20.05.2026
Gahryman Arkadagymyzyň «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly eserinde nygtaýşy ýaly, telekeçilik işi Türkmenistanyň dünýä ykdysady ulgamyna goşulyşmagyna, işiň öňdebaryjy usullaryna geçmäge ýardam edýär. Şonuň üçin döwletimiz hususy telekeçiligi işjeň goldaýar.
Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygy mynasybetli geçirilen sergä hem-de «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagynda hem nygtalyşy ýaly, täze ykdysady ugruň hereketlendiriji güýjüne öwrülen hususyýetçilerimiz möhüm ähmiýetli taslamalary durmuşa geçirip, milli ykdysadyýetimiziň ösdürilmegine, halkymyzyň maddy hal-ýagdaýynyň ýokarlandyrylmagyna saldamly goşant goşýarlar.
Ýurdumyzda hususy telekeçiligi ösdürmek, telekeçileriň işini döwlet tarapyndan goldamak babatda alnyp barylýan netijeli işler bolsa Esasy Kanunymyzyň 134-nji maddasynda: «Döwlet telekeçiligi höweslendirýär we goldaýar, kiçi we orta işewürligiň ösmegine ýardam edýär» diýlip kesgitlenen kadalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýär.
Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary esasynda 2009-njy ýylda «Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakynda», 2016-njy ýylda «Söwda işi hakynda», «Mahabat hakynda», 2019-njy ýylda «Haryt nyşanlary hakynda», 2021-nji ýylda «Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň we bu ugra degişli birnäçe hukuk namalarynyň kabul edilmegi Türkmenistanda telekeçiligi goldamagyň, ösdürmegiň hukuk binýady bolup çykyş edýär.
Bulardan başga-da, «Eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagy we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagy hakynda», «Erkin ykdysady zolaklar hakynda», «Oýlap tapyşlaryň hukuk goragy hakynda», «Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi hakynda», «Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda», «Firma atlary hakynda» hem-de «Döwlet-hususy hyzmatdaşlyk hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary telekeçilik işini goldamaga, olaryň hukuk kepilliklerini pugtalandyrmaga ýardam edýär.
Döwlet Baştutanymyzyň telekeçiler üçin ýer böleklerini bermek, karz, gümrük we söwda amallaryny ýeňilleşdirmek boýunça amala aşyrýan işleri bolsa kiçi we orta telekeçiligiň has ösmegine mümkinçilikleri açýar.
Jemläp aýdanymyzda, telekeçilik pudagyny ösdürmek hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän ykdysady strategiýanyň esasy ugurlarynyň biri bolup, bu pudakda amala aşyrylýan işler «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» kesgitlenen wezipeleriň ýerine ýetirilişiniň ýokary netijelerini aýdyňlygy bilen görkezýär.
Sähetguly NAZAROW,
Murgap etrabynyň prokurory,
1-nji derejeli ýurist.