16.05.2026
Alkyş — bu uly güýji özünde jemleýän sözdür. Rowaýatlarda aýdylyşyna görä, ir döwürlerde obalaryň birinde perzentsizlik derdini çekip ýören bir maşgalanyň gökde edilen dilegi ýerde gowşupdyr.
Ekiz ogullary gujagyna alan ene-atanyň şol wagtky şatlygyny beýan etmek mümkin bolmandyr. Olar ogullaryny mähir we söýgi bilen terbiýeläp ulaldypdyrlar.
Bir gün ýigit çykan goç ogullar haýyrly işiň başyny tutup, uzak ýola çykmak üçin atasyndan ak pata sorapdyrlar. Atasy ogullarynyň hersine ak pata bilen birlikde, içi pully bir düwünçek hem beripdir.
Ogullaryň ulusy düwünçekden iki teňňe alyp, galan puluny atasyna uzadyp:
— Biziň bu gidişden haçan dolanjagymyz belli däl, bular size gerek bolar — diýipdir.
Atasy oglunyň bu hereketine alkyş baryny aýdypdyr.
Ekizleriň kiçisi bolsa, enesinden uly doganynyň yzyna gaýtaran pullaryny hem sorap alypdyr.
Ýolda ekiz doganlaryň kiçisi ulusyna:
— Seniň alan bary-ýogy iki teňňäň hiç zada ýetmez — diýipdir.
Ekizleriň ulusy:
— Alkyş bilen berlen zat hümmetli bolar. Alkyşyň güýji gaty uludyr — diýipdir.
Doganlaryň hersi öňlerinden çykan iki ýoluň biri bilen gidipdir. Iki ýyldan soň dolanyp gelmegi wada edipdirler.
Ekizleriň ulusy gündogara, kiçisi bolsa günbatara gidipdir.
Ekizleriň körpesi günbatara barýan kerweniň kerwenbaşysynyň ýanyna baryp, hakyny töläp, iň gowy düýä atlanyp, ýola rowana bolupdyr.
Ekizleriň ulusy bolsa gündogara barýan kerweniň kerwenbaşysynyň ýanyna baryp:
— Eger meni alyp gitseňiz, ýolda düýeleriňizi we atlaryňyzy suwa ýakaryn, çaý-suwuňyza we başga hyzmatlaryňyza kömek ederin, işden gaçmaryn — diýipdir.
Ol aýdşy ýaly, kerwenbaşynyň buýran işinden gaçmandyr. Ýigidiň irginsiz zähmeti bilen söwdagäriň söwdasy günsaýyn rowaçlanypdyr.
Zähmetsöýerligine göwni ýeten söwdagär, ýigidiň halallygyny synamak maksady bilen oňa ammaryň açaryny berip, ony günde bir gezek arassalamagy tabşyrypdyr.
Ýigit aýdylşy ýaly, günde bir sapar içi altyn-kümüşden doly ammary arassalapdyr. Boş wagtlarynda bolsa bazara çykyp, söwda kömekleşipdir.
Wadalaşylan iki ýyl hem ýetip gelipdir. Ýigit söwdagäriň ýanyna baryp:
— Huzuryňyzda iki ýyl zähmet çekdim. Çeken zähmetim üçin hakymy berseňiz. Rugsadyňyz bilen öz ülkäme, ene-atamyň ýanyna gitjek — diýipdir we inisine beren wadasy barada gürrüň beripdir.
Söwdagär ýigidiň sözlerini dykgat bilen diňläpdir. Öz ýanyndan:
— Şunça wagtyň dowamynda ammardan bir teňňe-de gymyldamady. Tersine, bu ýigidiň halal we irginsiz zähmeti bilen meniň söwdam artyp, ammarym doly boldy. Halal ýigit eken. Men hem gyzyma mundan gowy ýigit tapmaryn — diýip oýlanypdyr.
Şondan soň ol ýigide öz gyzy bilen durmuş gurmagy teklip edipdir.
Ýigidiň we gyzynyň razylygy bilen söwdagär kyrk gije-gündizläp toý tutupdyr. Soňra bolsa on bäş sany üsti harytly düýäni tirkäp, olara kerwen düzüp beripdir.
— Bularyň bary seniň halal we irginsiz zähmetiň miwesidir — diýip, olara ak pata beripdir.
Ýigit wadalaşylan ýerde öňünden çykan inisiniň başyny sypap, näme diýjegini bilmän ýuwdunypdyr.
Körpe bolsa:
— Aga, seniň aýdýanlaryň dogry eken. Meniň ata-enemde galdyrman alyp giden pullarym sähel salymda ýele gitdi. Barmaly ýerimize ýetmänkäk, kerwenimizi garakçylar talady. Söwda nire, zat nire — gara garnym üçin işlemeli boldum. Şeýlelikde öýe zordan aşdym — diýip, utanjyndan gözlerine ýaş aýlapdyr.
Atasynyň alkyşy bilen ýola düşen agasy:
— Zyýany ýok. Hiç zady alada etme. Men bar wagtym senem, atam bilen enemem zada zar bolmaz. Halal zähmet çekip, il-günüň alkyşyny alarys welin, işlerimiz mydama rowaç bolar — diýipdir.
Jennet ARAZOWA
Arkadag şäher prokuraturasynyň kämillik ýaşyna ýetmedikler we ýaşlar hakynda kanunlaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik bölüminiň prokurory,
ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi.