýygnaklarynda dalaşgärlige hödürlenilýänleriň çäklendirilmedik sany ara alnyp maslahatlaşylyp bilner.
Dalaşgär hödürlemek boýunça geçirilýän mejlise ýa-da ýygnaga gatnaşýan her bir adamyň dalaşgärlige hödürlenilýänler barada teklip girizmäge, olary ara alyp maslahatlaşmaga, goldamaga ýa-da ret etmäge, şeýle hem özüni dalaşgär hökmünde teklip etmäge hukugy bardyr.
Ýurdumyzda saýlawlaryň aç-açanlyk we aýdyňlyk ýaly milli hem halkara ýörelgeler esasynda geçirilmegi, raýatlaryň öz erk-islegini erkin beýan etmegi üçin ähli şertleriň döredilýändigi hormatly Prezidentimiziň, Milli Liderimiziň alyp barýan syýasatynyň netijesidir.
Hormatly Prezidentimiziň, Milli Liderimiziň janlary sag, ömürleri uzak, işleri hemişe rowaç bolsun!
Bäşim Ýalkabow Wekilbazar etrabynyň prokurory, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi