news-photo
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

15.05.2026

  Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa hereket edýän kanunlary döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzyň ministrliklerinden we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan gelip gowşan teklipleriň esasynda Türkmenistanyň Arbitraž iş ýörediş, Zähmet, Sanitariýa, Maşgala, Ýaşaýyş jaý kodekslerine, “Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda”, “Administratiw önümçilik hakynda”, “Kazyýet hakynda” Türkmenistanyň Kanunlaryna degişli üýtgetmeleri girizmek boýunça işler geçirilýär.

Mejlisiň deputatlary ýurdumyzyň ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, syýasy partiýalar, jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde hormatly Prezidentimiziň ynsanperwer döwlet syýasatyny, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününiň taryhy, syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetini wagyz-nesihat etmek, bu baýram mynasybetli “Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanyň hukuk ulgamyny ösdürmegiň esasy ugurlary: häzirki zaman kanunçylygynyň milli modeli” atly ylmy-amaly maslahaty geçirmäge taýýarlyk görmek, hereket edýän kanunçylyk namalarynyň many-mazmunyny halk köpçüligine düşündirmek boýunça degişli işleri alyp barýarlar.

Hormatly Prezidentimiz döwrüň talabyna laýyk gelýän täze kanun taslamalaryny işläp taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow ýurdumyzda milli standartlaşdyrmak ulgamyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hil babatda gözegçiligi amala aşyrmakda degişli çäreler görülýär. Hususan-da, “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň garamagyndaky edaralaryň barlaghanalarynda harytlaryň we önümleriň hil görkezijilerini anyklamakda döwrebap serişdeler ulanylýar. Bu babatda daşary ýurt kompaniýalary bilen netijeli hyzmatdaşlyk edilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda milli standartlaşdyrmak ulgamyny kämilleşdirmek boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň işini döwrebaplaşdyrmak maksady bilen taýýarlanylan teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Agajanow “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň maddy-tehniki üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, korporasiýanyň nebitgaz gözleg ekspedisiýalary tarapyndan ýurdumyzyň günbatar sebitinde ýerleşýän känleriň we meýdançalaryň birnäçesinde nebitiň, tebigy gazyň gözlegine gönükdirilen gözleg-barlag guýularynda buraw işleri netijeli dowam etdirilýär. Şunda kärhanalaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmaga uly ähmiýet berilýär. Bu işleri amala aşyrmakda şu ugurda işleýän daşary ýurt kompaniýalary bilen netijeli hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda nebitiň we tebigy gazyň gorlaryny ýüze çykarmak, gözleg-barlag guýularynyň buraw işlerini döwrebap ýerine ýetirmek boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň maddy-tehniki üpjünçiligini gowulandyrmak maksady bilen taýýarlanylan teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda we welaýatlarda möwsümleýin işleriň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.

Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda gowaça ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek işleri dowam edýär. Hususan-da, hatarara bejergi, otag etmek we ýekelemek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri geçirilýär. Galla oragy möwsümini guramaçylykly geçirmek, ýetişdirilen bugdaý hasylyny öz wagtynda, ýitgisiz ýygnap almak boýunça degişli çäreler görülýär. Welaýatlarda ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň hasylyny ösdürip ýetişdirmek hem-de bu önümler bilen ilaty ýeterlik möçberde üpjün etmek maksady bilen, ýazlyk ekinlere ideg etmek, ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işleri dowam edýär. Häzirki wagtda pile öndürijiler tarapyndan welaýatlarda ýüpek gurçuklaryna ideg etmek, pile hasylyny ýygnap almak işleri geçirilýär.

Şeýle hem ýurdumyzda ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini we ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, suw serişdelerini tygşytly, netijeli peýdalanmak maksady bilen, suwaryş we şor suw akabalaryny arassalamak ugrunda degişli işler alnyp barylýar.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmek boýunça işleri, welaýatlaryň gowaça ekilen meýdanlaryna agrotehniki kadalara laýyklykda ideg etmegi dowam etdirmegiň möhümdigini belledi. Hormatly Prezidentimiz wise-premýere bugdaý ekilen meýdanlara ideg etmek bilen bir hatarda, galla oragy möwsümine hem gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow Aşgabat şäheriniň 145 ýyllygy mynasybetli paýtagtymyzda geçiriljek dabaraly çärelere görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, meýilnama laýyklykda, dürli ugurlara bagyşlanan maslahatlary, döredijilik duşuşyklaryny, wagyz-nesihat çärelerini, aýdym-sazly dabaralary, sergileri, paýtagtymyzyň gözel künjeklerine gezelençleri guramak meýilleşdirilýär. Şu ýylyň 24-25-nji maýy günlerinde “Ak şäherim Aşgabat” atly XXV köpugurly halkara sergini we maslahaty geçirmek göz öňünde tutulýar. Halkara sergide ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýerli hususy kärhanalaryň, daşary ýurt kompaniýalarynyň dürli ugurlarda gazananlaryny görkezýän sergi bölümlerini guramak meýilleşdirilýär. Serginiň çäklerinde geçiriljek maslahatyň dowamynda paýtagtymyzy “akylly” şäher konsepsiýasyna laýyklykda ösdürmek, maýa goýumlary çekmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar. Baýramçylyk günlerinde “Aşgabat” aýdym-saz merkezinde medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti ýaýbaňlandyrylar.

Dabaralara görülýän taýýarlygyň çäklerinde paýtagtymyzyň şaýollaryny, köçelerini arassa saklamak we olaryň ugrundaky binalaryň abadanlaşdyrylyşy, bezelişi, yşyklandyrylyşy bilen baglanyşykly toplumlaýyn işler amala aşyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklipleri hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, 24-25-nji maýda «Ak şäherim Aşgabat» atly köpugurly halkara sergini we maslahaty guramaçylykly geçirmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz wise-premýere Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli guraljak medeni çärelere gowy taýýarlyk görmegi we olary ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew 2027-nji ýylyň 19-njy marty — 26-njy sentýabry aralygynda Ýaponiýanyň Ýokohama şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän «Green Ekspo — 2027» halkara bagbançylyk sergisine Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, «Bagt üçin geljegiň peýzažy» şygary astynda guraljak bu halkara sergä 80-e golaý ýurduň gatnaşmagyna garaşylýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklipleri hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, döwletimiz tarapyndan daşary ýurtlar bilen köpugurly gatnaşyklary ösdürmek boýunça netijeli işleriň amala aşyrylýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz 2027-nji ýylda Ýaponiýada geçiriljek halkara bagbançylyk sergisine ýurdumyzyň gatnaşmagy bilen bagly taýýarlanan teklipleri goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa neşirýat ulgamynyň işini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan gazet-žurnallaryň elektron görnüşi ilata elýeterli edilýär. Şunda bu ugurda hereket edýän kanunçylygy kämilleşdirmek zerurlygy ýüze çykýar. Şoňa görä, oňa neşirýat işi babatda döwlet syýasaty, döwlet goldawy hem-de döwlet buýurmasy bilen bagly işleri has-da kämilleşdirmek we düzgünleşdirmek boýunça degişli üýtgetmeleri girizmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda neşirýat ulgamynyň işini kämilleşdirmäge, maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge aýratyn üns berilýändigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere neşirýat ulgamynyň kanunçylyk esaslaryny pugtalandyrmak boýunça degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Mämmedow 2025-2026-njy okuw ýylynyň tamamlanmagy, “Soňky jaň” dabarasy, şeýle hem Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli guraljak çärelere görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda okuw ýylynyň tamamlanmagy, Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli 25-nji maýda Garaşsyzlyk binasyna, ýurdumyzyň welaýatlarynyň baýdak meýdançalaryna gül goýmak dabaralaryny geçirmek göz öňünde tutulýar. Soňra ýurdumyzyň ähli orta mekdeplerinde “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” atly şygar bilen “Soňky jaň” dabaralary geçiriler. Göreldeli uçurymlara, kärine ussat bilim işgärlerine hormatly Prezidentimiziň adyndan ýadygärlik sowgatlary gowşurylar. Baýramçylyk gününde uçurymlaryň Aşgabat we Arkadag şäherleriniň, welaýatlaryň gözel ýerlerine, medeni-dynç alyş merkezlerine gezelençlerini guramak meýilleşdirilýär. Baýramçylyk mynasybetli medeniýet we sungat ussatlarynyň konsertleriniň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklipler hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda baýramçylyk dabaralarynyň giňden ýaýbaňlandyrylýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere okuw ýylynyň tamamlanmagy hem-de Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli mekdepleriň uçurymlarynyň gatnaşmagynda «Soňky jaň» dabaralaryny ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Gahryman Arkadagymyzyň şu ýylyň 13-14-nji maýynda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna amala aşyran saparynyň netijeleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, saparyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri Russiýa Federasiýasynyň resmi wekilleri bilen syýasy nukdaýnazardan örän möhüm duşuşyklary we gepleşikleri geçirdi. Olaryň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary giň ugurlar boýunça mundan beýläk-de berkitmek bilen bagly wajyp meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, 13-nji maýda Gahryman Arkadagymyzyň Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda ikitaraplaýyn syýasy gün tertibinde duran meseleler, ykdysady hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň mümkinçilikleri, iki ýurduň bilim, medeniýet ulgamlaryndaky gatnaşyklary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara meselelere seredildi. Şunlukda, şu ýylyň oktýabrynda Türkmenistanda geçiriljek Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň gün tertibini ara alyp maslahatlaşmaga aýratyn üns berildi. Şeýle hem ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygy, esasan-da, ulag-logistika ýaly möhüm ugurda bilelikdäki işleri ilerletmegiň zerurdygy nygtaldy. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan iki döwletiň halklarynyň köpasyrlyk medeni gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça birnäçe anyk teklipler beýan edildi.

13-nji maýda Kazan Kremlinde Milli Liderimiziň RF-niň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen ikitaraplaýyn duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda söwda-ykdysady ugurda bar bolan giň mümkinçiliklerden netijeli peýdalanmak meselelerine uly üns berildi. Şeýle hem medeni hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat edýän türkmen we tatar halklarynyň taryhy ýakynlygy barada aýratyn bellenip geçildi.

Gahryman Arkadagymyz we Rustam Minnihanow bilim ulgamynda hyzmatdaşlygyň uly ähmiýetine ünsi çekmek bilen, häzirki wagtda Tatarystanyň bilim edaralarynda ýurdumyzyň ýaş raýatlarynyň 8 müňe golaýynyň bilim alýandygyny nygtadylar.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň ýokary derejeli resmi wekilleri bilen hem birnäçe duşuşyklary geçirdi.

14-nji maýda Gahryman Arkadagymyz “Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum — 2026” XVII halkara ykdysady forumynyň işine gatnaşyp, yslam dünýäsine degişli döwletleriň arasyndaky medeni gatnaşyklara çuňňur hem-de ylmy taýdan esaslandyrylan häsiýetnama berdi. Şeýlelikde, şol günlerde Kazanda geçirilen Yslam dünýäsiniň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ICESCO) Baş maslahatynyň 15-nji mejlisiniň ähmiýeti barada aýratyn nygtaldy. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Kazan şäherine amala aşyran saparynyň dowamynda ICESCO-nyň mejlisinde Türkmenistanyň bu gurama synçy ýurt hökmünde goşulmagy baradaky çözgüdiň kabul edilmegi uly ähmiýete eýedir. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyz Kazan halkara atçylyk sport toplumyna baryp, at çapyşyklaryny synlady. Milli Liderimiziň Kazana amala aşyran sapary ýurdumyzyň syýasy durmuşynda möhüm wakalaryň birine öwrüldi we hormatly Prezidentimiziň alyp barýan daşary syýasatynyň netijeli häsiýete eýe bolýandygyny ýene-de bir gezek aýdyň görkezdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň arasyndaky özara bähbitli gatnaşyklaryň netijeli ösdürilýändigini belledi. “Ýakynda Gahryman Arkadagymyzyň Tatarystan Respublikasynda geçirilen halkara ykdysady foruma we beýleki çärelere gatnaşmagy hem hyzmatdaşlygy berkitmekde möhüm ädim boldy” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz bu ugurda alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.

Wise-premýer, daşary işler ministri hasabatyny dowam edip, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine taýýarlyk görlüşi barada aýtdy.

Mälim bolşy ýaly, şu ýyl Türkmenistan GDA-da başlyklyk edýär. Ýurdumyzyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň çäklerinde şu ýylyň başyndan bäri dürli geňeşleriň, komissiýalaryň mejlisleri we beýleki duşuşyklar geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, 22-nji maýda GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň Aşgabat şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýär. Daşary işler ministrligi tarapyndan Arkalaşygyň Ýerine ýetiriji komiteti bilen bilelikde duşuşyga taýýarlyk görmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Taýýarlanan maksatnamanyň taslamasyna laýyklykda, 22-nji maýda hormatly Prezidentimiz bilen GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşine gatnaşjak wekiliýet ýolbaşçylarynyň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklaryň guralmagy göz öňünde tutulýar. Şeýle hem wekiliýet ýolbaşçylarynyň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklaryň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Şol gün wekiliýet ýolbaşçylarynyň degişli düzümlerde mejlisleriniň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Olaryň gün tertibiniň taslamasyna laýyklykda möhüm meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşylar. Şeýle hem mejlisler tamamlanandan soňra, resminamalara gol çekmek dabarasy geçiriler.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Bitarap ýurdumyzyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy bilen söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz wise-premýer, daşary işler ministrine Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gowy taýýarlyk görmegi we ony ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annaýew ýurdumyzda 2026-njy ýylyň galla oragyny guramaçylykly geçirmek üçin Awtomobil ulaglary ministrligi tarapyndan ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda, şertnamalaýyn esasda ýurdumyzda ýygnalan bugdaý hasylyny meýdanlardan kabul ediş nokatlaryna, ammarlara we elewatorlara wagtynda, ýitgisiz daşamak, ulag serişdeleriniň bökdençsiz we ýokary netijeli işledilmegini üpjün etmek üçin degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň awtomobil ulaglary pudagyny ösdürmek, pudagy häzirki zaman awtoulaglary bilen yzygiderli üpjün etmek boýunça netijeli işleriň durmuşa geçirilýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere galla oragyny guramaçylykly geçirmek maksady bilen, ulag serişdelerini öz wagtynda taýýarlamak, ýükleri daşamakda hyzmatlaryň möçberini artdyrmak boýunça işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, ýurdumyzda 18-nji maýda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününiň giňden bellenip geçiljekdigini, bu baýramçylygyň halkymyzyň jebisligini we agzybirligini has-da pugtalandyrýandygyny belledi. “Şoňa görä-de, Konstitusiýamyza ygrarly bolmak bilen, her bir raýatymyzyň durmuş-ykdysady bähbidini amala aşyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmek zerurdyr” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylary we mähriban halkymyzy Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni bilen tüýs ýürekden gutlady.

Mejlise gatnaşyjylar hem döwlet Baştutanymyzy we Gahryman Arkadagymyzy şanly sene mynasybetli tüýs ýürekden gutladylar.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.